ABŞ XIX asyryň birinji ýarymynda

Mowzuk: ABŞ XIX asyryň birinji ýarymynda

ABŞ-da syýasy we durmuş-ykdysady özgerişleri.

düzet

Garaşsyzlygy gazanandan we konstitusiýany kabul edenden soň ABŞ ösüşinde hakykat ýüzünde hiç zat päsgel berenokdy. ABŞ-yň ilkinji prezidenti Jorj Waşingtonyň döwründe (1789-1797) ýurduň maliýe ýagdaýy gowulaşdy. Milli bank döredildi, ýeke-täk pul ulgamy girizildi we döwletiň bergilerini tölemek başlandy. 18 asyryň ahyry XIX asyryň başlarynda ABŞ ykdysady ösüşiň derejesi boýunça Günbatar Ỳewropadan esasan hem Angliýadan yza galýardy. Ýurduň senagaty ýaňa aýaga galyp başlapdy, emma kanibalyň (pul görnüşinde) toplanmagy, içerki bazaryň emele gelmegi we iňlislerden kämil enjamlaryň alynmagy ABŞ-ň senagatynda düýpli özgerişigi emele getirdi. ABŞ-da fabrik görnüşli kärhanalaryň birnäçesi 18 asyryň 90-njy ýylynda döräp ugrady. 19 asyryň 2-i on ýyllygynda fabrik ulgamy ilki bilen tekstil dokma we beýleki pudaklarda gurlup başlandy. Ýurtda ulag ýaýlymy **************** 1 ýaýlymynyň döredilmegi uly ähmiýete eýedi. 19 asyryň I nji çärýeginde ABŞ-da uly güýç bilen kanallaryň (zeýkeşleriň) gurulmagy atlantik kenaryny ýurduň içerki etraplary bilen birleşdirmäge mümkinçilik döretdi. Asyryň ortalarynda eýýäm şol derýalarda ýüzlerçe buddisleri ýüzýärdi. Polat ýollar ýurtda 30-njy ýyllaryň başlarynda gurulyp, 1860-njy ýylda ABŞ olaryň uzynlygy boýunça dünýäde 1-i orny alýar. Meksika Tehasy, Halifor Arizonany, Täze meksika tutuş Meksikanyň ýarysy 15 mln goýberýär. ABŞ-nyň ahyrky uly satyn alyşlaryndan ol hem Rus Amerikasyny (Aleýut adalaryň) we Alýaska, olary 1867-nji ýylda 7,2 mln 8 satyn alýar.

Umuman XIX asyryň territoriýasynda ABŞ-ň daşary syýasat ugry esasan hem onuň öz çäklerini giňeltmäge gönükdirilipdi.

Amerikan respublikasyndaky syýasay durmuş partiýalaryň ulgamyň emele gelmegi bilen tamamlandy. Bu ýagdaý ol ýada beýleki syýasy toparlardan hökümýetiň saýlawly edaralarynyň wekilçiligine dalaşgärleri adamlary geçirmäge mümkinçilik berýär. Ilki ol partiýalar kongresde topar görnüşde bolup, soňra bolsa olaryň we saýlawçylaryň arasynda deň bäsleşik bolup gelip şonuň netijesinde hünärmen ökde syýahatçylar öňe çykýarlar. ABŞ-da prezidentleri ol ýada beýleki partiýadan öňe sürülýär. 18 asyryň 90-njy ýyllarynda sferanyň respublikançylary ady bilen öňe çykan partiýanyň sferi T.Jefferson 1800-ýylda 1809 ýýlda hökümýete gelýär.

Onuň prezidentlik eden döwründe ýurduň durmuşynda we dolandyryşygynda demokratik özgerişler bolup başlaýar. Şoňa çenli J.Waşington 1789-1797 ý, Amerikan jemgyýetiniň sosial ykdysady dürli dürlüligi ştatlarda saýlaw hukuklarynyň işlenilmegi. Günbataryň mundan beýläkde özleşmegi hökümetiň ugruny berk goldaýan täze syýasy çemeleşmäni talap edýärdi. 1829-1837-nji ýýllarda ABŞ-da prezidentlik eden Engrýu Jekson saýlawçylaryň aglaba bölegini jebisleşdirdi. Ol demokratiýa ugrunda halkyň erk islegini goldaýan hökmünde çykyş edýärdi we birnäçe täzelikleri amala aşyrmagy başardy. 1836-njy ýylda ol merkezi bankyň işini täzeden gurmak boýunça karar kabul etdi. Magiýa ulgamynyň merkezleşen görnüşini üýtgetdi ýagny deňizde ýüzüji beýle ýagdaý onuň hemişelik däldigini aňlatmaýar, onuň ezberligi ökdeligi oňa islendik işe öwrenmäge ahyrynda-da has girdejili işi saýlap almaga mümkinçilik berýär. Şonuň üçin iri amerikan işewürleri aşakdan emele gelenler: mysal üçin XIX asyryň 2 ýarymynda palatalaryň we polat guýyjy pudagyň hojaýyny Engrýu Karnegi özi şatlandiýadan Amerika gelýär. Ol 12 ýaşda demirýolda işläp başlaýar. 15 ýaşda dokma fabrige işe girýär.

