Aşgabadyñ halkara howa menzili
Alo
Aşgabadyň Halkara Howa Menzili
düzet
Merkezi Aziýada örän iri we tehnalogiýa taýdan üpjünçiligi boýunça dünýäde öňdebaryjylaryň biri bolan howa menzili 1200 gektara golaý meýdany eýeleýär we 100-den gowrak desgany ňz içine alýar. Şolaryň 48-i esasy desgalar bolup durýar. 5 gatly baş terminalyň tutýan meýdany 190000 inedördül metrden hem geçýär. Ol bir ýylda 14 million ýolagça hyzmat eder. 3 milliondan gowrak ýolagçyny kabul etmäge niýetlenen ikinji terminal bilen bilelikde, hazirki zaman howa menzili jemi 17 milliondan gowrak adama ýa-da sagatda 2000-e golaý ýolagça hyzmat etmäge mümkinçilik berer. Ýük terminaly bolsa, 200000 müň tonna ýüki üstünden geçirer. Täze howa menziliniň ähli üpjünçilik ulgamy bolan iki sany uçuş-gonuş zolagy bar.
“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň tehniki binýady döwrebap howa gämilerine hem-de dik uçarlaryna eýedir. 2013-nji ýylda “Boing 737-800” howa uçarlarynyň 3-si hem-de 2014-nji ýylda “Boing 777-200LR” howa uçarynyň ikisi gelip gowuşdy. 2015-nji ýylyň Aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti “Boing 737-800” uçarlarynyň 3-ni satyn almak hakynda karara gol çekdi. Mundan başga-da, ýerli uçarlarda peýdalanmak üçin dürli kompaniýalardan 50 we 100 ýolagçy orunlyk bolan howa gämilerini soňra satyn almak maksady bilen öwrenmek boýunça işler alnyp barylýar.
Terminalyň taslamasy ýolagçylara hyzmat etmekde raýat awiasiýasynyň, şeýle hem, Halkara Awiaulgam Assosiasiýasynyň ülňülerine we talaplaryna laýyklykda işlenip düzüldi. Ýolagçy terminaly ýylda 14 million ýolagça hyzmat etmek mümkinçiligine eýedir. Köp ýolagçy akymyna hyzmat etmek zerurlygy ýüze çykanda, hyzmat ediş terminalynyň mümkinçiligi sagatda 4800 ýolagça ýetip biler. Ýolagçy terminalynda jemi 30 trap bolup olaryň 8-si içerki awiagatnawlar üçin niýetlenendir. Bukardan başga-da terminaldan uzakda 22 awialaýner bar. Ýolagçylaryň howpsyzlygyny üpjün etmek maksady bilen, terminal dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli enjamlar we innawasion tehnalogiýalar bilen abzallaşdyrylan.
Ýolagçy terminalynyň üstünde 2 VIP zolak girip, ol ýerde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek üçin ähli şertler, iýmit üçin 32 sany aýratyn ýer, şol san 5 restoran, jemi 19 söwda nokady, “Duty free”-nyň 7 dükany, şeýle hem ýolagçylara hyzmat etmek üçin beýleki gulluklar göz öňüne tutulan. Aşgabat şäheriniň täze airomenzil toplumy 2016-nji ýylyň sentýabr aýynda açylyp ulanylmaga berildi.
Häzirki wagtda “Türkmenhowaýolllary” döwlet milli gullugynyň gämileri içerki howa ugurlaryndan başga-da, dünýäniň ýurtlarynyň onlarçasyna yzygiderli uçuşlary ýerine ýetirýärler, uçuşlaryň gerimi yzygiderli giňeýär.
Türkmenistan bilen Lýuksemburgyň arasynda howa gatnawy hakynda hökümetara ylalaşygy gazanyldy. Geçen ýylyň iýunyndan başlap, Ýewropanyň iri howa arkaly gatnadyjysy bolan “СARGOLUX INTERNATIONAL” kompaniýasy Lýuksemburg Türkmenbaşy ugury boýunça, şu ýylyň Iýunundan başlap bolsa, Aşgabada hem ýük daşaýyş uçaşlaryny ýerine ýetirip başlady.
“Pegasus” türk awiakompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmagiň mümkinçilikleri, Türkmenistanda onuň wekilhanasyny açmak boýunça gepleşikler geçirildi. Ýakyn wagtda “Pegasus” Istambul-Türkmenbaşy ugry boýunça uçuşlary ýerine ýetirip başlar.
Türkmenabat şäherinde-de Halkara howa menziliniň gurluşygy alnyp barylýar. Daşoguzyň howa menzilinde uzynlygy 3800 metr bolan döwrebap emeli uçuş-gonuş zolagynyň gurlyşygy tamamlandy. 2010-njy ýyldan bäri Türkmenbaşy şäherinde Halkara howa menzili işleýär. Türkmenbaşy şäherinde bina edilen, sagatda 800 ýolagça hyzmat edýän Halkara howa menziliniň ähmiýeti uly.
Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersiteti Guljanow Baky