Ýaponiýa 1918-1939 ýyllarda

Ýaponiýa 1918-1939 ýyllarda – I. jahan urşy döwründe Ýaponiýa uzak Gundogarda esasy uruş ojagydy. 1914 ýylyň Alp Arslan aýynda Ýaponiýa Germaniýa garşy uruş yglan etdi. Ýewropa ýurtlarynyň Hytaýdaky eýeçiliklerini basyp almakdy. 1915 ýyluň Türkmenbaşy aýynda Hytaýy syýasy ykdysady, harby taýdan boýun egdirmek maksady bilen “21 talapnama yglan edýär. Ol 5 bölümden ybarat bolup, 1 bölümi Sandun welaýaty bilen bagly bolupdyr. Şeýlede Ýaponiýa demir ýollary gurmaga, uly şäherleriň we portlaryň Ýaponiýa üçin açylmagyny talap edilipdir. Ikinji bölümi Günorta Mongolýa we Içki Mongolýanyň gündogary bilen bagly bolup, Port-Arturyň, Günorta Mangur we Andun- Mukden demir ýolunyň kärende möhletini 89 ýyla çenli uzaltmak talap edilýär.

Üçünji bölümde Hanýepin senagat kärhanasyny ýapon-hytaý bilelikdäki kärhana öwürmek talap edilipdir. Dördünji bölümde bolsa Hytaýy kenar ýaka adalaryny, buhtalary gämi duralgasyny kärendesine bermegi gadagan edýär. Bäşinji bölümde bolsa ýaponlardan syýasy, harby maslahatçylary çagyrmak ýapon ybadathanalary üçin ýer eýeçiligini ykrar etmek we ş. M. Ýaly talaplar görkezilipdir. Hytaý Ýaponiýanyň garşysyna durup bilmändir we bu talaplary kabul edýär.

Uruş ýyllary ýapon ykdysadyýetiniň “altyn asyry” bolýar. Ýaponiýa döwletleriniň uruş bilen baglylygyndan peýdalanyp, Ýaponiýa Uzak Gündogarda esasy agalygy öz eline aldy. Bu bolsa Ýaponiýada senagatyň ösmegine, girdejileriň artmagyna getirýär. Uruş ýyllarynda daýhanlaryň ýagdaýy agyrlaşýar. Kärendeçi we ýarymkärendeçi daýhanlaryň sany artýar. Kärende tölegi hasylyň 60-70 % tutupdyr. Daýhanlaryň öndürýän bürünji olaryň elinden dolylygyna alynypdyr we bürünjiň uly artykmaçlygy iri ýer eýeleriniň elinde jemlenip, ondan uly girdeji alypdyrlar.

1918 ý Ýaponiýada daýhanlaryň we işçileriň giň ýaýran hereketi bürünç pitneleri adyny alypdyr. Daýhanlaryň we işçileriň köpçülikleýin çykyşlary iri ýer eýeçilik ezişine garşy gönükdirilipdir. Gozgalanyň bahanasy bürünjiň bahasynyň ýokarlanmagy we onuň satylyşynyň kemeldilmegi bolýar. 1918 ýylyň Alp Arslan aýynyň 12-de Kobe Nagoýada başlanan gozgalaňlar soň bütin Ýaponiýanyň öz içine alýar. Gozgalaňçylar hökümet jaýlaryna, bürünç ammarlaryna çozuş edýärler. Gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin hökümet goşunlary, polisýa iberilýär, gazaply öç alynýar. Şahtalarda goşuna garşy dinamit peýdalanylypdyr.

“Bürünç pitnelerine” gatnaşyjylaryň sany 10 mln ýetipdir. Bu gozgalaňlar 1919ý Koreýada ýapon basybalyjylaryna garşy halk gozgalaňçynyň başlanmagyna sebäp bolýar.

