Tekstil pudagynda dokma, örme we ş.m. önümçilik prosesi bilen öndürilen matalara tekstil diýilýär.

Tekstil

Taryhy düzet

Tekstil önümçiligi iň gadymy sungatlaryň biri bolup, senagat rewolyusiýasy bilen önümçilik tizliginiň artdyrylmagy we prosesleriniň kämilleşdirilmegi, ilkinji tekstil önümleri bilen häzirkizaman önümleriniň arasynda diňe hil we mukdar taýdan ösüş bilen netijenlendi. Önümlerde we önümçilik logikasynda bolsa kän bir üýtgeşiklik bolmady.
Paleolit döwrüne degişli diýlip çaklanylýan ilkinji tekstil önümleri Ýakyn Gündogarda tapylypdyr.

Çig Mallar düzet

Tekstil pudagynda ulanylýan çig mallar ösümlik, haýwan, mineral we sintetik süýmlerdir.

Haýwan Süýmleri düzet

Haýwan süýmleri üçin eldeki we ýabany haýwanlaryň tüýlerinden ýa-da gyllaryndan peýdalanylýar.

Tüý süýmler düzet

Iň esasy tüý süými goýun ýüňüdir.

Gyl süýmler düzet

Geçi, at, towşan ýaly haýwanlaryň gyllary.

Ýüpek düzet

Ýüpek ýüpek gurçugyndan alynýar we ýeke-täk yzygider tebigy süýmdür.

Ösümlik Süýmleri düzet

Pagta, keten, bambuk süýmleri geýim öndürmek maksady bilen ulanylýar.

Mineral Süýmler düzet

Aswest we bazalt süýmleri esasan hem gurluşyk pudagynda tehniki tekstiller hökmünde giňden peýdalanylýar.

Emeli we Sintetik Süýmler düzet

Tebigy Polimerler düzet

Sintetik Polimerler düzet

Polikarbamid Poliolefin Poliviniller Poliuretan Poliamid Poliester Sintetiki Poliizopiren