Ýalaniçýanlar
Wekilleri örän ownuk, uzynlygy 1 mm-den 12 mm-e çenli bolýar. Bedeniň ujakly tarapy içýana meňzeýär, ýöne II say bogundan durýar garny has ýasy we ösüntgisiz bolýar. Ol iki jübüt traheýanyň kömegi bilen dem alýar. halynda Bedeninde ýerleşýän ýörüte mäzler sapak (kerep) öndürýän we ol suwuk kanaljyklar arkaly gysgyç şekilli heliserleriň uçlaryndaky deşik arkaly daşa çykarylýar. Ýalaniçýanlar aýry-aýry jynsly. Tohum erkek jyns tarapyndan substratyň üstüne spermetofor (içi spermatazoidli halta) taşlaýar. Spermatoforyň ýokarsynda deşijek (turbajyk) bolýar. Urkaçy öz jyns deşigini şu turbajygyň daşyna geýdirýär we spermatofordan spermatozoidleri kabul edýär. Şundan soňra ýumurgalar bedeniň içindekä tohumlanýarlar. Ýumurtgalardan çykan liçinkalar bir gezek gow taşlanlaryndan soňra daşky sreda çykarylýarlar we özbaşdak ýaşaýarlar. Ýalaniçýanlar daşlaryň ýeriň üstüne gaçan aşagynda, ýapraklaryň arasynda, çüýrüntgileriň içinde ýaşap, ownuk haýwanlar bilen iýmitlenýärler. Wekili: Kitap ýalaniçýan (Chelifer cancroides) ýaşaýyş jaýlarynda, kitaplaryň sahypalarynyň arasynda duş gelýär. Ýalaniçýanlar Türkmenistanda hem ýaşaýarlar.