Ýaradylyş
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. |
Ýaradylyş - bu älem jahanyň nädip emele gelendigine jogap berýän çeşmedir. Esasan hem soňky ýyllarda Darwinizmiň alymlar tarapyndan tankytlanyp başlanmagy, şol sanda Micheal Denton, Professor Micheal Behe ýaly alymlaryň akylly taslama teoriýasy, iň ýönekeýje öýjügiň hem örän uly bir kemeldilmejek komplekslik sistemasyna eýe bolmagy, DNK-nyň dünýäniň iň uly ansiklopediýasyndan hem uly bir informasion kodlardan durmagy Ýaradylyşa bolan pikirleriň hasda ösmegine sebäp boldy. Bu argumentleriň birnäçesini şu şekilde beýan edip bolar:
Älemdäki inçelikler.
düzetGadym wagtlarda bir bilge kişi filosofa şeyle diyer:
Öýümüziň ýanyndaky derýanyň köprüsi ýykyldy welin, menem derýadan nädip geçerkäm diýip pikirlenip başladym. Ýaňy bir pikirlenip durkam birden hä derýanyň üstünde iki sany agaç birleşdi. Soňra birden hä ýyldyrym çakdy, üsti-üstüne ýagyşam ýagaýdy welin, netijede hakyky bir gaýyk emele geläydi.
Filosof: "Eý akmak. Hii-de bir gaýygyň öz-özi emele gelip bilermi?"
Bilge şeyle jogap berer: "Eý özüni akylly hasaplan asyl akmak kişi. Ýekeje gaýygyňam öz-özüne emele gelip biljegine ynanaňok-da, şu giden älem-jahanyň, daglaryň-deňizleriň, şu asmanyň, şu kämillikler-kämili janlylaryň birgiden tötänlikler netijesinde emele gelip biljegine nädip ynanyp bilýäň?"
Öyjügiň kompleks gurluşy.
düzetÝaradylyşy inkär edýän darwinistler köplenç öýjügiň öz-özünden dörändigini öňe sürerler. Eýsem, hakykatdan hem şeyle bolup bilermi? Ýekeje bir öyjügiň hem öz-özünden döremeginiň ähtimaly barmy?
Geçirilen barlaglarda iň ýönekeýje janly organizm bolan öyjügiň hem, ösen şäherlerden has kompleks gurluşa eýedigi görüldi. Bu makalada öyjügiň gurluşy, öyjügiň kemeldilmejek biohimiki sistema eýe bolmagy, suwda öyjügiň sintezlenilip bilinmeyänligi we DNK-nyň uly bir informasion sistema eýe bolmagynyň akylly taslama teoriýasynyň ýüze çykmagyna sebäp bolandygy barada durup geçeris.
Himiki ewolyusiyanyň iň möhüm ady hasaplanan Rus biohimigi Aleksandr Oparinden soňra ewolyusionistler janly bir öyjügiň tötänlikler bilen döräp biljegini subut etmek üçin sanawsyz barlag we gözegçilik geçirdiler. Emma geçirilen her bir barlag teoriýany has-da kyn ýagdaýa saldy. Bellenilmegine görä Germaniyadaky Biohimiya institudynyñ müdiri Klaus Dose hem, bu lapykeçligi şeyle düşündirýär:
"Himiki we molekulýar ewolýusiýa bölümlerinde geçirilen 30 ýylyň barlaglary ýaşaýyşyň başlangyjyny çözmekden zyýada, hasda krizisa saldy. Bu bölümdäki ähli teoriyalar, üstünsizligini boyun alyarlar."[1]
Öýjük - kemeldilmejek biohimiki sistemadyr. Biolog Dr. Leslie Orgel :
"Iň ösen derejede kompleks gurluşlara eýe bolan beloklaryň we nuklein kislotalarynyň (RNK ve DNK) şol bir ýerde we şol bir wagtda tötänleyin emele gelmekleri ähtimallygyň daşynda durýan hadysa. (matematiki taýdan mümkin däl). Yöne bularyň birisi bolman beylekisini ele geçirmegem mümkin bolmandygy üçin, dogrusy adam, ýaşaýyşyň himiki yollar bilen orta çykmagynyň hiçbir wagt bolup bilmejekdigini kabul etmek zorunda galýar". 2]
Adam öyjügindäki hiçbir molekula, beyleki molekulalaryň kömegine zerurlyk duyman, öz-özüni döretmek ukybyna eýe bolup bilmez.
