Žan Genry Dunant
Žan Anri Dýunan (fransuzça Jean Henri Dunant; 8 maý 1828 - 30 oktýabr 1910) - şweýsar telekeçisi we jemgyýet işgäri. Fizik Žan-Daniel Kolladonyň ýegeni. 1901-nji ýylda Frederik Passi bilen bilelikde parahatçylyk ugry boýunça Nobel baýragynyň ilkinji laureaty bolýar.
Irki durmuşy we bilimi
düzetTelekeçi Žan-Žak Dýunanyň we Antuanetta Dýunan-Kolladonyň ilkinji ogly - Anri Dýunan Ženewa jemgyýetinde uly abraýy bolan maşgalada dogulýar. Onuň ene-atasy jemgyýetçilik işlerine uly ähmiýet beripdirler, kakasy ýetimlere we tussaglykdan boşadylanlara işjeň hemaýat eden bolsa, ejesi keselli we garyp adamlar kömek edipdir. Kakasy türmede we ýetimler öýünde hem işlän.
Reveil diýip bilinýän dini galkynma döwründe ulalan Dýunan 18 ýaşynda Ženewaň Yhsanlyk jemgyýetine goşulýar. Bir ýyldan soň dostlary bilen bile, Injili öwrenmek we garyplara kömek etmek üçin ýygnanşan ýaş ýetginjekleriň açyk toparyny - "Thursday Association-y" döredýär we boş wagtynyň köp bölegini türmelere kömek etmäge we jemgyýetçilik işlerine sarp edýär.
1849-njy ýylda pes bahalary sebäpli Kalwin kollejini terk etmeli bolýar we Lullin et Sautter pul alyş-çalyş firmasynda tälim alyp başlaýar. Ony üstünlikli tamamlandan soň bankyň gullukçysy bolup galýar.
Alžir
düzetOl 1856-njy ýylda daşary ýurt koloniýalarynda iş alyp barmak üçin biznes gurnaýar. Fransuz koloniýasy bolan Alžirde oňa ýer berlenden soň "Financial and Industrial Company of Mons-Djémila Mills" diýip at berlen gallaçylyk we söwda kompaniýasyny açýar. Emma ýer we suw hukuklarynyň açyk-aýdyň bolmazlygy we koloniýal häkimýetleriň hyzmatdaşlyk etmäge ýykgyn etmezlikleri kompaniýaň öňünde kynçylyklary döredipdir. Dýunan ýagdaýdan çykalga tapmak üçin şol wagt öz goşuny bilen Lombardiýada bolýan fransuz imperatory Napoleon III-iň göniden göni özüne ýüz tutmaly diýen karara gelýär. Fransiýa şol wagtlar häzirki Italiýaň agramly bölegini eýelän Awstriýa garşy uruş alyp barýan Sardiniýa Patyşalygynyň (Pemonta-Sardiniýa hem diýilýär) tarapynda söweşipdir. Dýunan imperatora gowşurmak niýeti bilen ony öwgiler bilen taryplaýan kitap ýazýar we oňa duşuşmak üçin fransuzlaryň ştab-kwartirasynyň ýerleşen uly bolmadyk Solferino şäherine ugraýar.
Solferino söweşi
düzet1859-nji ýylyň 24-nji iýunynda Solferinodan uzak bolmadyk ýerde iki tarapyn arasynda söweş bolýar. Şol gün agşam hem Solferino gelen Dýunan söweş meýdanynda hiç hili kömeksiz diýen ýaly galan 38 müň ýaraly, jan berip ýatan we ölen adamlara gabat gelýär. Gören ahwalatyndan täsirlenen Dýunan ýaraly we keselli esgerlere kömek etmek üçin parahat ilatdan, esasan hem aýallardan we gyzlardan düzülen toparlary döretmek inisiatiwasyna öz üstüne alýar. Ýetmezçilik edýän zerur zatlary satyn almaklygy gurnaýar, wagtlaýyn keselhanalary gurmaklyga kömek edýär. Oňa, golaýda ýerleşýän Kastilone-delle-Stiwýere şäheriniň aýallarynyň oýlap tapan "Tutti Fratelli" (Ählimiz dogandyrys) şygaryna eýgerip, haýsy tarapda uruşýandygyna garamazdan ýaralananlara kömek etmeklige ilaty yrmak başardypdyr. Şeýle-de ol fransuzlar tarapyndan ýesir alnan awstriýaly lukmanlaryň boşadylmagyny hem gazanypdyr.
