Open main menu

Aşyr Muhammedow 1918-nji ýylyñ 27-nji maýynda Aşgabat oblastynyñ Gyzylarbat obasynda (häzirki Balkan welaýatynyñ Serdar etraby) dogulýar. 1929-njy ýylyñ 19-njy oktýabrdynda Gyzylarbatdaky Magaryf Halk komussarlygynyñ FZU-nyñ (Fabrik-zawodlaryñ ýanyndaky okuwçylar) mekdebi okuw girip, ol ýerde parawozlary bejermek boýunça slesar hünärini öwrenýär, emma kämillik ýaşyna ýetmändigi sebäpli işe alynmaýar.1934-nji ýylda Aşgabat şäherindäki Çagalar hereketiniñ kursuny tamamlaýar we şäheriñ bilim bölüminiñ garamagyna iberilýär. Soñra ol raýon süýşürintgiler kassasynda gözegçi bolup işleýär. Şol ýerdenem Aşgabadyñ Maliýe-hasap tehnikumyna okuwa girýär. Türkmenistanyñ Halk hojalygynyñ hasaba alyş uprawleniýesinde statist bolup işleýär. Tehnikumy tamamlap, öñki işlän edarasynda ykdysadyýetçi bolup zähmet çekmegini dowam etdirýär.Işde tapawutlanan A.Muhammedow Içeri işler Halk komissarlygynyñ hataryna gulluga iberilýär we IIHK-niñ Moskwadaky 2-nji mekdebinde okaýar. Şol ýerde-de pars dilini öwrenýär.1960-njy ýylda A.M.Gorkiý adyndaky (häzirki Magtymguly) TDU-nyñ hukuk fakultetini tamamlap, hukukçy hünärini ele alýar. 1961-nji ýylyñ 17-nji sentýabryna çenli Döwlet Howpsuzlyk komitetinde dürli jogäpkärli wezipelerde işleýär.1971-nji ýylda hukuk ylymlarynyñ kandidaty diýen alymlyk derejesini alýar.Türkmenistanyñ Içeri işler ministr wezipesine bellenen A.Muhammedow ömrüniñ ahyryna çenli Türkmenistanda jenaýatçylyga garşy göreşdw we düzgün bozujylary terbiýelemekde içeri işler edaralarynyñ şahsy düzümine üstünlikli ýolbaşçylyk etdi.A.Muhammedow barada Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy Gylyç Kulyýew özüniñ "Harasatly Kabul" atly taryhy romanynda şeýle ýatlaýar:"Men Muhammedow Aşyr Muhammedowuç bilen ilki Aşgabatda Içeri işler ministrliginde, soñra Gürgende bile işledim. Ol konsulhanamyzyñ sekretarydy. Tebigatyna görä ýumşak, salyhatly adamdy. Onuñ üstesine-de işde harbylarça düzgün-tertiplidi.Aşyr Muhammedow Aşgabatda-da, Gürgende-de meniñ golumyñ astynda işledi. Ol wagtlar ikimiz ýaş ýigitdik. Iş täzedi, kyndy. Gürgendekäk garaşylmadyk, töwekgelçilikli ýagdaýlar döreýärdi. Onda-da gaharlanşyp, sene-mene edişip, ýüzümizi kürşerden wagtymyz bolmady. Arkalaşyp işledik.Ol özüne-de, töweregindäkilere-de talapkär adamdy, düşünişmegi, gerek ýerinde gepini gögertmegi başarýardy. Ol soñraky ýyllar Türkmenistanyñ Içeri işler ministri bolup işledi, generallyk derejesine ýetdi, ençeme orden bilen sylaglandy. Belent mertebäni, uly hormaty, hiç kime minnetsiz, özüniñ sap zähmeti, ýadawsyz yhlasy bilen gazandy".A.Muhammedow gulluk eden ýyllarynda "Gyzyl Baýdak", "Zähmet Gyzyl Baýdak", iki sany "Gyzyl Ýyldyz", iki sany "Hormat nyşany" ordenlerine, 7 sany dürli görnüşli medallara, "Türkmenistan SSR-niñ at gazanan ýuristi" diýen ada, Türkmenistanyñ Ýokary Sowetiniñ Prezidiumynyñ üç sany Hormat hatyna, "Döwlet Howpsuzlyk gullugynyñ hormatly işgäri" we "Içeri işler ministrliginiñ at gazanan işgäri" atly döşe dakylýan nyşanlaryna, şeýle hem beýleki döwletleriñ ordenlerine we medallaryna mynasyp boldy.Häzir Serdar şäheriniñ 6-njy orta mekdebi A.Muhammedowyñ adyny göterýär.

Kitaplary:1). "Halk eýeçiligini goramak her bir sowet adamsynyñ mukaddes borjudyr";2). "Şöhratly ýol";3). "50 ýyl öñki hatarda";4). Türkmen sowet milisiýasynyñ 50 ýyllygy".


Hakynda ýazylanlar:Myratnazar Söýünow: "Sogap işe bagyşlanan ömür", ("Asudalygyñ goragynda" žurnaly, N"1, 2014 ý).