ÝUKA ýaprakly anogramma
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. |
Bu makala Wikipediýa ülňilerine laýyk däl. Makalany üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa okyjylaryna ýardam edip bilersiňiz. |
Gemionitisler maşgalasy Ýagdaýy. Derejesi I (CR). Düýbünden ýitip barýan görnüş. Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti. Gadymy görnüş. Bezeg ösümligi. Gysgaça beýany. Birýyllyk ösümlik. Ýapraklarynyň boýy 5–10 sm, näzik perdejimek, ikileýin ýa-da üçleýin ýelek şekilli bölünen. Soruslary goňur reňkli, ikilenji damarlarda ýerleşen. Ýaýraýşy. Merkezi Köpetdag (Arçman), Kürendag, Uly Balkan (Nazarekerem jülgesi). Türkmenistandan daşarda — Günbatar Ýewropa, Zakawkazýe, Krym, Afrika. Bitýän ýerleri. Kölegeli gaýalaryň jaýryklary, kükürt-wodorodly karst gowaklary. Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy. Barmasy kyn ýerlerde ýek-tüki duş gelýär (5– 6 düýp. 2009‑njy ýylda Nazarekerem jülgesinde 5 düýbi bellendi. Esasy çäklendiriji sebäpler. Karst gowaklarynda kükürt-wodorodyň mukdarynyň azalmagy, bitýän ýerlerinde çyglylygyň peselmegi. Biologiýasynyň aýratynlyklary. Gyşyň başynda gür ýapraklary ösüp başlaýar. Ýaşajyk ösümlikler (sporofitler) sentýabrda 3–4 ýaprakly çogdamy emele getirýär. Ösümlik göklügine gyşlaýar. Maý aýynyň ahyrynda — iýunyň başynda guraýar. Sporalary maý aýynyň ortasynda ýetişýär. Ýetişdirilişi. Ýetişdirilmedi. Gorag üçin görlen çäreler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999) girizildi. Gorag üçin zerur çäreler. Duşýan ýerlerininiň ýagdaýyny gözegçilik astyna almaly.