Ýasama akyl
Ýasama akyl (Iňlisçe: artificial intelligence, Türkçe: yapay zekâ) - kompýuter ylymynyň bir bölegi bolup, awtomatlara akylly şekilde pikirlenmegi we özüni alyp barmagy öwretmek isleýän ylymdyr. Diller arasy terjime, ses tanamak, ýüz tanamak, el ýazgylary tanamak ýaly işler mysal bolup biler. Widýo oýunlarynda hem giňden ulanylýar, meselem küşt programmalary ýada meňzeşleri.
Taryhy
düzetÝA Filosofiyasy
düzetTuring synagy
düzetAwtomatlaryň akyllylygyny ölçemek üçin Turing synagy atly eksperiment geçirilýär. Bir otagda kompýuteriň başynda adam oturýar we 2 kişi bilen diňe ýazgy arkaly gürleşip bilýär. Olaryň biri adam, biri bolsa awtomat, ýöne haýsynyň haýsydygyny bilenok. Ol adam olaryň ikisinede sorag soraýar we jogaplaryny gözden geçirýär. Islän soragyny soramaga haky bar we ahyrynda, kimiň-kimdigini biljek bolmaly.
Egerde söhbetdeşlik dowamynda awtomat özüniň adamdan tapawudyny görkezmese, ol awtomadyň synagdan geçdigi bolýar, ýagny adamyňky derejede ýeterlik akyly bar.