Ýaponiýa XV asyra çenli

Ýaponiýa XV asyra çenli.

1. Ýaponiýada iri yer eýeçilik gatnaşyklarynyň ýüze çykmagy.

2. Daýhan gozgalaňlary. Sýogun düzgüniniň girizilmegi.

3. XV asyrda ykdysadyýetiň ösmegi. Ýewropalylaryň Ýaponiýa aralaşmagy.

Maksady: Ýaponiýada XV asyra çenli iri ýer eýeçilik gatnaşyklarynyň ýüze çykyşy,ösüşi, Sýogun düzgüniniň girizilmegi barada düşünje bermek.

Wezipesi: Ýaponiýanyň ykdysady, medeni ösüşi bilen tanyşdyrmak. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasynda görkezilişi ýaly “Dünýäniň halkyýetleri, haklary,milletleri, ýurtlary, döwletleri bileleşige, doganlyga, abadanlyga, parasatlyga ymtylýar” (sah. 403). Talyplarda döretmek, ýaratmak, agtarmak, gözlemek, gurmak ruhunda terbiýelemekden ybaratdyr.

Ýapon adalaryna ilatyň ARALAŞMAGY MÜŇLERÇE ÝYLLARY ÖZ IÇINE ALÝAR. ÝAPON gelip çykyşlylaryň esasyny Ýamato topary düzüpdir. III – IV asyrlarda ilkinji döwleti esaslandyrypdyrlar. III asyrda Ýaponiýada Hytaýdan we Koreýadan gelen gelgindiler köpdi. Olaryň köpüsi hukuksyzdy.

Ilatyň esasy köpçuligini daýhanlar düzýärdi, olar kazna salgyt baryny töleýärdi. Bulardan başga hukuksyz gullaram bardy, olaryň aglaba köpüsi daşardan gelen taýpalardandy. Olar döwlete ýa-da dolandyryjylara garaşlydy.

VI asyrdan adamlarda budduzm dininiň täsiri güýçlendi. Suý we Tan nebereleri döwründe bolsa bu ýerde konfusiýançylygyň täsiri güýçlendi.

Şazada Sýotoky-taýsi 17 maddadan ybarat kanunlaryny 604-nji ýylda döretdi. Onda hökümdaryň garaşsyzlygy, ýaşlaryň ýaşululara boýun bolmagy barada, şeýlede hytaýly we Koreýaly dindarlaryň hem-de hünärmentleri Ýaponiýa çagyrdy. Ýaponlary Koreýa we Hytaýa okuwa iberdi. Ýöne döwlet dolandyrylyşy güýçli merkezleşen däldi, heniz taýpa bölünişigi saklanýardy.Ýurdy dolandyrýan Soga 645-nji ýylda döwlet başyndan aýrylýar, oňa derek Sazada Kary häkimýete geçýär. Ol Ten lakamyny alýar (Asman ogly) Ol täze döwleti dolandyrýan guramalary döredýär. Guberniýa we uýezd baştutanlaryny belleýär. Salgyt bugdaý, mata we dürli islerde işlemek görnüşinde salnypdyr. Ahli hatnet işleri ierogliflerinde amala aşyrylypdyr.

Taýnyň çäreleri 701-nji ýylda Taýhone adyny aldy. Ol ýapon medeniýetiniň ösmegine esas boldy. VIII asyrda Ýaponiýanyň paýtagty bolan Nara gurluşyk işleri geçirildi, köşkler, ybadathanalar guruldy. Ýaponlaryň gadymy dini Sinto (ruha tarap ugur) budda has ýakynlaşypdy, bu bolsa edebiýatyň, mifologiýanyň ýyl ýazgylarynyň ýazylmagyna mümkinçilik döretdi.