Cambridge uniwersitedinden bilim Pelsepesi Professory Stiwen Meýer "Signature in the Cell" atly kitabynda bu hakykady şu setirler bilen beyan edyär:
"DNK'nyň gurluş we wezipeleriniň orta çykan 1950-60-njy ýyllardan başlap ýaşaýyş bilen bagly radikal düşünjeler ösmäge başlady. Molekulyar biologlaryň tapan zady DNK'nyň diňe bir maglumat daşamaýandygydy. Biologlar DNK baradaky bu açyşyň yzyndan janly organizmleriň genetiki maglumaty işläp bilmegi üçin, gerekli bolan sistemalara eýe bolmalydygyndan şüphe edip başladylar. Diski okaýan bir enjam (DVD) bolmasa, diskiň içine saklanan maglumatyň peydasy yokdur. Şeylelikde DNK-nyň içindäki maglumat hem öyjügiň maglumaty okama sistemasy bolmasa peydasyzdyr. Richard Lewontiniň (hem) belleyşi ýaly "Hiçbir janly molekula öz-özünden köpelip bilmez... Öyjükler diňe bir bütin bolanda, öz-özünden köpelmek üçin gerekli sistemalara eýe bolup bilerler...[3]
Belok-öyjügiň iň yönekeyje sistemasy. Beloklar aminokislota ady berlen has kiçi molekulalaryň belli bir sanawda we dogry bir şekilde düzülmekleri bilen emele gelyän uly molekulalar bolup, iň pesleri ortaça 50 aminokislotadan durýan beloklaryň müňlerçe aminokislotadan durýan görnüşlerem bardyr.
Beloklaryň gurluşundaky ýeke bir aminokislotanyň kemelmegi, ýeriniň üytgemegi ýada ýeke bir dekstro aminokislotanyň artyk goşulmagy, belogy peýdasyz bir molekula toplumy halyna getirer.
Himik we molekulyar biolog Grem Kerns Smit bu barada şu sözleri belläp geçýär:
"Bäş milliard ýyl ozal, Ýeryüzi aminokislota bilen doly bolup, dünyäniň taryhy boyunça her sekuntda 10 gezek birleşseler hem, ýeke bir belok molekulasynyň tötänleyin emele gelmeginiň ähtimaly nola ýakyn derejede pes."[2]
Ýeke bir belok molekulasy hem tötänleyinlikler bilen emele gelip bilmejek derejede kompleks bolsa, iň yönekeyje öyjük üçin gerekli bolan 300 sany belok molekulasy, DNK, RNK, ribosoma barada gürrüň etmegiň manysy hem ýokdur. Has dogrusy bu organeller gerekli fermentleri hem ýanlaryna alyp, bir gabyk bilan gaplansalar we bu membrananyň içi hem, bulara kämil gurşawy üpjün etjek aýratyn bir suwuklyk bilen dolsady, ýagny bütin bu mümkin däl hadysalar amala aşsa hem, bu molekula toplumy janlanyp bilerdimi?
Elbetde "Ýok". Çünki barlaglar janlylyk üçin diňe bir gerek bolan organelleriň bir ara gelen bolmagynyň ýeterlik däldiginem görkezdi. Ýaşaýyş üçin gerekli bolan ähli organeller toplanyp bir tejribe turbasyna goýulsa hem, ýenede janly bir öyjük ele geçirmek mümkin bolmady.
Suwda belok sintezlenmez. Aminokislatalar belok emele getirmek üçin himiki taydan birleşyän mahaly aralarynda peptid bagy diyilyän aýratyn bir bag gurarlar. Bu bag gurulýan wagty bir suw molekulasy bölünip çykar. Bu kanun ýaşaýyşyň okeanlarda orta çykandygyny öňe süren darwinist düşündirişi ýene bir gezek lapykeçlige sezewar etdi. Sebäbi himiýada "Le Şatelýe Prinsipi" diylip bilinen kanuna görä suw bölüp çykarýan bir reaksiyanyň (kondensasiya reaksiyasy) suwy öz içine alýan bir gurşawda netijelenmegi mümkin däl.
