Palaw, Tüwiden taýynlanýan naharlaryň arasynda palaw iň saýlanýanydyr.[Çeşme zerur] Ol, umuman, Gündogar halklaryň arasynda giň ýaýran nahar bolansoň, ony taýarlamagyň usullary-da dürli-dürli. Türkmen halkynyň arasynda hatda her taýpanyň, her tiräniň öz bişiriş usuly bar diysek-de ýalňyş bolmaz. Meselem, Türkmenistanyň deňiz ýaka raýonlarynda ete derek balyk atybam, balykly palaw bişirilýandigini belläp gecmeli.[Çeşme zerur] Şoňa görä palaw taýarlamagyň usulynda umymylyklar-da, ayratynlyklar-da bar, ýöne köplenç bişiriliş usullary bir meňzeş. Esasy aýratynlyk onuň içine atylýan zatlarda we näçe atylýanlygynda.[Çeşme zerur]


Görnüşleri düzet

Toý Palawy düzet

Toý palawy beýlekilerden känbir parhlanmaýar ol köp mukdarda bişirilýär. Şonuň üçin aşagy köýmez ýaly, atyljak başga bir gazanda gowrulýar. Taýýar bolup palaw tabaklara salnanda, eti dogralyp, üstüne goýulýar.

Gök Tuwili Palaw düzet

Şalynyň birinji hasyly, ýagny gök tüwi elde dowülmegi bilen taýýarlanylýan palaw görnüşidir.

Mäşli Palaw düzet

Arassalanan we suwda ýumşadylan mäş bilen taýýarlanylýan palaw görnüşi. Arassalanan tüwi bilen mäş garyşdyrylyp bişirilýär.

Wermişelden Palaw düzet

Tüwi ýerine wermişel ulanylýan palaw.

Beýili Palaw düzet

Beýi gatylan palaw görnüşi.

Şalgamly Palaw düzet

Şalgam gatylan palaw görnüşi.

Towuk Etli Palaw düzet

Towuk eti ulanylmagy bilen bişirilýän palaw görnüşi.

Saryýagly Palaw düzet

Saryýag ulanylmagy bilen taýýarlanylýan palaw görnüşi.

Künji Ýagly Palaw düzet

Künji ýagy ulanylmagy bilen taýýarlanylýan palaw görnüşi.

Guýruk Ýagly Palaw düzet

Guýruk ýagy ulanylmagy bilen taýýarlanylýan palaw görnüşi.

Ýilikli Palaw düzet

Sygyr ýilik ýagy ulanylmagy bilen taýýarlanylýan palaw görnüşi.