Emma bu uzaga çekmedi. VIII asyrdan başlap paýtagt şäher Fudziwar öýi Heýýana göçdi. Şeýdip 794-nji ýylda Heýýan öňkä garamazdan ilkinji paýtagt şäher diýip yglan edildi. Imperatorlar tagtda köp oturmady. IX – XI asyrlarda daýhanlary ezmek güýçlendi. Netijede XII asyrda Fudziwari öýüniň täsiri aşak gaçdy. Taýp we Minamoto öýleriniň täsiri güýçlendi. 1192-nji ýylda Minamoto Ýorinotio sýogun harby dolandyryjy diýlip yglan edildi. Hökümet edarasy Kamakura şäherinde ýerleşdi.

XIII asyrdan başlap aýratynam XIV asyrda Ýapon şäherleri gülläp ösüp başlady, hünärmentçilik, söwda ösdi. Muňa käbir zatlar mümkinçilik doretdi.

1. Ýokary gatlak köp çykdajy çykaryp başlady.

2. budda sektalarynyň sany, ybadathanalar açylyp olaryň golaýynda-da hünärment we söwda çäreler köpeldi.

3. Portşaherler hem söwda, hünärmentçiligiň we medeniýetiň merkezine öwrüldiler.

Bu şäherleriň gülläp ösmegine Hytaý, Koreýa günorta gündogar Aziýa döwletleri bilen söwda etmegide komek etdi. Şaherlerde hünärment söwdagärleriň edaralary döredi. Olaryň käbirini özleri dolandyryp başlady.

Samuraýlar gatlagyny rus dworýanlary bilen deňeşdirse boljakdy. Ýöne XIII – XIV asyrda olaryň köpüsi karza batyp, çykgynsyz ýagdaýa duçar boldy. Hodze öýünden bolan Minamoto derek Asikara güýçlenip 1335-nji ýylda özüni sýogun diýip yglan etdi. Onuň nesli 1573-nji ýyla çenli ýurdy edara etdi. Bu döwürde özara göreşler güçlendi. 1467-1477-nji ýlda uly gozgalaň turdy. XY – XVI asyrda Ýaponiýada ykdysady çögünlik güçlendi, Daýhan gozgalaňlary çüýçlendi, olara çagşan samuraýlar hem gösulyp başlady.

Şeýdip XVI asyrda anyk aýtsaň ne sýogun, ne-de imperator hökümeti bardy. Şu agyr şertlerde ýurdy birleşdirmek zerurlygy ýüze çykdy. Bu işi amala aşyrmaga Oda Nobunaga, Toýotomi Hudeýosi we Tonugawa Ieýasy ýaly taryhy şahsyýetler gatnaşdy. 1573-nji ýylda Asikara oýünden bolan iň soňky sýogun agdaryldy. Oda budda buthanalary garşylyk görkezdi.

Ýaponiýada XVI asyryň 40-njy ýyllarynda portugal söwdagärleri bilen birlikde hrestian dini-de aralaşdy. Soňka Ýaponiýa iezuit missionerleri aralaşdy, olaryň arasynda Fransisk Ksabýe hem bardy. 1580-nji ýylda ýurtda 150 mün hrestian dinine uýýan bardy. 200 buthana, 5 seminariýa, XVII asyryň başlarynda 700 müňden gowrakdy. Gelen portugallar Ýaponiýada aýgytly ýaraglary satdylar.