1921 ýylyň Sanjar 1922 ýylyň Baýdak aýlarynda Waşington maslahaty bolup, onda deňiz ýaraglanyşygyny çäklendirmek we Ýuwaş okean we uzak gündogar meselelerine seredilýär. Maslahatyň çözgüti netijesinde şandun Hytaýa gaýtarylyp berilýär. Ýöne Ýaponiýa Hytaýyň bu çäginde ykdysady ýagdaýyny we syýasy täsirini saklapdyr.

1931 ýylda Ruhnama aýynda Ýaponiýa Hytaýyň demirgazyk-gündogar welaýatlaryny basyp alýar, we bu ýerde Mançgon-Gon döwletini döredýär.

1931 ýylda SSSR-e garşy uruş meýilnamasyny işläp düzýär we harby hereketlere başlamak üçin bahana gözläp. 1931 ýylyň Nowruz aýynynda SSSR-iň Ýaponiýanyň wekilini terrorçylar agyr ýaralanýarlar. Sawet hökimýeti Ýaponiýanyň magsadyna düşünip, 1931 ýylyň Bitaraplyk aýynda birek-biregiň üstüne çozmak hakynda ýaraşyk baglanmagy teklip edýär. Ýaponiýa ony kabul etmeýär. 1932 ýylyň Sanjar aýynda SSSR-iň ikinji teklibi hem kabul edilmeýär.

1932 ýylyň Türükmenbaşy aýynda Ýaponiýa Şankaýa çozup girýär. Emma Şankaýyň işçileri goşun bilen birleşip, gahrymançylykly göreşi netijesinde Şankýy basyp almak başartmaýar.1933-34 ýyllarda Ýaponiýa SSSR-iň MHR-nyň serhetini birnäçe gezek bozýar.

Uzak Gündogarda ösen ýurtlwryň arasyndaky garşylygyň ýitileşmeginiň esasy sebäbi Hytaýda agalyk etmek ugrundaky göreşdi. 1934 ýylyň Gurbansoltan aýynda Ýaponiýanyň daşary işler ministri Hytaýa pul, ýarag kömegini berip islendik topara garşy hereket etjekdigi barada aýdýar. 1934 ýylda Bitaraplyk aýynda Ýapon häkimýeti Waşington ylalaşygynyň şertlerinden ýüz öwürýändigini ABŞ-a mälim edýär.

Hytaýda basybaljylykly hereketini dowam etmek bilen 1935 ýylda Ýapon hökimýeti Tökiýadaky Hytaý ilçisini şu üç ýörelge esasynda ýapon hytaý gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagy talap edýär.

1. Hytaýda Ýaponiýa garşy işjeňligi bes etmek.

2. Hytaý Mançgon-Go döwletini ykrar etmeli .

3. Hytaýda,Ýaponiýada we Gündogar Aziýanyň beýleki ýurtlarynda Kommunizmi bilelinde basyp ýatyrmak.

Şonuň bilen berilende-de ýapon hökimýeti görkezmek ýaly bilen Hytaýyň 5 sany demirgazyk welaýatynda awtonomiýa ugrundaky herekedi gurady. Onuň magsady Mançfon-Go döwleti ýaly oýnatgy döwlete öwürmekdi. Emma bu syýasat halk köpçüliginiň garşylygyna duçar bolýar.

Harby faşisdik toparlary mejlisiň (porlament) ýoly bilen häkimýeti eýelemäge synanyşýar. Bu synanşyk başa barmaýar. Şeýlede ýurtda faşizme garşy herekediň ösýändigini görüp, öz maksatlaryny 1936 ýylyň 26-29-njy Baýdak aýynda faşisdik agdarlyşygyň üsti bilen amala aşyrmaga synanyşýar. Paýtagtdaky goşun bölümleri 1936 ýylyň Baýdak aýynyň 26-da birnäçe hökimet jaýlaryny ( parlamentiň jaýyny, harby ministriň baş polisiýanyň jaýyny) basyp alýar. Premýer ministr Saýto maliýe ministiri Takahasi öldürilýär. Emma dildüwşüjiler beýleki goşun bölümleri tarapyndan goldanylmaýar.Şonuň üçin Baýdak aýynyň 29-da ýaraglaryny taşlaýarlar.