Gyzyl Haç
düzetIýulyň başynda Ženewa gaýdyp gelenden soň Dýunan görenleri barada kitap ýazyp başlaýar we ony 1862-nji ýylda "Solferino söweşiniň ýatlamalary" ady bilen öz hasabyna 1600 sany nusgada çap etdirýär. Ol kitapda söweşi, edilen çykdajylary we onuň getiren netijelerini beýan edýär. Şeýle hem geljekde ýaralanan esgerlere kömek edip biljek bitarap guramanyň bolmalydygy baradaky ideýany öňe sürýär. Ol goldaw tapmak maksady bilen kitabyny Ýewropanyň belli syýasy we harby işgärlerine iberipdir.
Öz ideýalaryny ornaşdyrmak maksady bilen Ýewropa syýahat edip başlan Dýunanyň kitaby gowy garşylanýar we Ženewa maddy üpjünçilik jemgyýetiniň prezidenti, ýurist Gustaw Muanýe kitaby we ondaky teklipleri guramanyň 1863-nji ýylyň 9-njy fewralyndaky ýygnagynyň esasy temasyna öwürýär. Ýygnakda Dýunanyň tekliplerine agzalar tarapyndan oňyn baha berilýär we olary amala aşyrmak mümkinçiligini hasda çuňlaşdyrmak maksady bilen bäş adamdan ybarat bolan Komitet döredilýär. Oňa Dýunanyň özünden başga Muanýe, şweýsar goşun generaly Anri Dýufur we lukmanlar Lui Appiýa bilen Teodor Monuar kabul edilýär. Olaryň ilkinji ýygnagynyň geçirlen güni (1863-njy ýylyň 17-nji fewraly) häzirki wagtda Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň döredilen güni hasaplanýar.
Guramanyň döredilen ilkinji günlerinden Muanýe bilen Dýunanyň arasynda garaýyşlary we planlary bilen bagly düşünişmezlikler we dawalar artyp başlaýar. Muanýe ýaralananlara kömek edýänleri bitarap gorag bilen üpjin etmek baradaky Dýunanyň ideýasyny durmuşa geçirmek mümkin däl hasap edensoň, oňa ol ideýadan ýüz öwürmegi maslahat berýär. Emma Dýunan saparlarynda, ýokary wezipeli syýasy we harby işgärler bilen duşuşyklarynda öz pikiriniň tarapynda çykyş edýär. Bu bolsa olaryň arasyndaky şahsy konfliktiň has hem güýçlenip, Muanýeň Dýunana we onuň ýolbaşçy bolmak baradaky meýillerine garşy hereket edip başlamagyna getirýär.
1863-nji ýylyň oktýabrynda ýaraly esgerlere kömek edilşini kämilleşdirmegi maslahat etmek üçin komitetiň Ženewada gurnan ýygnagyna 14 döwlet gatnaşýar. Onda Muanýeň tagallalary sebäpli Dýunan kagyz ýüzünde ýolbaşçy bolup galýar. Bir ýyldan soň şweýsar parlamentiniň gurnan diplomatik konferensiýasynda Ženewa konwensiýasyna 12 döwlet gol goýýar. Bu gezek bolsa Dýunana diňe gatnaşyjylaryň myhmanhanalarda ýerleşdirilmegini gurnamak ynanylýar.
Ýatdan çykarylan döwüri
düzetÖz gumanistik ideýallaryna wepalylygy onuň Alžirdäki biznesine hem zyýan ýetirýär. 1867-nji ýylyň aprelinde "Crédit Genevois" maliýe firmasynyň tozmagy Dýunany dawaň üstünden eltýär. Ol öz kompaniýasynyň batandygyny yglan etmäge mejbur bolýar we şol ýylyň awgustynda Ženewaň Söwda Sudy tarapyndan gözboýagçylykda günäli bilinýär. Kompaniýaň çökmegi oňa maliýe taýdan goşant goşan eden maşgalasyna we dostlarynyň köpüsine uly zyýan ýetirýär. Kalwinist däpleriniň çuňňur ornaşan şäheri bolan Ženewadaky sosial närazylyklar Dýunany Halkara komitetden gitmäge çagyryp başlaýar. Ol 1868-nji ýylyň 25-nji awgustynda sekretarlyk wezipesinden gidýär, 8-nji sentýabrda bolsa komitetden doly çykarylýar. Onuň kowulmagynda 1864-nji ýylda komitetiň prezidenti bolan Muanýe esasy rol oýnaýar.
