Türkmen taryhy biziñ eýýamymyzdan öñki 2000 ýyllarda başlaýar. Türkmenistan taryhda uly yz galdyran döwletleriñ biridir

Türkmenistanyň taryhy
Sahypalar

Oguz han
Gorkut Ata
Görogly
Magtymguly
Turkmenbaşy

Gadymy taryh düzet

Biziñ eýýamymyzdan 2000 ýyldan mundan ozal Türkmen ýerlerinde ilkinji Türkmen etnikasy ýagny Änew medeniýeti döreýär. Änewde gazuw agtaryş işlerinde ilkinji Ak bugdaý tapylandyr.

Biziñ eýýamymyzdan öñki 2000-1500 ýyllarda bolsa Margiana şu wagty Mary welaýatyda döreýär.

Altyndepede geçirilen gazuw agtaryş işlerinde altyn çaýylan goýun we möjek kellesi tapyldy

Orta Asyr düzet

Beýik Seljuk Türkmen döwleti düzet

 
Seljuk Türkmenleriñ baýdagy

750-nji ýylda Seljuk beg ýolbaşçylygynda Beýik seljukly türkmen döwleti döreýär.

1040-nji ýylyñ 23-nji maýynda Seljukly Türkmen döwleti we Gaznalylaryñ arasynda söweş bolýa, bu söweşe Dandanakan söweşi diýip atlandyrylýar. 20,000 seljuk esgeri, 50.000 adamlyk Gaznawy goşuny Merw bilen Sarahsyň aralygyndaky Dandanakanda urşdy. Bu urşda Seljukly ýeñiş gazandy.

Seljukly türkmenleri 1038-nji ýyldan 1055-nji ýyla çenli Horasany, Günbatar Eýrany we Yragy basyp aldy.

Abbasid imperiýasy Seljuk Türkmenleri tarapyndan basylyp alynan soñ Abbasy halyfy Al Kaim Togrul begi soltan we "Gündogaryň we Günbataryň şasy" diýip ykrar etmäge mejbur boldy.

1071-nji ýylda Seljukly Türkmenleri bilen Wizantiýalaryñ arasynda söweş bolýar , bu söweşe Malazgirt söweşi diýip atlandyrylýar. Alp Arslanyñ kömegi bilen Türkmenler malazgirt şäherini basyp aldylar.

Şondan soň Seljuklar Kiçi Aziýanyň hemmesini diýen ýaly Ermenistany, Gruziýany soňra bolsa Siriýany we Palestini basyp aldy. Şirwana we Mawernahra çozuşlaryndan soñ olaryñ hökümdarlary Seljuk soltanlarynyň wassaly boldular.

Haçly çozuşlary düzet

1-nji çozuş (1096-1099)

Seljukly türkmenleri Palestinany basyp alandan soñ, Irusalemdäki Hristiýançylyk güýçleri artdy. Haçparazlar Musulman döwletleriniñ ösmegine garşy çozuşlar geçiripdiler. Ilkinji çozuş 1096-njy ýylda başlandy. Uly we gowy ýaraglanan esgerleriñ başynda Raymond VI bolup , ýewropanyñ ýarsy diýen ýaly ýurtlaryndan esger aldylar. Konstantinopolyň dürli ýollaryna ýygnanan haçly esgerleriñ sany on müňlerçe boldy. Birinji çozuşda seljuklylar ýeñilip siriýany, palestiny ýitiripdir. 1099-njy ýylda täze döwletler döräpdir. Olar Edessa okrugy, Antakiýanyň şazadasy, Irusalem patyşalygy, Tripoli

2-nji çozuş (1147—1149)

Birinji haçly ýörişden soň Seljukly türkmenleri ýeñilsede bir wagtdan soñ güýçlenmegi başlandy. Mosulyň emiri, Seljuklynyñ serkerdesi Imad ad-Din Zangi 1144-nji ýylda Edessany yzyna alyp, tutuş Edessa okrugyny basyp aldy. Ikinji haçly ýöriş, hristianlaryň edessany yzyna almak üçin geçirildi. Germaniýanyň koroly Konrad III Wengriýanyň üsti bilen Konstantinopola geldi we 1147-nji ýylyň sentýabr aýynyň ortalarynda Aziýa goşun iberdi, ýöne goşuny Seljukly türkmenler bilen çaknyşykdan soñ ýeñilip, yzyna gaýdyp geldi. Konradyň şowsuzlygyndan gorkup, fransuzlar Kiçi Aziýanyň günbatar kenaryna gitdiler Soňra patyşa we asylly haçparazlar gämilere çykyp deñizde 1148-nji ýylyň martynda Siriýa gitdiler. Haçparazlaryň galanlary wizantiýanyñ üsti bilen gidip hemmesi diýen ýaly aradan çykdylar. Haçparazlaryñ Seljuklylary ýykmak üçin iberen goşuny ýene ýeñilip yzyna gaýtdylar. Seljukly türkmenleri Siriýany yzyna aldylar.