XVI asyryň 80-nji ýyllarynda Oda ýurdyň welaýatlarynyň ýarysyna eýeçilik edýärdi. Kioto şäherinde hem reformalar geçirdi, bu çäreler syýasy we ykdysady dagynyklygyň öňüni almaklyga gönükdirilipdi, şäherler, söwda ösmelidi. 1582-hji ýylda Oda ölenden soň onuň kömekçisi Toýotomi Hudeýosä häkimýete geçdi. Ol asly daýhan maşgalasyndan bolup, ol ýurdy birleşdirmek, daşary ýurtlara çozmaklygy maksat edindi. Emma Koreýa guralan şowsuz ýöriş onuň bu arzywyny puja çykardy. Onuň maksady ýerleri daýhanlara berkitmekdi. Emma ödadan tapawutly täze dolandyryjy iesuitlere we hrestianlara garşydy. 1587-nji ýylda ol dini ýayradyjy daşary ýurtlylar ýurtdan kowmak barada karar çykardy. Toýotomi Hudeýosi aradan çykandan soň 1603-nji ýylda Tokugawa Ieýasy özüni sýogun diýip jar etdi. Şeýdip Minamoto we Asikagadan soň 3-nji sýogun boldy. Şu sýogunlaryň hemmesiniň hem bir maksady bardy. Dagynyk ýurdy berkitmekdi. Ieýasy agrar reforma geçirdi. Daýhanlary ýene-de bir gezek ýere berkitdi. Ol samuraý, daýhan, hünärment, söwdagär diýip gatlaklara böldi. Ýurtda polisiýa yzarlamalaryny güýçlendirdi. Ol Ýaponiýany daşary dünýäden bölüp aýyrdy, duralgalaryny berkitdi. Ýöne köp zatdan daşlaşyp bilmedi. Sebäbi golland söwdagärleriniň aralykçylyk etmegi bilen ýewropa ylmy we medeniýeti, aýratyn hem kitaplary Ýaponiýa aralaşdy. XVIII asyrda bilimli ýaponlar ýewropa ylmyndaky öňdebaryjy zatlary, ýurduň ykdysadyýetini kämilleşdirmekde ulandylar.Emma ýurduň çetleşdirilmegi progresiň ösüşine ters täsir etdi. XVII asyrdaky reformalar ýurduň ykdysady ösüşine oňat täsir etdi.

Tokugawa sýogunlygynyň çökgünligi XVIII – XIX asyrda duýuldy. Aýratyn hem XIX asyryň 30-njy ýyllarynda ABŞ we Ýewropa deržawalary topardan XIX örtügde Ýaponiýa açylandan soň Tokugawanyň abraýy gaçdy. Daşary ýurtlylara we sýogunlara garşy göreş ýurtda güýçlendi. Sýogunat 1868-nji ýyla çenli dowam edip, soň häkimýet imperatora geçdi.


Ýaponiýanyň medeniýeti XII – XV asyrlarda

XII – XIII asyrlarda Ýaponiýada kitap çap etmeklik ösdi. Budda edebiýaty ybadathanalarda çap edildi. XIV – XVI asyrlarda hususy kitap çap etmeklik, ol howlularda ýokary gatlak wekilleri tarapyndan amala aşyryldy. XIV asyrda Ýaponiýa hytaýly hünärmençileriň aralaşmagy bilen hytaýly (monahlar) dindarlarada öwretdiler. XVI asyrda wajyp özgerişler bolup, harplary kesip ondan oňe goýup ýazyp başladylar (Sriftleri). Ýaponiýa Ýewropadaky çap ediji stanoklar bilen 1590-njy ýylda italýan missionerleri tarapyndan getirildi. Latyn dilinde (missionerler) dini ýaýradyjylar üçin kitaplar, sözlükler çap edildi. 1592-nji ýylda Hudeýosi Koreýa ilkinji ýöriş eden döwründe mis miterler Ýaponiýa getirildi. Olar çap etmek üçin zerurdy. Hytaý we Ýapon poeziýasy we kofension ýygyndylary çap edildi. Bu zatlar Ýaponiýada kitap çap etmeklige, edebiýatyň ösmegine mümkinçilik döretdi.

XII – XIII asyrlarda Ýapon edebiýatynda 2 ugur bardy.

1. Özara uruşlardaky daşary ýurtlara çozuşdaky ýeňişlerde iri ýer eýeleriniň öýlerini wasp edipdirler.

2. Ýokary aristokratiýanyň pissimistik garaýyşlaryny görkezipdir. Oňa 1212-nji ýylda “Hod zýoki” diýen eseri.

