Ser Aleksandr Çempen Fergýuson

Ser Aleksandr Çempen Fergýuson (iňlis. Sir Alexander Chapman Ferguson) 1941-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Glazgo şäherinde Şotlandiýada eneden bolýar) Aleks Fergýuson, Ser Aleks, SAF ýa-da Fergi atlary bilen belli – şotland futbolisty we futbol tälimçisi. 1986-njy ýyldan bäri “Mançestr Ýunaýted” toparynyň tälimçisi. Beýik Britaniýada iň bir titully tälimçisi diýilip hasaplanylýar. “The Times” gazedynyň çaklamasyna görä uruş döwürinden soň iň gowy tälimçileriň arasynda 4-nji ýeri eýeleýär. Ser Aleks ŞotlandiýanyňIstSterlingşir” we “Sent-Mirren” toparlarynyň baş tälimçisidi, soň “Aberdin” toparyny türgenleşdirdi we uly sylaglara mynasyp boldy. Jok Steýniň (tälimçi) ölüminden soň Fergýuson az wagtlaýyn Şotlandiýanyň milli futbol toparyny hem türgenleşdirdi, şondan soň 1986-njy ýylyň noýabrynda ol Mançestr Ýunaýted toparynyň baş tälimçi wezipesine bellenilýär. Fergýuson 26 ýyl bäri “Mançestr Ýunaýted” toparyna ýolbaşçylyk edýär, şol wagtyň dowamynda ol rekordlaça titullary eýeledi. 2010-njy ýylyň 19-njy dekabrynda Ser Aleks, Mett Basbiniň baş tälimçi wezipesinde iň uzak dowamlylykda duran wagtynyň rekordyny täzeledi. 1999-njy ýylda Şa aýaly Ýelizaweta II, Fergýusona “rysar” adyny bagyş etdi. Şu gün 2013-nji ýylyň 8-nji maýynda,Ser Aleksandr Çempen Fergýuson 2012/2013 möwsüminiň soňunda “Mançestr Ýunaýted” toparynyň baş tälimçi wezipesinden gidýänligini yglan etdi.