Ýagaýlo (Wladislaw II Ýagello, 1351 töweregi – 1 iýun 1434) — Ýagellonlar dinastiýasynyň düýbüni tutujy.

Ýagaýlo

Taryhy düzet

Ýagaýlo orta asyrlar Litwasynyň iň soňky butparaz hökümdarydy. Ol Didysis Kunigaikštis diýen tituly göteripdir. Polşanyň koroly hökmünde ol Tewton ordenine garşy Litwa bilen ýakyn soýuzdaşlyk syýasatyny ýöredipdir. Soýuzdaşlaryň 1410-njy ýylda bolup geçen Grünwald söweşindäki ýeňşiniň yzýanyndan Thorn şertnamasy (1411]]) baglaşylypdyr we polýak hem-de litwa serhetleriniň howpsuzlygy üpjün edilipdir. Şeýlelikde Ýewropanyň ähmiýetli güýçleriniň birine öwrüljek Reç Pospolitaýa soýuzdaşlygy döräpdir. Władysław II Jagiełłonyň höküm süren döwründe polýak serhetleri giňäpdir we bu umuman Polşanyň Altyn döwri hasap edilýär.