Ferit Orhan Pamuk, 1952-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkiýäniň Stambul şäherinde dünýä inýär. Orhan Pamuk – häzirkizaman türk ýazyjysy hem-de birnäçe milli we halkara baýraklarynyň eýesi, şol sanda edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesidir (2006 ý.). Ýazyjy Türkiýede hem-de beýleki döwletlerde meşhurlyga eýe, onuň eserleri elliden köp dünýä dillerine terjime edilen. Ömür ýoly. Pamuk 1952-nji ýylyň 7-nji iýunynda barly türk maşgalasynda dünýä inýär, onuň kakasy inžener bolýar. Ol Stambul şäherinde ýerleşýän Robert Colleg[en] atly amerikan kollejinde okaýar. Kolleji gutarandan soň maşgalasynyň basyşy astynda Stambulyň tehniki uniwersitetine (ata-enesi onuň gurluşyk inženeri bolmagyny isleýärler) okuwa girýär, ýöne üç ýyldan soň proffessional ýazyjy bolmak üçin şol uniwersitedi taşlaýar. 1977-nji ýylda Pamuk Stambul uniwersitetiniň žurnalistika institutyny gutarýar. 1985-1988-nji ýyllar aralygynda ABŞ-da ýaşaýar we Kolumbiýa uniwersitetinde (Nýu-Ýork) işleýär, soňra Türkiýä gaýdyp gelýär. 1982-nji ýyldan 2001-nji ýyllar aralygynda maşgalaly, gyzy bar. 2007-nji ýyla çenli Stambulda ýaşaýar, soňra ýene-de Nýu-Ýorka gidýär. 2006-njy ýylyň 12-nji oktýabrynda Orhan Pamuga edebiýat boýunça: «eziz şäheriň tukat göwnüniň gözleginde täze nyşanlary we medeniýetleriň baglanyşygyny tapan» awtora – açyk kesgitlemesi bilen Nobel baýragy berilýär. Pamuk häzirki döwürde meşhur hindi ýazyjy zenany Kiran Desai bilen bilelikde Goada ýaşaýar.

Döredijiligi. Ilkinji uly göwrümli eseri – özünde stambul maşgalasynyň birnäçe nesli hakyndaky gürrüňi jemleýän «Jewdet beg we onuň ogullary» atly maşgala roman-rowaýaty. Ýazyjynyň döredijiliginiň esasy temasy – gündogar bilen günbataryň, yslam bilen hristiançylygyň, däp-dessurlar bilen häzirki döwrüň gapma-garşylygy. Meselem, häzirkizaman Türkiýedäki günbatarçylyk bilen yslamçylygyň arasyndaky konflikt ýazyjynyň 2002-nji ýylda çykan «Gar» atly kitabynyň esasy temasydyr. Pamugyň kitaplaryndaky hereketleriň hemmesi diýen ýaly Stambulda bolup geçýär. 2003-nji ýylda çapdan çykan «Stambul: Hatyralarlar we Şäher» atly kitaby biri-biri bilen baglanyşykly oçerkleriň döwrüni şöhlelendirýär we Stambul hakyndaky gürrüňleri terjimehaly heňler bilen jebisleşdirýär. Awtoryň soňky kitaplarynyň biri, «Bigünälik muzeýi», geçmiş hakykatynyň şöhlelenmesine bagyşlanýar. Pamugyň sözlerine görä, ol, edil kitapda ýazylyşy ýaly, köne zatlaryň muzeýi üçin kolleksiýa toplaýar. «Bigünälik muzeýi» 2012-nji ýylyň 28-nji aprelinde öz işiklerini açdy. Kazan şäherindäki Kemal teatrynda Pamugyň romanynyň esasynda «Meniň adym Gyrmyzy» sahna oýny goýuldy.

Eserleri: «Jewdet beg we onuň ogullary» / türk. Cevdet Bey ve Oğulları (1979) «Sessiz öý» / türk. Sessiz Ev (1983) «Ak gala» / türk. Beyaz Kale (1985) «Gara kitap» / türk. Kara Kitap (1990) «Gizlin ýüz» / türk. Gizli Yüz (1992) «Täze durmuş» / türk. Yeni Hayat (1994) «Meniň adym Gyrmyzy» / türk. Benim adım Kırmızı (1998) «Başga reňkler» / türk. Öteki Renkler (1999) «Gar» / türk. Kar (2002) «Stambul: Hatyralar we Şäher» / türk. İstanbul: Hatıralar ve Şehir (2003) «Bigünälik muzeýi» / türk. Masumiyet Müzesi (2008) «Landşaft parçalary: Durmuş, Köçeler, Edebiýat» / türk. Manzaradan Parçalar: Hayat, Sokaklar, Edebiyat (2010) «Tämiz we sada romançy» / türk. Saf ve Düşünceli Romancı (2011).