Ýusup Balasagunly
Ýusup Balasagunly 1017-nji qara haniylar uyghur döwletine degişli Balasagun şäherinde dünýä inýär. Ol bilim-sowadyny öz iliniň ulamalaryndan, danalaryndan alýar. Ene dilinden daşary arap, pars, ýunan, hytaý we hindi dillerini kemsiz özleşdirýär. Ol gadymy türki ynançlardan başga yslam, buddizm, maniheýçilik ýaly şol sebitde ýaýran beýleki dinleri hem çuňňur öwrenipdir. Şeýdibem alymyň ylmy gözýetimi has giňäpdir.
Ilki Balasagunly Ýusup ady bilen tanalan bu akyldar, «Kutadgu-bilik» («Bagt getiriji bilim») atly ajaýyp eserini ýazanyndan soň, has-hajyp derejesini gazanýar we Gara Bugra hanyň weziri edilip bellenilýär. «Kutadgu-bilik» 6645 beýtlik uly eserdir. Alymyň bu eserinde adamzadyň ruhy sagdynlygy, ahlak arassalygy, sabyr-kanagatlylygy, pespälligi we ruhubelentligi çeper sözleriň, sazlaşykly kapyýalaryň üsti bilen beýan edilýär.
Ol «Alymlaryň ylmy, halkyň ýoluny ýagtyldar. Ylym bir şem kibidir, gijelerine ýanar we adamzada dogry ýoly görkezer. Şonuň üçin alymlary hormatlamak we olaryň ylymlaryndan peýdalanmak gerekdir» diýip ýazýar. Bu eser türkmen dilinde ýazylan ilkinji syýasatnama eseri hasaplanýar.
Dünýä edebiýatynda we ylmynda öçmejek yz goýan türkmen akyldary Ýusup Balasagunly, taryhy maglumatlara görä, 1077-nji ýylda dünýäden ötýär. Biziň döwrümizde dürli ýyllarda, dürli dillerde çap edilen, «Kutadgu-bilik» dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýedir. Eseriň 1971-nji ýylda Daşkentde çap edilen Özbekçe we köne türki dildäki nusgasy, şeýle hem S.N.Iwanow tarapyndan rus diline terjime edilip, 1990-njy ýylda çap edilen nusgasy muňa mysal edip bolar.
Çeşme
düzet“Dünýä edebiýaty” žurnaly (№1.2011)
Kategori:Türk yazarlar Kategori:Dilbilim Kategori:Türkçe Kategori:1017 doğumlular Kategori:1077 yılında ölenler Kategori:Ölmüş insanlar