Hökümdarlyk etdi: B.e.öň 2589 –B.e.öň 2566[1][2] (Maneto görä 63 ýyl), (Taryhçylaryň pikiriçe 23 ýa-da 46 ýyl).

Ýerine gelen Sneferu

Ýerine gelen Djedefre

Ölüm: B.e.öň 2566

Heleýi: Maritit, Henutsen we ýene ady näbelli iki aýaly bolupdyr.

Çagalary: Kawab, Djedefhor, Hetepheres II, Maritites II, Meresankh II, Baufra, Dhedefra, Minkhaf I, Khafre, Khufukhaf I, Babaef I, Horbaef, Nefertiabet, Khamerernebty I (çaklama), Nefermaat II (çaklama).

IV Hanedanlygynyň 2-nji Müsür faraony Khufu ýa-da meşhur ady Heopsyň näçinji ýylda dogulandygy belli däldir. Ol 23 ýa-da 46 ýyl höküm süren gadymy Müsür hökümdary bolupdyr.

Umumy düzet

Häzirki güne çenli galan heýkeliniň daşynda teswir edilen hiç bir eseri ýokdur. Sebäbi tapyndylar çykarylanda ýazgylaryň pozulandygyna şaýat bolundy. Munuň bilen birlikde tapyndylaryň ýanyndaky birnäçe zatlar ogurlanypdyr ýa-da zaýalyk çekipdir. Hökümdarlyk ýyllarynda özüne iň uly piramida saldyrmak isläpdir. Munuň üçin Müsüriň her ýerindäki bütin adamlaryň bergilerini berdirip işçi edip işe alypdyr. Öz piramidasynyň gurluşy 20 ýyla çekipdir. Aşaky we Ýokary Müsüri birleşdiren ilkinji hanedanlygyň hökümdary bolan Sneferunyň ýolundan ýöräpdir we kakasynyň, ýurdy giňeltmek syýasaty politikasyny yzarlapdyr. Sina we Nubiýada esgerleri bolupdyrmy bolmandyrmy? Hiç hili maglumat tapylmandyr. Kakasy zalym hem-de rehimsiz adam eken. Khufu piramida doly gurlup bolýança ýaşapdyr. Ejesi ölende ony mumiýalaşdyryp goýanlarynda onuň ejesiniň mumiýasyny ogurlaýarlar. Ejesiniň jesedini ogurladan ogly gorkup şol salynan piramida-da bukulandyr öýdüpdir. B.e.öň 2566-njy ýylda öleninden soň granitden ýasalan öýünde bir topar ogrylar gelip bu otagy açyp mumiýasyny hem-de beýleki zatlaryny ogurlap gidipdirler. Häzirki güne çenli galan ýeketäk heýkeli Abidda 1903-nji ýylda tapyldy.

Çeşme düzet

[1] Clayton, Peter A. Chronicle of the Pharaohs. p42. Thames and Hudson, London, 2006. ISBN 978-0-500-28628-9

[2] Malek, Jaromir, "The Old Kingdom" in The Oxford History of Ancient Egypt,ed. Ian Shaw, Oxford University Press 2000, ISBN 978-0-19-280458-7 p. 88