Himiki taydan aminokislotalary bir zynjyr bolup birbirine baglamak üçin iň erbet gurşaw ewolyusionistleriň öňe süren suwa esasly "başlangyç bir çorba", ýa-da suwuň aşagyndaky gidrotermal ýaryklardyr. Iki aminokislota suwda öz-özünden bir ara gelmez. Tersine, termodinamiki taydan bu reaksiyanyň tersi amala aşar. Bir başga söz bilen aýdylanda suw, belok zynjyrlaryny aminokislotalara barýança böler.
Öyjük hakynda soňky sözleri Sir Fred Hoyleden diňläliň:
"Aslynda ýaşaýyşyň (ilkinji janly organizmleriň) akla eýe (beýik bir barlyk) tarapyndan döredilendigi örän äşgärdir welin, bu hakykadyň näme üçin giňden kabul edilmeyändigi adamy gyzyklandyrýar. (Pikirimçe) munuň sebäbi ylmy däl, psihologikdir."[4]
Zamanyň jadyly güýji
düzetHaçanda ewolyusionistlere öz ideýalarynyň ylmy taydan mümkin däldigi aýdylsa, derrew zamanyň jadyly güyjüne sygynyp öňe süren üytgeyjilikleriniň 3-5 nesil içinde bolmajagyny, munuň diňe millionlarça ýyl içinde amala aşjagyny bildirerler. Aslynda zaman düşünjesiniň hem ewolyusion pikirleri goldamak ýerine, teoriya garşy päsgelçilik döredyändigi ýüze çykdy. Meselem ilkinji emele gelen janly hemosintez ýaly bir energiyany ele geçirmek usuly bilen ýaşaýşyny dowam etdirip bilyän bolsa, örän çylşyrymly bir sistema bolan bu usuly jansyz wagty öwrenip bilmezdi. Janly hala gelen wagtyndan başlap öwrenmegi mümkinmi? Energiýasyz ýaşap bilmejegi üçin mümkin däl.
Ýada bolmasa eukariotik bir öyjügiň ýaşap bilmegi üçin mitohondriýasy iň kämil şekilde bolmalydyr. Ewolýusion logika tarapyndan seretsek mitohondriýanyň kämil hala gelmegi üçin milliardlarça ýyllyk bir adaptasiýa gerekli.
Gynansagam öýjük adaptasiýa geçiryänçä mitohondriýasy kämil şekilde bolmandygy üçin ýaşaýyşdan mahrum galar.
Ýaşaýyşdan mahrum galan bir öyjügiň adaptasiya ýada ewolyusiya geçirmegi mümkinmidir?
Gözüň ýarsy işläp bilermi?
düzetKemeldilmejek komplekslik (irreducible complexity) taglymaty mikrobiolog Professor Micheal Bihiniň "Darwiniň gara gutusy" atly kitaby bilen meşhurlyk gazandy.
Professor Bihi kemeldilmejek çylşyrymlylygy düşündirende syçan tutýan gapany mysal edip görkezýär.
Mälim bolşy ýaly syçan gapany birnäçe aýry böleklerden emele geler: Tagta bir platform, metal, syçany tutmak üçin metal bölegini platformuň üstüne ýapjak uçlary uzadylan ýaý we şm. Gapanyň işläp bilmegi üçin bütin bu bölekleriň kemçiliksiz bolup bir arada durmagy we uygun bir şekilde birbirine baglanan bolmagy gerekdir.
Bihä görä öyjük we öyjügiň içindäki biologik sistemalar adam eli bilen ýasalan enjamlara garanyňda örän kompleks gurluşa eýe bolup durýar. Bularyň wezipe we funksiyalaryny ýerine getirip bilmegi üçin sistemany düzyän bütin bölekleriň kemçiliksiz şekilde bir wagtda bar bolmagy, örän dogry şekilde bir ara gelmegi gereklidir.
