Ýolöten etraby Mary welaýatynyň günortasynda, Murgap derýasynyň jülgesinde ýerleşýän uly etraplaryň biridir. Etrap pagtaçylyga, däneçilige, dowardarçylyga, üzümdarçylyga ýöriteleşdirilendir. Günorta Ýölöten–Osman gaz käniniň özleşdirilmegi, onuň esasynda uly gaz-himiýa toplumlarynyň gurulmagy geljekde etrabyň senagat önümçiligindäki ähmiýetini artdyrar. Etrapda ýöriteleşdirilen üzümdarçylyk hojalygy we çakyr kärhanasy bar. Murgap derýasynyň boýlarynda dürli wagtlarda Ýolöten, Kolhozbent, Hindiguş suw howdanlary guruldy. Ýolöten etrabynyň düzümine 1 şäher, 1 şäherçe, 15 geňeşlik we 48 oba girýär.
Etrap merkezi Ýolöten şäheri welaýatda ululygy we ähmiýeti boýunça 3-nji orunda durýar. Ol gadymy Ýüpek ýolunyň ugrunda kerwensaraý hökmünde dörän irki ilatly ýerleriň biridir. 1939-njy ýylda oňa şäher statusy berildi.
Ýolöten şäheri etrap merkezi bolup, Murgap derýasynyň suwaryş ulgamlaryny emele getirýän ýerinde ýerleşýär. Şäheriň üstünden Mary–Serhetabat demir we awtomobil ýollarynyň geçmegi onuň ykdysady-geografik ýerleşişiniň ähmiýetini artdyrýar. Şäheriň golaýynda pagtanyň tohumçylygy we seleksiýasy ylmy-barlag instituty we 1913-nji ýylda gurlan Hindiguş suw elektrik stansiýasy işleýär. Şäherde egirme-dokma, bezeg fabrikleri, pagta arassalaýjy, süýt önümleri zawodlary bar.
Etrabyň düzümine girýän S.A.Nyýazow adyndaky şäherçe Ýolöten şäherinden 30 km. günortada ýerleşýär. Şäherçäniň golaýynda Ymambaba demir ýol stansiýasy, geologiýa-gözleg ekspedisiýasy bar.