Ýedi nokatly koksinellid tomzagy

Biziň «Okaraňy getir süýt bereýin», kekenler diýip atlandyrýan tomozaklarymyzyň wekilidir. Bu uly bolmadyk, arka tarapy gabarçak, garyn tarapy tekiz, murtlary, aýaklary gysgajyk, örän kiçijik pyşdyla meňzeş, reňkli gyzyl, arka tarapynda her bir öňki gaty ganatynyň üstünde üç sany gara tegmil, ýedinji tegmil bolsa şu ganatlaryň esaslarynyň üstünde ýerleşýärler. Bu tomzaklar ösümlikleriň şire suwuklygyny sorujylar bolan şireleri we koksidleri iýýärler. Bu ýyrtyjy tomozak medeni ösümlikleriň goraýjysydyr, şoňa görä-de ony öldürmekden, gyrmakdan saklanalyň.