Ýagny, bir gapan diňe doly gurluşda wagty syçany tutup bilyän bolsa, bir uçar hem diňe doly gurluşda bolsa uçuşy amala aşyrmagy başarar.
Bu soraglary birem göz üçin sorap görsek käbir adamlar bilen, esasan hem darwinistler bilen düşünişmän bilersiňiz. Gözüň ýarsy görüp bilermi? Meselem görmäni üpjün edyän nerwler we gan damarynyň úok wagtynda göz wezipe görüp bilermi?
Darwin "Görnüşleriň gelip çykyşy" atly kitabynyň "Teoriyanyň kynçylyklary" bölüminde şeyle diyyär:
"Eger köp sanawda yzly-yzyna gelen kiçi üytgeyjilikler bilen döräp bilmejek kompleks bir organyň bardygy subut edilsedi, meniň teoriyam hökmany suratda ýykylardy. Ýöne men munýaly organ tapyp bilmedim"[8]
Biohimik Bihi mysal edip görkezen biohimiki mysallarynda biologik hadysalar üçin bir plan we programmanyň gerekdigini, bularyň yzly-yzyna gelen kiçi üytgeyjilikler bilen döräp bilmejekdigini orta goýdy. Çünki käbir biologik sistemalaryň işläp bilmegi üçin ony düzyän ähli bölekleriň bir arada bolmagy gerekdir. Eger, ýekeje bölek hem kemelse, sistema peydasyz, yagny işlemeyäm hala geler. (Işe ýaramayan bir aralyk dereje bolsa Darwinizmiň öz logikasyna görä tebigy seçgi tarapyndan elenip ýok ediler.)
Adamyň gözi kemeldilmejek çylşyrymlylyga mysaldyr:
a) Adamda görme hadysasy.
Adamyň gözi 40-a ýakyn bölegiň uygun bir şekilde işlemegi bilen wezipe görer. Bularyň biri hem bolmasa göz hiçbir işe ýaramaz. Bu 40 aýry bölegiň her biri hem öz içinde çylşyrymly taslama eýedir. Adamyň gözünden öyjügiň gurluşyna, ganyň lagtalanma sistemasyndan beloklara çenli, sanawsyz gurluş we sistema ýeke bir bölegi hem bolmasa hiçbir işe ýaramajak gurluşdadyr.
Bihi görme hadysasynda ilki bilen şöhläniň setçatka çarpýandygyny belleyär. Şonda "foton 11 cisretinal" ady berlen bir molekula bilen täsirleşer. Bu molekula birnäçe pikosekunt içinde "transretina" diylen bölegi düzläp biler. Retina molekulasynyň şeklindäki üytgeşme retinanyň baglanan "rodopsin" diylen belogyň şeklinde üytgeyjilige sebäp bolar. Belogyň üytgemegi belogyň hereketleriniňem üytgemegini we mundan soňra "metradopsin II" adyny alyp transdusin diylen başga bir beloga ýapyşmagyny aňladar. Metarodopsin II’ä degmänkä transdusin, ‘GDP’ diyilyän kiçi bir molekula berkje baglanar. GTP-transdusin-Metarodopsin II, ‘fosfodiesteraz' ady berlen başga bir beloga baglanar. Fosfodiesteraz belogy Metarodopsin II we beylekilerine baglananda bir molekulany kesip biljek himiki bir ukyp gazanar we cGMP diylen molekulany keser.
Bihä görä ion kanaly öyjükdäki natriy ionlary düzlemek üçin bir giriş gapysy işini ýerine yetirer. Natriy ionlaryny aýry bir belok aktiw halda täzeden daşaryk beryän wagty, ion kanaly olaryň öyjükde aylanmagyna mümkinçilik berer. Ion kanalynyň bu iki taraply hereketindäki nasosly täsiri bilen öyjükdäki natriy ionlary belli bir derejede galar. Fosfodiesteraz belogynyň işleri bilen cGMP mukdary azalanda ion kanaly ýapylar we bu ýagdaý amatly natriy ionlarynyň öyjükli dykyzlygynyň peselmegine sebäp bolar.
