Muizeddin Mälikşa II (d. 1099/1100一1105) Beýik Seljuk soltany. Berkýarygyň ogly. Berkýaryk 1105-nji ýylda ölende heniz çaga wagty bir ýyla golaý hökümdarlyk edipdir. Ony Soltanlyk tagtyndan indiren Muhammet Tapar dy.

Ömri düzet

Taryhçy Ebu Fedanyň ýazamagyna görä kesellän soltan Berkýaryk ölmezden öň bir aý öň ogluny öz mirasdüşeri edip belläpdir we onuň egindeşleri muny kabul edipdirler[1]. Soltan Berkýaryk 1105-nji ýylda öleninde ogly Muizeddin Mälikşa heniz dört ýarym ýaşyndaka Seljukly tagtyna geçdi. Kagyz üstünde bütin Seljukly hanedanlygynyň baştutanydy. Emma bütin dolandyryjylyk alamatlary Muhammet Taparyň elindedi. Jigsi Muizeddin Mälikşany bir ýyl höküm sürdürmezden tagtdan indirdi we özi Soltan boldy. Möhüm wakalaryň ýazyjysy taryhçy Hamdulla Müstewfi Kazwini «Taryhy Guzide» atly eserinde Muhammet Taparyň tagtdan indiren jigsini zyndana atdyrandygyny ýazypdyr[1][2]. Muhammet Tapar häkimýeti eýeläp höküm sürse-de ol halk gözünden düşen adamdy. Emma tutuş hökümdarlygyň çäklerinde Horasandaky Seljuk türkmenleriň hökümdary Soltan Sanjaryň at owazasy bütin ýurda äşgär bolupdy. Bir ýyla golaý höküm süren soltan Mälikşa II hakynda başga maglumat ýokdur. Belki täze çeşmeler we maglumatlar arkaly geljekde öwrenip bileris.

Çeşme düzet

1. ^ a b Cawley, Charles (2008-07) West Asia & North Africa, Chapter 5. Iran and Iraq. Seljukid Sultanat,Foundation for Medieval Genealogy TURKS.htm#_Toc179089990 (iňlisçe)

2. ^ Hamdulla Müstewfi Kazwini, (1362) (Abdul-Hüseýin Nevâ'î) Târîh-i Güzîde,Tähran 1362 (parsça)