1937-41 ýyllrda Ýaponiýanyň ykdysadyýeti agyr ýagdaýdy. Bu döwürde ykdysadyýetiň pese gaçmagy oba hojalygyňnyň,ýeňil senagatyň pese gaçmagy, orta we öwuuk işewürler synpynyň dargamagy, ykdysadyýetiň esasan harby ugra gönükdirilmegi bilen düşündirilýär.

1937 Gorkut aýynda Ýaponiýa Hytaýa garşy urşa başlaýar.

1938 ýylyň Gorkut aýynda ýapon goşunlary Uzak Gündogarda Hasan kölüniň ýanynda SSSR-iň serhetlerini bozýar. Emma ýapon goşunlary Gyzyl Goşun tarapyndan derbi-dagyn edilýär.

1938 ýylyň Ruhnama aýynda Angliýa we Fransiýa Mýunhen dilleşigini baglaşýar. Bu hem Ýaponýanyň Uzak Gündogarda harby hereketlerini has-da giňetmägine getirýär.

1938 ýylyň Gurbansoltan aýynda Angilýa bilen Ýaponýanyň arasynda ylalaşyk baglaşylyp, Hytaýdaky Ýaponiýa tarapyndan basylyp alnan Angliýanyň eýeçiligindäki ýerler Ýaponiýa berilýär. Bu hem Angilýanyň ýapon basybaljylaryny SSSR-e garşy maliýe kömegini bermäkdäki özboluşly ýoludy. ABŞ hem öz gezeginde Ýaponiýany metal, ýangyç bilen üpjün edýärdi. Şol bir wagtda ýapon-amerikan garşylygy hem saklanýardy. Ýagny ABŞ Hytaýdaky täsirini saklamak üçin Ýaponýany belli bir derejede özüne tabyn etmäge synanyşýar.

1939 ýylyň başlarynda ýaponýanyň Hytaýy basyp almak baradaky meýilnamasy puja çykyp başlaýar. Hytaý halkynyň gahrymançylykly göreşi, ýaponiýanyň köp harby ýitgiler çekmegi, Ýaponiýanyň öziçinde urşa garşy güçleriniň ösmegi netijesinde hökümetiň çalyşmagyna getirýär. Hiranumyň ýolbaşçylygynda täze hökümet düzülip, SSSR-e garşy urşa taýýarlanýar.

Ýaponiýa Halkin-Gol derýasynyň ýanynda MHR-e çozmagy maksat edilýär. MHR-e çozmagy bolsa Sowet Soýuzy bilen çaknyşyga getirjekdigine düşinýär. Şeýlelikde 1939 ýylyň Magtymguly aýynda duýdurmazdan Ýaponiýa MHR-a we SSSR-e garşy başlan urşa 4 aýa golaý dowam edip, Ruhnama aýynda ýapon goşunlarynyň derbi-dagyn bolmagy bilen tamamlanýar.

1940 ýylyň Ruhnama aýynyň 27-de Berlinde Ýaponiýa, Germaniýa, Italiýa üçleriň ylalaşygyna gol çekilýär. Onuň esasy maksady SSSR-e garşy gönükdirilsede, ABŞ-a, Angilýa, Fransiýa hem garşy gönükdirilipdi.

1940 ýylyň ahyrynda Ýaponiýa bilen ABŞ-yň arasynda gatnaşyklary kadalaşdyrmak maksady bilen gepleşikler geçirilýär. 1941 ýylyň Gurbansoltan aýynda Ýaponiýa bilen SSSR-iň arasynda bitaraplyk hakyndaky ylalaşyga gol çekilýär.

Çeşmeler

düzet