Ol 1867-nji ýylyň martynda dogduk şäherini terk edýär we ömrüniň ahyryna çenli gaýdyp gelmeýär. Dýunana dostlaryndan goldaw we kömek bolmazlygyny gazanmak üçin soňky Muanýe ýyllarda-da öz abraýyny ulanypdyr. Meselem, Parižiň bütin dünýä ýarmarkasynda "Ahlak Ylymlary baýragynyň" altyn medaly ilkibaşda planlaşdyrylşy ýaly Dýunana berilmän, pul baýragy dolulygyna Komitete gider ýaly Muanýe, Dýufur we Dýuna üçüsine bilelikde berlipdir. Eger Dýunanyň dostlary onuň bergileriniň ýarysyny üpjin eden ýagdaýynda, galan ýarysyny öz üstüne almak baradaky Napoleon III-iň teklibine böwet bolmak üçin hem Muanýe yhlas edipdir. Dýunan Pariže göçüp barandan soň mätäçlikde ýaşan hem bolsa özüniň gumanistik ideýalaryny we planlaryny terk etmeýär. Fransiýa-Prussiýa urşy (1870-1871) döwründe Umumy haýyr-sahabat jemgyýetini (Common Relief Society), az soň bolsa Gurluşyň we siwilisaziýaň umumy alýansyny (Common Alliance for Order and Civilization) esaslandyrýar. Ol ýaragsyzlandyrma barada gepleşikleriň geçirilmegini we halkara konfliktlerde araçy bolar ýaly halkara suduň döredilmelidigini nygtap gelipdir. Dýunan UNESCO ýaly soň peýda bolan proýektlerde seslenme tapan dünýä kitaphanasyny döretmek ideýasynyň üstünde hem iş alyp barypdyr. Öz ideýalarynyň tarapynda çykyş edip olary ýaýmagyny dowam etdirmegi onuň şahsy ýagdaýynyň hasda kynlaşmagyna, öňküden beter bergä batmagyna, ondan tanyşlarynyň hem gaçyp başlamagyna getirýär. Awstriýaň, Niderlandlaryň, Şwesiýaň, Prussiýaň we Ispaniýaň milli Gyzyl Haç jemgyýetleriniň hormatly agzasy bellenilmegine garamazdan, Gyzyl Haç Hereketiniň resmi sahnasynda düýbünden diýen ýaly ýatdan çykarylýar. Ol 1874-1886-njy ýyllar aralygynda Ştutgart, Rim, Korfu, Basel, Karlsrue şäherlerinde garyplykda ýaşaýar. Ştutgartda bolan döwri Týubingen uniwersitetiniň talyby Rudolf Mýuller bilen tanyşýar we onuň bilen ýakyn dostlukda bolýar. 1881-nji ýylda ştutgartly dostlary bilen bilelikde Şweýsariýaň kiçeňräk Haýden kurort obasyna gidip görýär. 1887-nji ýylda Londonda ýaşaýan döwri uzak garyndaşlaryndan maliýe kömek alyp başlaýar. Bu oňa ýaşaýyş şertlerini azda-kände gowulaşdyrmaga mümkinçilik berýär, we şol ýylyň iýuly Haýdene göçüp barýar. 1892-njy ýylda saglyk ýagdaýy sebäpli Dr. Hermann Altherr-iň ýolbaşçylyk edýän hassahanasyna we garrylar öýüne ýerleşýär we ömrüniň soňky 18 ýylyny şol ýerde geçirýär. Haýdende ol ýaş alym Wilgelm Sonderegger we onuň aýaly Sýuzanna bilen tanyşýar. Olar Dýunany öz durmuş tejribesini beýan etmäge ruhlandyrýarlar. Ol Sýuzannaň Haýdende açan Gyzyl Haç bölümine 1890-njy ýylda hormatly prezident bellenilýär. Dýunan Sondereggerler bilen öz ideýalarynyň hasda öňe gitmegine, şol sanda öz kitabynyň täze neşiriniň çap edilmegine ynam edýär. Emma Sondereggeri Muanýe bilen Ženewada özüne garşy dildüwşik gurnamakda esassyz aýyplamagy olaryň gatnaşyklaryny ýitileşdiripdir. 