Mitridat I一Parfiýa hökümdarlarynyň biridir. Ol miladydan öňki 170/195-nji ýylda dogulýar. Ol Selewkiler döwletiniň gowşandygyndan peýdalanyp onuň esasy Satraplygy bolan Midiýa, Mesepotomiýanyň köp bölegini (m. ö. 140 ý.), Elam, Pars we Baktriýany basyp alýar. Ermenistan hem Parfiýanyň syýasy täsiri astynda bolupdyr. Mitridat I yň döwründe Parfiýa döwleti ösüpdir. Parfiýanyň taryhy welaýatlarynyň biri hem Margiýanadyr. Selewkiler bilen bolan söweşde (m. ö. 141) Mitridat I, Dmitriý II patyşany ýesir alýar we soňra ynamyna gireninden soňra gyzy Rodogunany oňa nikalap berýär. Mitridat I miladydan öňki 138/ 37-nji ýylda dünýeden ötýär.