Brend şahsyýeti ýa-da brend keşbi diýlip şereketiň özüni köpçülige tanadyş usulyna aýdylýar. Brend şahsyýeti şereketiň wizual keşbini, logosyny we korporatiw medeniýetini öz içine alýar. Şeretiň mahabatlandyrylyşy, önümlerini prezentirleýiş usuly hem brend şahsyýetiniň bölegi bolup durýar.


Marketingde brend şahsyýetiniň ähmiýeti düzet

Brend keşbi, sarp edijilere şereket barada wizual maglumat berýän birnäçe elementlerden düzülýär.. Bu elementlere şereketiň ady, logosy, şygary, binalary we onuň bezeg aýratynlyklary, iş egin-eşik stilleri,we şerekete mahsus reňkler degişlidir. Brend keşbi güýçli ýa-da ejiz bolup biler. Güýçli brend, şereketiň önümleriniň sarp edilişine oňyn täsir edýär.

 
Güýçli brend keşbine mysal: "Türkmensenagat" hususy kärhanasynyň Belli Creative Studio tarapyndan döredilen brend keşbi.


Güýçli brend şahsyýetini tapawutlandyrýan häsiýetler düzet

 
Apple şereketiniň dükanlarynyň binagärlik aýratynlyklary hem şereketiniň sadalyk ýörelgesini ýaňzydýar.

Güýçli brend keşbi brendi emele getirýän elementleriň ählisini öz içine alýar. Şereketiň ähli işi we önümleri şygaryna, logosyna, menejment pelsepesine gabat gelmeli. Mysal üçin ABŞ-nyň Apple şereketiniň dünýädäki ähli dükanlary, önümleriniň gaplanyşy, olaryň dizaýny, hat-da operatiw sistemasy hem onuň logosy we şygary bilen baglanşykly. Ähli işlerinde minimalizmi we sadalygy görüp bolýar. Bularyň ählisi Apple şereketiniň "Biz sada, ynamdar we tejribeli" diýlen şygaryna dogry gelýär.[1]

  1. https://en.wikipedia.org/wiki/Corporate_identity#cite_note-8