Aý han — Oguz hanyň ikinji oglydyr. Oguz hanyň Uýgurça wersiýasynda Oguz hanyň kakasynyň hem Aý handyr. Oguz han dessanynda Aý hanyň 4 ogly bolupdyr: 1. Ýazyr, 2. Ýaparly, 3. Dodurga, 4. Duger. Aý hanyň adyna asmandaky şuwlaýan kümüşreňk Aýyň ady dakylypdyr. Aý özüniň yşygy bilen Ýeriň daşyndan aýlanýan Ýeriň hemrasydyr. Aý hanyň tugynda Aýyň suraty bolupdyr. Onuň nesli Gün hanyň neberesi patyşalykdan çekilse Aý han ogullary hökümdarlyk başyna geçipdir. Türkmenlerde; «Ilim günüm bolmasa, Aýym günüm dogmasyn» diýlen nakyllar öz manydaşlygy bilen Türkmen halkynyň aňynda galypdyr. Aýhan ogullaryndan Ýazyrdan Garadaşlylar gelipdirler. Dodurganyň 2 ogly Halka dagly we Kyrk. Kyrkyň iki ogly Gerkez, Gynklyk. Gerkeziňki: Batyr Gyýyk. Gynklygyňky: Sepeýan, Dana, Garaguzy, Çekme, Gökje, Ongut, Demir, Garaja, Kenger.