Şäher häkimleriniň bileleşigi
Şäher häkimleriniň bileleşigi [1] öz çäklerinde energiýa tygşytlylygyny we täzeläp bolýan energiýa çeşmeleriniň ulanylyşyny ýokarlandyrmaga meýletin borçlanýan ýerli we sebit häkimiýetlerini öz içine alýan, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan badalga berlen başlangyçdyr. Bileleşige gol çekenler 2020-nji ýyla çenli kömürturşy gazynyň çykarylyşyny azyndan 20% azaltmaga, şeýtmek bilen daşky gurşawa zyýansyz ykdysady ösüşe we ýaşaýşyň hilini ýokarlandyrmaga goşant goşmaga borçlanýarlar.
Şäher häkimleriniň bileleşigine 2008-nji ýylda ÝB howa we energiýa maksatnamalaryny döretmekde we durmuşa geçirmekde ýerli häkimiýetleriň tagallalaryny güýçlendirmek we goldamak maksady bilen Ýewropa Topary tarapyndan badalga berilýär. Onuň meseläni ele alşy we usullary ÝB çäklerinden daşarda hem jogapsyz galmady, Argentina ýa-da Täze Zelandiýa ýaly uzak ýurtlardan hem bileleşige täze gol çekenler bar.
Energiýa we howa baradaky maksatlara amal etmekde ýerli, sebit we ýurt derejesindäki taraplary dahylly edýän ýeke-täk hereket bolup, özboluşly aýratynlyklary sebäpli Ýewropa Bileleşiginiň guramalary Şäher häkimleriniň bileleşigini köp derejeli dolandyryşyň adatdan daşary modeli diýip kesgitleýärler.
Şäher häkimleriniň bileleşigine gol çekenler
düzetKiçijik obalardan başlap Kiýew, London, Pariž ýa-da Tbilisi ýaly paýtagtlara we iri şäherlere çenli ähli ululyklarda ýerli häkimiýetler Şäher häkimleriniň bileleşigine gol çekip bilerler.
Ýerli hökümetler howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmakda wajyp ähmiýete eýe bolup durýarlar, sarp edilýän energiýanyň we çykarylýan kömürturşy gazynyň 80%-iniň şäher işjeňligi bilen baglanyşyklydygyny göz öňünde tutsak, olaryň ähmiýeti hasam aýdyň görünýär. Ýurt derejesindäki hökümetler goldasa, ýerli häkimiýetler raýatlaryň özlerini alyp baryşlaryny üýtgetmekde, howa we energiýa meselelerini has giňişleýin ele almakda, döwlet eýeçiligindäki we hususy eýeçilikdäki pudaklaryň bähbitlerini ylalaşdyrmakda we durnukly energiýa meselelerini umumy ýerli ösüş maksatlaryna ornaşdyrmakda iň amatly orny eýeleýärler.
Şäher häkimleriniň bileleşigine goşulmak ýerli häkimiýetlere raýatlary ekologiki, jemgyýetçilik we ykdysady taýdan durnukly daşky gurşaw bilen üpjün etmäge mümkinçilik döredýär, öz çäklerinde kömürturşy gazyny azaltmak tagallalaryny güýçlendirýär, Ýewropa Bileleşiginden we halkara guramalardan goldaw almagyň, olar tarapyndan tanalmagyň we göreldeli işlerden peýdalanmagyň ýoluny açýar.