Netijede öyjük gabygyndaky elektrik ýükleri deňagramsyz hala gelip başlar we iň soňky etapda bir elektrik akymynyň optiki nerwlerden beynä tarap barmagyna sebäp bolar. Ine, bu soňky etapda beyin özüne baran elektrik akymyny teswirländen soň görme hadysasy amala aşar.
Ýokarda berlen görme hadysasynyň biohimiki basgançaklary Bihiniň düşündürüşiniň ortaça ýarysydyr.
Bihi görme hadysasynyň tamamlanmagy üçin herekede geçen beloklary durdurjak we öyjügi öňki halyna getirjek
18 sany dürli reaksiyanyň bolyandygyny hem belläp şeyle dowam edyär:
"Bu etapda görmegiň gara gutusy açylandygyna görä Darwiniň 19-njy asyrda ewolyusiyanyň düşündirip bilmedigini aydan görme hadysasy we gözüň anatomiki gurluşyny hakykatdan-da, ewolyusionist logika bilen düşündirip bolmaz. Darwiniň pikir eden we öňe süren her bir anatomiki gurluş şeyle bir ýönekeyje welin, kagyza hem geçirip bolmayan çylşyrymly biohimiki amallary düşündirip bilenok. Darwiniň kiçi böküşler bilen düşündiren zatlary gynansagam diňe dikuçar bilen aşyp boljak derejede ulalandyr."
Kemeldilmejek kompleksligiň nämedigine giňişleyin düşüneliň. Darwinizmiň bütin pikirleri kem-kemden ösüş senariyasyna dayanar. Eger bir ewolyusioniste "Janlylaryň eýe bolan örän täsin organlary nädip orta çykdy" diyip sorasaňyz size şu senariyany aydyp berer: "Howwa, janlylaryň iň soňky derejede kompleks sistemalary birden tötänleyin emele gelip bilmez. Yöne bu sistemalar ýuwaş- ýuwaşdan emele gelendir. Başda sistemanyň ýeke bir bölegi tötänleyin orta çykyp, bu bölek janla amatlylyk üpjün edendigi sebäpli, janly tebigy seçgi bilen seçilendir. Soňra beyleki böleklerem kem-kemden döräp, iň soňunda örän çylşyrymly sistema emele gelendir."
Bu senariyanyň iň başyndan güyjüni gaçyrýan zat janlylardaky köp sistemanyň kemeldilmejek kompleks aýratynlygyna eýe bolmagydyr. Munuň manysy bolsa şudur:
Eger bir sistema diňe bütin bölekleri bar mahaly işläp, ýeke bir bölegi hem kemelende işläp bilmeyän bolsa bu sistema has yönekey gurluşa kemeldilip bilinmez. Ýa kemçiliksiz bolup bardyr we işlär, ýada işlemez. Dykgat edilse kemeldilmejek komplekslige eýe bir sistemanyň kem-kemden emele gelmegi mümkin däl. Çünki sistema doly we kemçiliksiz bolmansoň hiçbir aralyk dereje hem işlemez. Işlemeyąn bir aralyk dereje bolsa ewolyusiyanyň öz logikasyna görä tebigy seçgi tarapyndan elenip ýok ediler.
Darwin janlylaryň kemeldilip bilinjek organlara eýedigini pikir edyärdi. Şol sebäpdenem Görnüşleriň gelipçykyşy atly kitabynda "Eger köp sanawda yzly yzyna gelen kiçi üytgeşmeler bilen döräp bilmejek kompleks bir organyň bardygy subut edilsedi, meniň teoriyam hökmany suratda ýykylardy. Yöne men munýaly organ tapyp bilmedim".
Professory Micheal Bihä görä bilimiň akylly taslama, ýagny "Intelligent Design” teoriyasyny kabul etmek islemeyändiginiň iň kuwwatly sebäbi filosofiki düşünjelere daýanar. Köp sanawdaky möhüm ylymdary içine alýan gurama tebigatyň daşyndaky bir barlygy, ýagny Ýaradyjyny kabul etmek islemezler.