1904-nji ýylda Sonderegger 42 ýaşynda aradan çykýar. Dostluk gatnaşyklarynyň peselendigine garamazdan garaşylmadyk ölüm oňa agyr täsir edipdir. Wilgelm we Sýuzanna Sondereggerleriň Dýunana onuň aýyplamalardan soň hem hormat bilen garamagyny olaryň çagalary hem dowam edipdirler. 1935-nji ýylda olaryň ogly Rene Dýunanyň öz kakasyna ýazan hatlarynyň ýygyndysyny çap etdirýär. Köpçülige gaýdyp gelmegi
1895-nji ýylda St.Gallende çykýan "Die Ostschweiz" gazediniň baş redaktory Georg Baumberger Haýdende gezelençde mahaly Dýunan bilen söhbetdeş bolýar we bir aýdan soň ol barada makala ýazýar. Ol makala "Anri Dýunan, Gyzyl Haç-y esaslandyryjy" ady bilen "Über Land und Meer" nemes žurnalynda peýda bolýar we tiz wagtda Ýewropanyň beýleki neşirlerinde hem çap edilýär. Makala adamlarda seslenme tapyp, Dýunana abraýy hem-de goldawy gaýtaryp getirýär. Oňa "Swiss Binet-Fendt" baýragy berilýär, Rim Papasy Lew XIII-den hat gelýär. Russiýaň dul patyşa zenany Mariýa Feýodorownaň we başgalaryň hemaýat bermeginde maliýe ýagdaýy hem öňkülerden has gowulaşýar.
1897-nji ýylda Ştutgartda mugallym bolup işläp ýören Rudolf Mýuller Gyzyl Haç-yň döredilşi hakynda ýazan kitabynda, Dýunanyň guramanyň esaslandyrylmagyndaky roluny bellemek üçin, Gyzyl Haç-yň döredilşiniň resmi taryhyny düzeldýär. Kitapda "Solferino söweşiniň ýatlamalarynyň" tekstini hem getiripdir. Dýunan awstriýaly ýazyjy Berta fon Zutner bilen hem hat alyşypdyr, köp sanly makalalary, ylmy işleri ýazypdyr. Aýratyn hem aýallaryň hukuklary barada köp ýazypdyr, 1897-nji ýylda "Ýaşyl Haç" aýallar guramasyny esaslandyrmaga ýardam edipdir.
Parahatçylyk Nobel baýragy
düzet1901-nji ýylda Gyzyl Haç Halkara Hereketini döretmekde we Ženewa konwensiýasynyň başlangyjyny tutmakda bitiren işleri üçin Dýunan ilkinji bolup parahatçylyk ugry boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolýar. Dýunanyň kandidaturasyny norwegiýaly harby lukman Hans Daae goldapdyr. Dýunan baýraga Halkara Parahatçylyk Ligasyny esaslandyran fransuz pasifisti Frederik Passi bilen bilelikde eýe bolupdyr. Halkara komitetden resmi gutlagyň gelmegi onuň bitiren işleriniň ahyrsoňy ykrar edilendigini görkezipdir:
"Bu hormata 40 ýyl mundan ozal söweş meýdanynda ýaralananlara kömek etmek üçin döredilen halkara guramanyň düýbini tutan adamdan başga mynasyp hiç kim ýokdur. Sizsiz adamzadyň XIX asyrda ynsanperwerlikde gazanan in uly üstünligi - Gyzyl Haç megerem hiç haçan bolmazdy".