Resmi borçnamalar
düzetŞäher häkimleriniň bileleşiginiň çägi diňe niýetleriň beýan edilmeginden ybarat däl. Bileleşige gol çekenler özleriniň energiýa we kömürturşy gazyny azaltmak baradaky ýokary borçnamalaryna amal etmek üçin birnäçe ädimi ýerine ýetirýärler, durmuşa geçiren işleri barada hasabat bermäge we şol işlere gözegçilik edilmegine boýun bolýarlar. Kesgitlenen döwürlerde olar aşakdakylary ýerine ýetirmäge resmi taýdan borçlanýarlar:
- Kömürturşy gazynyň çykýan esasy çeşmelerini kesgitleýän resminamany taýýarlamak, ýerli durnukly energiýa maksatnamasyny döretmek we şertlere uýgunlaşdyrmak;
- Zerur işleri ýerine ýetirmek arkaly maksatnamany durmuşa geçirmek üçin ýeterlik adam güýjüni bölüp bermek ýaly administratiw gurluşlary ýeterlik derejede döretmek;
- Şäher häkimleri bileleşigi başlangyjyna resmi taýdan goşulanyndan soňra bir ýylyň dowamynda Durnukly energiýa hereket meýilnamasyny tabşyrmak; şol meýilnamada saýlanan başlangyç ýylyndaky kömürturşy gazy bilen deňeşdirileninde 2020-nji ýyla çenli kömürturşy gazynyň çykarylyşyny azyndan 20% azaltmaga gönükdirilen anyk çäreleri görkezmeli
- Durnukly energiýa hereket meýilnamasyny tabşyranyndan soň iki ýylda bir gezek durmuşa geçirmek hasabatyny baha beriş, gözegçilik we tassyklaýyş maksatlary bilen tabşyrmak
Durnukly energiýa hereket meýilnamalaryny döretmekde energiýa dolandyryş mümkinçiliklerini emele getirmek we ýerli degişli taraplary çekmek üçin bileleşige gol çekenler şulara-da borçlanýar:
- Tejribäni we maglumatlary beýleki ýerli häkimiýetler bilen paýlaşmak;
- Durnukly ösüş we energiýany tygşytlamak meselelerine raýatlaryň gyzyklanmasyny çekmek üçin ýerli energiýa günlerini geçirmek;
- Şäher häkimleriniň bileleşiginiň ýylda bir gezek geçirilýän dabarasyna, tematiki sehlere we çekeleşik topary duşuşyklaryna gatnaşmak ýa-da goşant goşmak;
- Bileleşigiň şygaryny degişli ýerlerde wagyz etmek, esasanam beýleki şäher häkimlerini bileleşige goşulmaga höweslendirmek.
Durnukly energiýa hereket meýilnamalary
düzetEnergiýa we howa borçnamalaryna amal etmek we olary artykmajy bilen ýerine ýetirmek üçin Şäher häkimleriniň bileleşigine gol çekenler başlangyja goşulanlaryndan soň bir ýylyň dowamynda Durnukly energiýa hereket meýilnamasyny (SEAP) döretmäge borçlanýarlar. Şäher häkimliginiň geňeşi tarapyndan tassyklanan bu hereket meýilnamasy bileleşige gol çekenleriň borçnamalaryna amal etmek üçin göz öňünde tutýan çärelerini we işlerini gysgaça beýan edýär, olaryň durmuşa geçiriljek wagtyny we bellenen jogapkärçilikleri görkezýär.
Köp dürli tehniki we usulyýet goldaw materiallary ("SEAP ýol görkeziji kitapçasy" we şablony, bar bolan usullar we gurallar barada hasabat we ş.m.) SEAP-y döretmek amalynyň tutuş döwründe ýol görkezýär we düşnükli maslahatlar berýär. Ýerli häkimiýetleriň tejribelerine esaslanýan we Ýewropa Toparynyň Bilelikde gözleg merkezi bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly döredilen bu goldaw toplumy bileleşige gol çekenleri möhüm ýörelgeler we düşnükli ädimme-ädim durmuşa geçiriş bilen üpjün edýär. Ähli resminamalary www.eumayors.eu web saýtynyň kitaphanasyndan göçürip alyp bolýar.
Utgaşdyrmak we goldaw
düzetBileleşigiň utgaşdyryjylary we goldaýjylary
düzetBileleşige gol çekenler kömürturşy gazynyň esasy çykýan çeşmelerini kesgitlemek, ýerli durnukly energiýa maksatnamasyny döretmek, degişli Durnukly energiýa hereket meýilnamasyny düzmek, bu meýilnamada görkezilen işleri maliýeleşdirmek we onuň netijelerine gözegçilik etmek üçin hemişe zerur mümkinçiliklere (gurama gurluşy, ussat işgärler, pul serişdeleri, maglumat binýatlary, statistikalar, usulyýetler, gurallar we beýleki çeşmeler) eýe bolup duranoklar. Şu ýagdaýy göz öňünde tutup, gol çekenleriň öz borçnamalaryna amal etmekleri üçin kömek bermekde ýurt derejesindäki guramalar, welaýatlar, sebitler, şäher häkimlikleriniň toparlary we arabaglanyşyklary, şeýle hem, maliýe goldawyny berijiler wajyp ähmiýete eýedirler.
