Şeýpingadam keşbine syrdamlylyk hem gelşiklik çaýmaga niýetlenen maşklaryň tutuş bir ugrudyr. Şu ýerde bu ugruň belli bir beden maşklary ýerine ýetirmek bilen çäklenmeýändigini bellemegiňiz zerurdyr. Mundan başga-da, maşklaryň bu toplumy horlanmaga ýardam edýär. Şeýping adamyň durky dürmegi bilen sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly bolmagyny, wagtly-wagtynda hem dogry iýmitlenmegini aýrylmaz şert edip goýýar.

Şeýping ilkinji we aýrylmaz şertleriniň biri hem bu maşklary ilki lukmana ýa-da ýörüte hünärmene görnüp, onuň bilen öz göwräňiziň gurluşynyň hem saglyk ýagdaýyňyzyň aýratynlyklary barada oňat maslahatlaşyp, diňe şondan soň yerine ýetirmäge girişmelidir. Lukman ýa-da bu ugurdaky tälimçisize şeýping bilen meşgullanmagyň bolýandygyny ýa-da haýsy maşklary saýlap alanyňyzda nahili oňat ntije berjekdigini maslahat bererler. Toplumlaýyn maşklaryýörite niýetlenen şeýping otaglarda ýerine ýetirýärler.

Beden maşklarynyň beýleki toplumlary ýaly şeýping hem şu bolekden ybaratdyr, beden synalaryňa az kem ýazgynlyk bermek maşklary ýagny:

  • Synalaryňy dartmak arkaly işjeňleşdirmek maşklary;
  • Synalaryňy gowşadýan , rahatlandyryýan maşklar.

Şeýping has giňden ýaýran görnüşleriniň arasynda tutuş maşgala bolup türgenleşmäge, çagalara we ýetginjeklere, zenan maşgalalara we erkek kişiler, göreli gelinlere weyaş enelere niýetlenen ugrarlaryny tapawutlandyrýarlar. Ol soňky wagtlarda has meşhurluga eýe bolan aerobika bilen çalşylýan ýagdaýlaryň hem gyt däldigini bellemek gerek. Emma aerobikadan tapawutlylykda, şeýping takyk saýlanyp alnan beden maşklarynyň anyk kesgitlenen berhizlik ugry bilen pugta utgatdyrylmagyny esasy şert edip goýýar hem-de göwräniň belli bir böleginiň gurluşynda ýüze çykan näsazlyklary aradan aýyrmaga gönükdirilendir. Mundan başgada , şeýping maşklar ýerine ýetirilende, gündäki durmuşymyzda käplenç hereketsiz bolmagynda galýan beden myşsalary işjeňleşip, olaryň berkligi we çeýeligi artýar.

Şeýpingde peýdalanylýan fitnes maşklarynyň esasy toparlary dogrusynda has giňişleýin aytmagyňyz gerek. Olaryň ilkinjisi aerobikadyr.

Aerobika – saza goşulup ýerine ýetirilýän tans maşklary. Aerobikanyň nusgawy, tans, güýjiňi artdyrýar, şeýle-de suwdaky tanslar görnüşlerini tapawutlandyrýarlar.

Kallanetika – fitnesiň we gimnastikanyň özboluşly utgaşmasydyr hem – de beden maşklarynyň hemme taraplaryny çekip ýazmaga gönükdirilendir. Fitnesiň bu görnüşi häzirki döwürde, aýratyn hem Amerikada we Ýewropada uly meşhurlyga eýe bolýar.

Fitbol maşklary ýörüte ýel berilip çişirilýän pökgüleri peýdalanmak bilen ýerine ýetirilýär. Maşklaryň aglaba bölegi beden maşklaryna agram berip, olary ýazmak bilen baglydyr.

Taý-bo – tiz horlanasy gelýänleriň saýlap alýan fitnesidir. Ol öz içine sazly tanslaryň we Gündogaryň başa – baş söweşleriniň esasy elementlerini alýar. Mun-da türgenleşýän adam hyýaly “garşydaşyna” el we aýak urgularyny ýerine ýetirýän ýaly hereketlenýärler. Fitnesiň soňky birnäçe ýylda tiz ýaýraýan ugurlarynyň ýene-de biri slaýd maşklarydyr.

Slaýd maşklary - türgenleşýän aýagyna ýörüte aýakgaplary geýip, ýylmanak ýodajykda lyzada typýanyňka meňzeş hereketleri berjaý edýär. Maşklary bu topary aýak we bilçanak myşsalaryny pugtalandyrýar dem alyş we ýürek – damar ulgamlarynyň işleýşini sagdynlaşdyrýar.

Mundan başga-da häzirki döwürde giňden ýaýran fitnes maşklarynyň arasynda sport tanslaryny, step, pamp tanslaryny, ýoga maşklaryny we beýleki köp sanly sagdynlaşdyryjy usulýetleri görkezmek bolar. Indi şeýpingiň özi barada durup geçeliň. Şeýpingiň iki görnüşini: anabolik (ýagny beden maşklarynyň göwrimini artdyrýan) hem-de katabolik (beden myşsalarynyň agramyny kemeldýän we horlanmaga kömek edýän) görnüşlerine bölýärler. Bular diňe bir berjaý edilýän maşklaryň toplumy bilen däl, eýsem, iýmitleniş aýratynlygy bilen hem özara tapawutlanýarlar.

  • IUHD. Mämmetnazarowa Merjen