Baýraga Muanýe we Halkara komitetiň özi hem hödürlenipdir. Dýunanyň kandidatirasy saylaw prosesinde giňden goldaw tapan bolsada, ol jedelli dalaşgär bolmagynda galypdyr. Käbirleri Gyzyl Haç-yň we Ženewa konwensiýasynyň uruşdaky ejir çekmeleriň azalmagyna getirendigi nygtapdyrlar. Mýuller komitete ýazan hatynda baýragyň çekişmelerde birnäçe wagtlap esasy dalaşgär bolan Passiň hem-de Dýunanyň arasynda paýlanylmalydygyny belläpdir. Şeýle hem ol, eger baýrak Dýunana gowşuryljak bolsa, onda onuň gartaşan ýaşyny we saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny göz öňüne tutup, baýragyň mümkin boldugyça tiz berilmegini teklip edipdir. Baýragy Passi bilen Dýunanyň arasynda bölmek bilen Nobel komiteti soňky ýyllara hem öz täsirini ýetirjek ýagdaýy döredipdir. Sebäbi Nobeliň wesýetnamasynyň bir bölüminde baýragyň goşunlary azaltmak (ýa-da ýatyrmak) ýa-da parahatçylyk konferensiýalaryny ýaýmak üçin gönüden-göni iş alyp baran bir adama berilmelidigi barada aýdylyp geçilýändigine seretseň, baýraga Passi laýyk gelýär. Emma Nobeliň wesýetiniň başga bölüminde baýragyň "adamlaryň arasynda dostluk-doganlygy" artdyrmakda özüni görkezen adama berilmelidigi barada hem bellenilip geçilmegi Dýunanyň alyp baran işleriniň hem oňa laýyk gelýändigini görkezipdir. Soňky ýyllarda hem bu baýraga mynasyp bolanlaryň arasynda iki kategoriýaň birine gabat gelenler köp bolupdyr.
Hans Daae pul baýragyň Dýunana düşýän bölegini - 104 müň şweýsar frankyny Norwegiýa Bankynda ýerleşdiripdir we ony Dýunanyň algydarlarynyň almagyna ýol bermändir. Dýunanyň özi ol puly hiç haçan ulanmandyr.
Ölümi we mirasy
düzetSoňraky ýyllarda Dýunana birnäçe sylaglar bir hatarda, Geýdelberg uniwersitetiniň medisina fakultetiniň hormatly doktory ady hem berlipdir. Ol ömrüniň ahyryna çenli garrylar öýünde ýaşaýar. Ömrüniň soňky ýyllarynda sustypeslikden hem-de Muanýe we algydarlary yzarlar diýen paranoýýadan ejir çekipdir. Hatda zäherlenmekden heder edip, aşpezden nahary gözüniň alnynda dadyp görmegini talap eden günleri hem bolupdyr.
Şepagat uýalarynyň aýtmaklaryna görä, onuň iň soňky eden işi Mýulleriň kitabynyň nusgasyny Italiýaň şa zenanyna ibermegi bolupdyr. Dýunanyň 1910-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda aradan çykýar. Ölmezinden öň aýdan soňky sözleri "Adamkärçilik nirä ýitirim boldy?" bolupdyr. Ol öz duşmany Muanýeden iki aý soň ölýär. Halkara komitetiň gutlaglaryna garamazdan, iki bäsdeş barybir ýaraşyk gazanyp bilmändirler.
Ol Sýurihiň Zilfeld öwülýäsinde özüniň sargyt edişi ýaly hiç hili dabarasyz jaýlanýar. Wesýetnamasynda öz serişdelerini garyp raýatlara mydama açyk bolar ýaly Haýdeniň garrylar öýüne, Norwegiýanyň we Şweýsariýaň haýyr-sahawat guramalaryna wesýet edipdir. Galan serişdeleri bergilerini bölekleýin üzmeklige gidipdir. Öz bergilerini dolulygyna üzüp bilmezligi onuň üçin ölünçä agyr ýük bolupdyr.
Häzirki wagtda Dýunanyň doglan güni bolan 8-nji maýda Gyzyl Haç komitetiniň bütindünýä güni bellenilýär. Haýdeniň öňki garrylar öýünde häzir Anri Dýunanyň muzeýi ýerleşýär. Ženewada we başga ýerlerde onuň ady dakylan birnäçe köçeler, mekdepler bar. Halkara Gyzyl Haç-yň iň ýokary sylagy bolan "Anri Dýunan medaly" (The Henry Dunant Medal) onuň hemişelik hereket edýän topary tarapyndan her iki ýyldan gowşurylyp durulýar.