Bileleşigiň utgaşdyryjylary bileleşige gol çekenlere strategiki ýol görkezýän, şeýle hem, Durnukly energiýa hereket meýilnamalaryny döretmekde hem-de durmuşa geçirmekde olara maliýe we tehniki goldaw berýän dürli derejelerdäki döwlet edaralarydyr. Ýewropa Topary "Ýerlerdäki utgaşdyryjylary", ýagny welaýatlar, sebitler ýaly merkezi däl edaralary we "Ýurt derejesindäki utgaşdyryjylary", ýagny milli energiýa gulluklary we ýerli energiýany ösdürmek işini dolandyrýan ministrlikler ýaly ýurt derejesindäki guramalary biri-birinden tapawutlandyrýar.
Bileleşigi goldaýjylar Şäher häkimleriniň bileleşigi başlangyjyny wagyz edýän we oňa gol çekenleriň borçnamalaryny goldaýan tanadyş, aragatnaşyk we arabaglanyşyk işlerini ulanýan, ýurt we sebit derejesindäki arabaglanyşyklar hem-de ýerli häkimiýetleriň arbaglanyşygy bolup durýarlar.
Şäher häkimleriniň bileleşiginiň dolandyryş merkezi
düzetŞäher häkimleriniň bileleşigine gol çekenlere we degişli taraplara Şäher häkimleriniň dolandyryş merkezi tarapyndan gündelik esasda höweslendiriji, tehniki we administratiw kömek berilýär. Merkezi sekretariat Brýusselde (Belgiýa) ýerleşýär, iki goşmaça şahamça bolsa Lwow (Ukraina) we Tbilisi (Gruziýa) şäherlerinde ýerleşip, Gündogar hyzmatdaşlgyň ýurtlaryndaky ýerli häkimiýetlere goldaw berýär. Brýusseldäki sekretariat hem, Lwow we Tbilisi şahamçalary hem ýerli we sebit häkimiýetleriniň arabaglanyşygy we ýurt derejesindäki guramalaryň konsorsiumy tarapyndan dolandyrylýar. Şäher häkimleriniň bileleşiginiň Brýusseldäki dolandyryş merkezi başlangyjyň işlerini umumy utgaşdyryjy bolup durýar.
Ýewropa Bileleşiginiň guramalary
düzetBileleşige gol çekenleriň Durnukly energiýa hereket meýilnamalaryny kämilleşdirmek we olaryň durmuşa geçirilişini goldamak maksady bilen Ýewropa Topary bileleşigiň agzalaryna niýetlenen maliýe guramalarynyň döredilmegine goşant goşdy, bu guramalaryň arasynda iri gerimli taslamalar üçin Ýewropanyň Maýa goýum banky bilen bilelikde döredilen Ýewropa ýerli energiýa kömegi (ELENA) guramasy we Germianiýanyň Group KfW topary bilen şäriklik esasynda döredilen ELENA-KfW bolup, ol Ýewropadaky kiçi we orta derejeli şäher häkimliklerine durnukly maýa goýumlaryny çekmäge kömekçi bolup durýar. Ýakyn wagtda işe giriziljek ELENA-Gündogar guramasy Ukrainadan, Moldowadan, Gruziýadan, Ermenistandan we Azerbaýjandan gol çekenlere şolar ýaly kömek berer.
Ýewropa Toparyndan başga-da, bileleşige gol çekenler başlangyjy döredilen gününden bäri goldaýan Sebitler toparynyň, bileleşige gol çekenleriň ýyllyk ýygnagy we gol çekmek dabarasynyň geçirilýän ýeri bolan Ýewropa Mejlisiniň, maýa goýum mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde ýerli häkimiýetlere goldaw berýän Ýewropanyň Maýa goýum bankynyň doly goldawyndan peýdalanýarlar.
Bilelikde gözleg merkezi
düzetÝewropa Toparynyň Bilelikde gözleg merkezi başlangyja tehniki we ylmy goldaw bermekden jogapkär bolup durýar. Ol bileleşige gol çekenlere düşnükli tehniki gönükdirmeleri we şablonlary üpjün etmek arkaly olaryň borçnamalaryna amal etmeklerine kömek edýär, şu maksat bilen we meýilnamalaryň durmuşa geçirilişine hem-de netijelerine gözegçilik etmek üçin Şäher häkimleriniň bileleşigi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.
Şeýle hem, serediň
düzetSalgylanmalar
düzet- ↑ "Arhiw nusgasy" (PDF). Archived from the original (PDF) on 2015-09-26. Retrieved 2012-09-18.