Jin Bodin (1530 - 1596) iňlisçe: Jean Bodin, Fransuz hukukçy, taryhçy we syýasy filozof.

Jin Bodin
Ýurt Fransiýa

Eserleri düzet

Bodin öz kitaplaryny adatça Fransuz dilinde ýazandygy we eserleri soňra Latin diline terjime edilendigi beýan edilýär.[1] Bodin taryh, ykdysadyýet, syýasat, jadygöýlük we tebigy filosofiýa barada kitaplar ýazdy.[2]

Methodus ad facilem historiarum cognitionem düzet

"Taryh öwrenmegiň aňsat usuly." Bodin Fransiýada bu kitaby üçin taryhçy hökmünde ykrar edilýär. Bodin bu kitabyny 1566-njy ýylda ýazýar.[3]

Economic thought: the Reply to Malestroit düzet

The Theatrum düzet

Les Six livres de la République düzet

De la démonomanie des sorciers düzet

Syýasy garaýyşlary düzet

Häkimiýet, döwlet we hökmürowanlyk baradaky garaýyşlary düzet

Jin Bodin ""Döwletiň alty kitaby" (fransuzça: Les Six livres de la République)" atly kitabynda döwlet adalgasynyň kesgitlemesini bermek bilen başlaýar.[4] Ol bu kitabynda döwleti "Döwlet, birnäçe maşgalanyň we olaryň ortak mülkiýetiniň hökmürowan güýji tarapyndan dolandyrylmasydyr" diýip kesgitleýär.

"Döwletiň alty kitaby" (fransuzça: Les Six livres de la République) atly kitaby Saint Barthelemy gyrgynçylygyndan soňra Protestant ýazyjylar tarapyndan ýaýradylan eserlere jogap sypatyndadyr.[4]

Bodine görä döwlet hukuka uýgun kanuny bir guramadyr, döwlet ýagşylyk, şatlyk, tertip ýaly meseleleri öz içine almak bilen olardan has ötede bir maksada ýetmek üçindir. Asyl elementi maşgala bolan döwleti döwlet edýän jemgyýetiň agzybirligini we bütewiligini emele getirýän hökmürowan güýçdir.[4]

Bodine görä hökmürowanlyk dowamly - hemişelik güýçdür sebäbi hökümetler üýtgese hem jemgyýet şo durşuna galýar. Bodine görä hökmürowanlygyň özi kanunlara bagly däldir, hökmürowanlyk ne-hä özünden öňki kanunlara baglydyr ne-de öz döreden kanunlaryna baglydyr. Bodin aýtmagyna görä hökmürowan adam öz elini baglap bilmez.

Bodine görä hökmürowanlyk hemme zatdan öňürti umumy we hemmeler üçin kanun çykaryp bilmek we kanunlary üýtgedip bilmek häkimiýetidir. Hökmürowan güýç kanun çykarýarka ýa-da kanun özgerdýärkä ýa-da kanuny ýatyrýarka ne özünden ýokary, ne özüne deň ne-de başga islendik bir güýjüň oňlamagyna mätäçdir.[5]

Bodine görä däp dessurlar hökmürowan güýji kanun çykarýarka çäklendirip bilmez, hökmürowan güýç söweş çykarar - asudalygy berkarar eder, kazyýetde soňky we jemleýji hökmi berer, ýokary derejeli ygtyýarlylary wezipä bellär, pul çykarar, salgyt goýar we etmişlileriň günäsini geçer.[5]

Döwlet dolandyryş usuly baradaky garaýyşlary düzet

Bodin döwlet dolandyryşynda monarhiýa tarapdarydyr we oňa görä monarhiýa tebigy tertibe iň jaýdar dolandyryş usulydy. Bodin monarhiýa tarapdarlygyny şeýle düşündirýär: "Döwletiň modeli bolan maşgalalarda ýeke-täk ýolbaşçy bardyr, asmanda ýeke-täk gün bardyr, älemde ýeke Taňry bardyr."[6]

Absolýut emma garawsyz däl monarhiýa tarapdary bolan Bodin hökmürowan şa bilen halk arasynda danyşment organ hökmünde senato, parlament we Etats-Generaux atly guramalary görkezýär emma bu guramalaryň karar organy däldigini, bolup hem biljek däldigini aýdýar, sebäbi, oňa görä, hökmürowanlyk bölünmez, hiç bir zada tabyn däldir we bir adamyň eýeçiligindedir. [6]

Salgylanmalar düzet

  1. Trevor-Roper, s. 114.
  2. https://dash.harvard.edu/bitstream/handle/1/3403055/blair_natural.pdf?sequence=2
  3. Turchetti, Mario (2006-12-12). "Jean Bodin". In Zalta, Edward N. Stanford Encyclopedia of Philosophy.
  4. 4.0 4.1 4.2 Göze, Aýferi. Siyasal düşünceler ve yönetimler, 15.baskı. Beta Basım A.ş. İstanbul/ 139-njy sahypa
  5. 5.0 5.1 Göze, Aýferi. Siyasal düşünceler ve yönetimler, 15.baskı. Beta Basım A.ş. İstanbul/ 140-njy sahypa
  6. 6.0 6.1 Göze, Aýferi. Siyasal düşünceler ve yönetimler, 15.baskı. Beta Basım A.ş. İstanbul/ 141-nji sahypa