Dr. Bihi özüni tankyt edenleri hem jogapsyz goýmady. Hatda 2020-nji ýylda çykan "A Mousetrap for Darwin: Michael J. Behe Answers His Critics" atly kitabynyň terjimesi "Darwin üçin syçan gapany: Micheal J. Bihi tankytçylaryna jogap beryär" şeklindedir.
Bihi dünyä kitaphanalarynyň kataloglary we kompyuter arhiwleri üstünde geçiren gözlegleri netijesinde kompleks biohimiki sistemalaryň nähili bolup emele gelendigini düşündiryän haýsyda bolsa bir eser ýada barlaga duş gelmediginem belleyär.
Bihiniň "Darwiniň gara gutusy (1996)", "The Edge of Evolution (2007)", "Darwin Devolves The New Science About DNA That Challenges Evolution (2019)", "A Mousetrap for Darwin: Michael J. Behe
Answers His Critics (2020)", "The Edge of Evolution LIB/ e:
The Search for the Limits of Darwinism (2021) atly kitaplary bar.
DNK-daky informasiýanyň gözbaşy
düzetEwolyusionistleriň iň möhüm meselelerinden birisi hem DNK-da duryan informasiyanyň gözbaşydyr. Öyjükdäki informasiýanyň nireden gelendigi soragy Darwinistler üçin gizlinligini goramaga dowam etyär.
Hakykatdan hem DNK-daky bu informasiýa ajaýypdyr. Yeke bir DNK molekulasynda bir million ensiklopediya sahypasyny doldurjak derejede maglumat bar. Dünyäniň iň uly ensiklopediyalaryndan biri bolmagyna garamazdan 23 tomluk "Encyclopedia Britannicanyň" bolsa diňe bir 25 müň sahypasy bar.
Işiň geň tarapy edil bir maglumat dagyny ýatladyan DNK molekulasy bedenimizde diňe bir alty mikrometrlik ýer gaplar. DNK-daky bütin maglumaty kodlayan diňe dört harp (adenin, guanin, sitozin we timin) bolup duryar. Bu harplaryň dürli yzygiderliligi bilen dürli aminokislota we beloklar emele geler.
Ýeke bir belogy sintezlemek üçin hem 1200- 2000 arasyndaky harpa zerurlyk bardyr.Micrasoftuň gurujusy bolan Bill Gates "The Road Ahead" atly kitabynda DNK-nyň bir kopmyuter programmasyna meňzeyändigini, yöne onuň şuwagda çenli ýazylan informasiyalardan hasda ösen derejededigini dile getiryär.
Jansyz we aňsyz elementleriň bir ara gelip DNK-da kodlanan bu täsin informasiya hazynasyny orta çykarmagynyň ähtimaly ýokdur. Ilkinji janlylygyň orta çykyşy, ösüşi we köpelmesi hem düybünde informasiya bilen baglydyr. Informasiyanyň gözbaşy soragy jogaplanmasa, janly organizmlaryň emele geliş we ösüşleri hem çözülip bilinmez.
Kitap we kompyuter programmalaryndaky maglumatlar onuň yzyndaky awtory görkezyän bolsa, kitap ýada kompyuter programmasyndan hasda kompleks we kämil ýagdaýdaky DNK molekulasynyň Ýaradyjy bolman emele gelendigini hyýal etmek hem kyndyr.
Bir kitap aňyrda dursun, bir kenarda ýere yazylan manyly bir söz görenimizde hem munuň akylly bir barlyk tarapyndan ýazylandygyna aň ýetireris. Muňa garamazdan, eger ähli öyjük döwürlerini dolandyrýan, bedeniň zerurlyk duýýan bütin beloklaryny öndürjek kodlary emele getiryän ajaýyp bir informasiýanyň gözbaşyny tötänleyin döwürler bilen düşündirmäge synanyşsak, elbetde örän yalňyş bir hereket sergiläris.
Netije hökmünde DNK molekulasynyň tapylmagy janlylygyň başlangyjy bilen bagly her dürli naturalistik düşündirişlere garşy urulan iň güyçli urgylardan biri bolandyr.
Bu makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |