Ýandakly çaý
Ýandakly çaý — Taýýarlamak üçin ony güllän döwründe, özi-de diňe başjagazyny çyrpyp ýygnamaly. Kerçäp, üstün- den gaýnag suw akytmaly-da, kölegeli ýerde guratmaly. Soň demlejek mahalyň üstünden gaýnag suw akydyp, atymlyk çaý bilen deňme-deň garmaly.
Ýandak aşgazan we içege kesellerinde ulanylýar. Ol dem alyş ulgamynyň kesellerinde hem peýdalydyr. Gan basyşyny kadalaşdyrýar, ýüregiň we beýleki içki organlaryň işine oňaýly täsir edýär, nerwiňi rahatlandyrýär, güýçli antibakterial häsiýete eýedir.