Wilgelm Steýnis (doglan senesi: 14.05.1836ý, - Aýrylan senesi: 12.08.1900ý,) dünýäniň ilkinji resmi küşt çempiony.

Awstriýa-Wengriýa imperiýasynyň raýaty hökmünde Pragada doguldy. 1888-nji ýylda ABŞ-nyň raýatlygyna geçýär we öz adyny William diýip üýtgedýär. Steýnis küşte ylmy tarapdan garap, oňa bornäçe strategik düzgünler goşan ilkinji adamdyr. Şol sebäpden Steýnis häzirkizaman küşdüň atasy hasaplanýar.

1886-njy ýylda ilkinji resmi küşt çempiony boldy. Ol döwürlerde çempion bolan kişi garşydaşyny saýlap bilýärdi. 1894-nji ýyla çenli öz adyny gorap, ahyry, "tagtyny" Emanuil Laskere berýär.

Steýnis Filidoryň pyýada gurluşy teoriýasyna garşy çykar eken. Ýapyk oýunlarda kiçijek üstünlikler üýşürilip bilinse, utuşa eltýändigini aýdypdyr. Steýnisiň strategiýasy öňki küşt stilleriniň hemmesinden üstün çykmagy başarandyr. Ine-de Wilgelm Steýnisiň käbir strategiýalary:

1.Debýutlar (oýun başlary) diňe mallaryňyzyň ýagdaýyny gowlamak üçindir.

2. Tiz ýagdaýyňyzy gowlaň (mal çykyň, şany goragly ýere alyň). Garşydaşyňyza çozuşlar edip ýagdaýyny gowlatmazlyga çalşyň.

3.Garşydaşyňyzyň pes ýerini tapyp şol ýere hüjüm ediň. Garşydaşyňyz goranmaga güýmenip ýagdaýyny gowlap bilmesin.

4.Pyýadalary itmezden öň gowy oýlanyň, unutmaň, pyýadalar öňe göçüp bilýär, emma, yza göçüp bilmeýärler.

4.Özüňizi taplanyňyzdan soň derrew hüjüme çykyň.