Şondong gowagy
Şondong gowagy – dünýäniň iň uly gowagydyr. Ol Wýetnamyň Kuangbin welaýatynda ýerleşýär. Bu welaýat ýurduň paýtagty Hanoýdan 500 kilometr uzaklykda ýerleşýär.
Ýerli halk 1991-nji ýyldan bäri şeýle gowagyň bardygyny bilýär. 2009-njy ýylda britan alymlary bu gowagyň üstünden bardylar. Olar gowak barada ylmy barlaglary geçirdiler. Onuň käbir böleginiň beýikligi 240 metre, ini 100 metre ýetýär. Şondong gowagy Fongnýa-Kebang milli seýilgähiniň içinde ýerleşýär. Gowagyň has irki döwürlere degişlidigi anyk maglumatlar bilen tassyklandy.
Salgylanma
düzethttp://www.zamantm.com/tm/newsDetail_getNewsById.action?newsId=57684[permanent dead link]