ABU MAGŞAR HORASANY ( Abu Magşar Japar ibn Muhammet ibn Omar Horasany al-Balhy, 886 ýylda aradan çykan) - horasanly meşhur alym, astronomiýa, matematika degişli ençeme eserleriň awtory. Orta asyrlarda Ýewropada Albumaser ady bilen tanalan bu alym ilki hadys hem dini ylymlary öwrenipdir. Ol ýaşy bir çene ýetensoň, haja gidip, Bagdadyň golaýyndaky Aly ibn Ýahýa ibn al-Münejjim kitaphanasynda bolýar. "Akyl hazynasy" adyny alan bu kitaphananyň fondy biçak baý bolupdyr. Şondan soň alym bütinleý ylym bilen meşgullanypdyr. Ol, esasan, ýyldyzlar hakdaky ylym bilen gyzyklanypdyr. Dehhudanyň ýazmagyna görä, ýüzden-de köp ýaşap, 30-dan gowrak eser döredipdir.