Türkmenistanyň Gahrymany

Türkmenistanyň Gahrymany diýen at Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesidir we ol döwletiň hem-de jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary üçin diňe Türkmenistanyň raýatlaryna dakylýar. [2] Türkmenistanyň Gahrymanyna aýratyn tapawutlandyryş nyşany – Altyn Aý medaly we şahadatnama gowşurylýar.[3]

Türkmenistanyň Gahrymany Baýragy
Tarapyndan_berildi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan  Turkmenistan
Döwlet Türkmenistan
Görnüş Döşüň çep tarapyndan dakynylýar
Elýeterlilik Türkmenistanyň we daşary ýurdyň ilaty [1]
Sebäp Döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitirilen hyzmatlar üçin
status Dowam edýär(Aktiw)
Baglanyşyk Altyn Aý

Türkmenistanyň Gahrymany diýen at Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny, konstitusion gurluşyny we döwletiň garaşsyzlygyny, hemişelik bitaraplygyny pugtalandyrmak işine goşan ägirt uly şahsy goşandy üçin aýratyn halatlarda gaýtadan dakylyp bilner.

Türkmenistanyň Gahrymanynyň aýratyn tapawutlandyryş nyşany – «Altyn Aý» medaly ordenleriň, medallaryň we hormatly atlaryň döşe dakylýan nyşanlarynyň ýokarsyndan döşüň çep tarapyndan dakynylýar.[4]

«Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak, Türkmenistanyň ordeni, medaly bilen sylaglamak, Türkmenistanyň hormatly adyny dakmak Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlarynyň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň merkezi edaralarynyň teklipnamalary boýunça amala aşyrylýar.[5]

Türkmenistanyň Gahrymanlary düzet

Şuňa meňzeş beýleki medallar düzet

Mälikguly Berdimuhamedow medaly
Edermenlik medaly
Gaýrat medaly
Magtymguly Pyragy(medal) medaly
Watana bolan söýgüsi üçin medaly
Harby gullugyň weteranymedaly
Içeri işler edaralarynyň weterany medaly
Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin medaly
Birkemsiz gullugy üçin medaly

Çeşmeler düzet

  1. 5-nji madda. Döwlet sylaglary bilen sylaglamak
  2. TÜRKMENISTANYŇ IŇ ÝOKARY TAPAWUTLANDYRYŞ DEREJESI –«TÜRKMENISTANYŇ GAHRYMANY» DIÝEN ADY[permanent dead link]
  3. 7-nji madda.Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesini dakynmagyň tertibi[permanent dead link]
  4. Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesini dakynmagyň tertibi[permanent dead link]
  5. DÖWLET SYLAGLARY BILEN SYLAGLAMAGA HÖDÜRLEMEGIŇ WE OLARY GOWŞURMAGYŇ TERTIBI[permanent dead link]
  6. Герой Туркменистана