1908-1909-njy ýyllardaky ýaş türkleriň hereketi
1908-1909-njy ýyllardaky ýaş türkleriň hereketi.
1876-njy ýylda Türkmen-Osmanly imperiýasy konstitusion monarhiýa öwrülipdi. Emma Beýik Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Awstro-Wengriýa we Russiýa özara bäsleşip, Türkiýäni ýarym bakna döwlete öwrüpdiler. Baknadarlaryň kemsitmeleri ýaňy döräp gelýän türk işewür gatlagyny aýaga galdyrdy. 1889-njy ýylda Ystambylda harby-lukmançylyk okuw jaýynyň talyplary “Agzybirlik we ösüş” (Ittihat we terakki) atly gizlin syýasy guramany döredipdiler. Olar özlerini “ýaş türkler” diýip atlandyrýardy. Onuň agzalary harbylardy. Gurama uzak wagtyň dowamynda soltana we daşary ýurt agalygyna garşy ýaragly gozgalaňa taýýarlyk görüpdi. Ýaş türkler 1876-njy ýylyň meşhur konstitusiýasyny dikeltmek isleýärdiler.
1908-nji ýylyň 23-nji iýulynda ýaş türkler Salonikini eýelediler. “Agzybirlik we ösüş” guramasy soltana talapnama iberip, üç günüň içinde 1876-njy ýylyň konstitusiýasyny dikeltmegi talap etdi. Goşunyň ýaş türkleriň tarapyndadygyny gören Abdyl-Hamyt II 1876-njy ýylyň konstitusiýasyny dikeldip, parlamentiň çagyrylýandygyny yglan etmäge mejbur boldy. Dekabr aýynda türk parlamenti işläp başlady. Parlamentiň wekilleriniň esasy bölegi ýaş türklerden ybaratdy. Emma olar hökümetiň düzümine girip, ýurduň dolandyrylmagyna işjeň gatnaşmadylar. Ýaş türkler giň halk köpçüligini aýaga galdyrmakdan çekindiler.