Britan imperiýasy (iňl. British Empire) ähli kontinentlerdäki koloniýalary bilen tutuş adamzat taryhynda höküm süren iň uly döwlet. Imperiýanyň çäkleri iň ýokary derejesine 20-nji asyryň 30-njy ýyllarynda baryp ýetipdir. Şonda imperiýanyň territoriýasy gury ýeriň dörtden bir bölegine barabar bolan 37 mln kw km bolupdyr. Onuň umumy ilat sany 500 million adamdan hem geçipdir.

Şa zenan Ýelizaweta I