XIV asyrdan syýasy wakalar, özara söweşler “Demirgazyk we günorta nebereleriniň” göreşi, XIV – XV asyrlarda we orta asyr teatry ýüze çykdy. “No” ol ruslaryňka meňzeşräk bolupdyr. Onda ýapon halkynyň teatral sungaty bolup, aýdymly tanslary ýerine ýetiripdirler.

Magaryf XIII – XVI asyrlarda Ýaponiýada buthana, dünýewi we harby magaryf bolupdur. Köp budda ybadathanalarynda çagalar üçin mekdepler döräpdir, ökde çagalary buthana we iri ýer eýelerine boýun bolmak ruhunda terbiýeläpdirler.

1270-nji ýylda Wokogomada kitaphana açylýar, onda hytaýlylaryň Sun nebereleri döwrüne degişli kitaplary hem bar ekeni. Harby terbiýä uly üns beripdir. Samuraýlara harby tälim bermekde (fehtowaniýa) gylyçly göweşmekde uly ähmiýeti bolupdyr.Dünýä geografiýasy suwda ýüzmek, gämi gurluşygy, medisina Hytaýdan bu ýere aralaşypdyr. Ýewropalylar aralaşdygyça bu ýerde geografiýa bilimine höwes artypdyr.


Arhitektura we skluptura.

Ösen iri ýer eýeçilik zamanynda Ýapon arhitekturasy kösk häsiýetinde ösýär.Samuraýlaryň jaýlary imperatoryň jaýyndan soňra durupdyr. Yaponiýada çaý içmeklige uly üns berip başlapdyrlar, olar çaýy içmek üçin keramikadan gap-gaçlar ýasapdyrlar. Ýörite çaý içişligi geçyän jaýlar gurulypdyr.

Skulpturanyň ösdürülmeginde budda şekiliniň şekillendirilmegi uly ähmiýete eýe bolupdyr. Metal ýasap reňk bermeklige uly üns beripdirler. XVI asyryň ahyrynda forfor we küýsegärçilik önümleri köp ösdürilipdir.Döredijilik sungatynda howly wakalaryny şöhlelendirýän, tebigatyň gözelligini şöhlelendirýän uzyn sypatlary çekipdirler. Harby hereketler, söweşleriň tarypyny, görnükli dindarlaryň durmuşyny , keşbini şöhlelendirmek, portret žiwopisi ösýär, özüniň realistik sypatlary bilen tapawutlanýar. “Buddanyň 500 okuwçysy” diýen sypaty peýzažly edilip çekilen.

XV asyryň ahyrynda Kano Masanobu “Kano mekdebini” döretdi. Onda arassa dekeratiw kompozisiýalar çekildi.

Saz sungaty halkyň zähmet aýdymlaryny saza goşup aýtmak, Fleýta ýa-da baraban (urulyp çalynýan saz guraly) tüwi ekişinde, ýygymynda, daýhan baýramçylyklarynda ulanylypdyr.

Howly Serimoniýada hudaýa çokunanda aýdylýan aýdymlar bolupdyr. Orta asyr söweşleriniň gahrymanlary barada balladalar düzülipdir. XIII – XVI asyryň saz gurallarynyň biri 3 tarly arora bolupdyr. Ol Ýaponiýa, Rýukýu adalaryna aralaşypdyr.

XVI asyrda Fransisk Ksabýe 1551-nji ýylda günbatardan organy getirýär. Şol esasynda portugal missionerleri fortepiano, skripka, fleýtany getirip ýorite seminariýalarda, mekdeplerde öwredilýär. Ýöne XII – XIII asyrlarda Ýaponiýada budda dininiň dürli sektalary peýda bolýar, bu bolsa häkimýetiň närazyçylygyny döredýär. Sebäbi halky ezmegiň guraly güýçlenýär.