Şem / Serdar Saparow

Dünýä gara donun atyndy egne, Gözedürtme garaňkyda bir men bar. Dünýä ýagty saljak hiç bir närse ýok, Diňe bir şem bar.

Şemi ýakdym, ujypsyzja yşygy tümlükde has ýagty berýän mysaly, Diwarymda tans oýnaýar kölgesi Kölgesi özünden has uly ýaly.

Ýok uly ol, hörpi uly görünýär, Ýaňy baýanlaryň boş bady ýaly. Sen bilmezmiň, eý şem, oň ýok boljagyn Ýalan pygamberleň galp ady ýaly.

Her näme-de bolsa, misli ýylan deý Bir ýüpe çyrmaşyp ýagtyldýanyň hak. Meň ýüregim alaw-alaw ýansa-da Nämüçindir hiç aýdyňlyk berenok.

Kalbym ýanardag deý lowlap dursa-da Ne bir ýagty saçdy, ne yşyk saldy. ...Wagt geldi. Şemem söndi. Bu gije Ýeke-täk syrdaşym dymyşlyk galdy...

2017