Günortaň gul eýeçilikli ştatlar özboluşly dünýäni emele getirýär. Onda esasan plantatrlar gul eýeleri boş wagty şonuň üçin 18 asyryň ahyrynda günortaň ýerlerinde pagta ekilip başlanypdy. 1793-nji ýylda ABŞ-da möhüm tehniki wezipä ýagny pagtanyň süýmüniň çigidinden aýyrmak meselesi çylşyrymly bolmadyk “jaň” stanogy arkaly ýeňilleşdi.

Ondan başgada Günortada şaly we şeker şugundyry ekilýärdi. Gullar zähmet üçin neýt olaryň 1808 üçin satyn almagy gadagan eden. Emma Günorta XIX asyryň ahyryna uly pagtaçylyk hojalygyna öwrüldi. Ol ştatlar dünýä bazalaryna uly möçberde pagta süýmüni çykarýardylar we oňaýly nyrhdan satýadylar.

ABŞ-ň daşary syýasaty XIX asyryň başga has işjeň hem-de ol 2 ugur boýunça alnyp barylýar. 1-si Demirgazyň söwdagärleriň we Günortan plantatorlary bähbidi üçin 1-si bitarap döwlet hökmünde deňiz söwdasynyň erkin bolmak hukugyna. 2-si günorta Günbatar ugur boýunça territorial ýerleri eýelemäge bolan ymtylyş hereket. 1803-nji ýýlda ABŞ-ň hökümeti amatly diplomatik ýolbaşçylar bilen öz çäklerini 2 esse diýen ýaly artdyrdy. Bary ýogy 15 mln 1-a Fransiýa Birleşen ştatlarda özüniň demirgazyk Amerikany Luniziana ýerlerini satdy. Bu ýerler 1mln kw mln deňdi 1,6 mln kw/km. 1810-1818-nji ýýlda ABŞ Ispaniýadan Flarida ýarym adasyny basyp aldy. 1819-njy ýýlda amerikanyň erkin ýagdaýda ýuwaş okeany tarapyna hereket etmäge mümkinçilik aldylar.

Şeýlelikde ABŞ bütin Günbatar ýarym şaryň ýerleriniň ykbalyny çözmäge girişdi hem-de 1823-nji ýýlda Mohro taglymatyny öňe sürdi. Onuň mazmuny döwlet hökmetiniň baştutany ABŞ ýewropa döwletiniň latyn ameraikan wulkanlaryna we umuman Amerikan kontinentini işlerine gatyşmak mümkinçiliginden el çekmelidirler. Hem hökümeti ýewropa döwletiň täzeden baknalyk hereketine başlamazlygyny hem talap etdi. Birleşen ştatlar Mohro taglymatyny kabul edeninden 20 ýyldan gowrak wagt geçen soň 1848 ýýlda Meksika garyşyp uruş yglan etdi 1848-nji ýýlda ýagny doly basyp aldy.

Olaryň uzynlygy 30626 mldi. (1mil-1,6 km). (49 müň km gowrak). Birleşen ştatlar günbatar ugra tarap ösýärdi. Erkin ýerlerde adamlar göçürilip, olar gysga wagtyň içinde birleşmä öwrülýärdi we ştatlaryň deň hukukly 1-ru hökmünde emele gelerdi. 1861-nji ýýlda ABŞ-ň kartasynda eýýam 40 ştat emele gelipdi, olar Gündogarynda, Günbatarynda emele geldi.

XIX asyryň ortalarynda ilatly ýerler Ỳuwaş okeanyna baryp ýetdi, indi ýurt esasan hem özüniň häzirki araçäklerini emele getirdi. Ol 1867-nji ýýlda Rossiýadan Alýaskany satyn aldy. ABŞ-da täze ýerleriň özleşdirilmegi onuň ykdysadyýetiniň esasan ygrar (oba hojalygy) häsiýetiniň agtyklyk etmegini alamatlandyrýardy. Günbatarda diňe Amerikanlar däl, eýsem başga ýurtlardan gelenler hem diňe ýer edinmek üçin gidýärdiler bütin XIX asyryň 1 ýarymy şol ýeriň ilatynyň esasy bölegine paýlamagy kadalaşdyrmaga gitdi. Ilki-ilkiler ol ýerlerde has uly mellekler hökmünde satyn başladylar. Onda-da has ýokary nyrhdan. Emma wagtyň geçmegi bilen ýagny ýer hem hakyky kanunyň kabul edilmegi satylýan ýerleriň, möçberini hem bahasyny hem çäklendirdi.

Erkin ýerler esasan hem alyp satarlaryň baýlaşmagy üçin ulunylyp. Olar esasan hem göçme taýpalara satylýardy. Umuman döwlet üçin ýer saýlamaklyk gaty amatly girdeji gelýän çeşmä öwrüldi. Ýer satyn almak we onda fermer hojalygyny döretmek uly iş hasaplandy. Soň üçin ýerleri kärendesine almak, hakyna tutma işgär bolmak ýaly hereketler hem bardy. Ondan başgada ýerleri özbaşdak, birugsat almak hereketi hem başlandy. Şol sebäpli 1841-nji ýýlda üçin şol ýeri ellenler ony resmileşdiripbaşladylar, kanun çykýar. Şol döwürde fermalar maşgala hojalygy hökmünde ulanýardy. Olaryň önümleri, galla mekgejöwen doňuz eti Gündogar we Günbatar ekin satýarlar. 40 ýyllarda oba hojalygy ösüşine esasan oňaýly azallaryň Mehaniki ot çapýan ulaglaryň, bedeküdeýän maşynyň çykarylmagy el zähmetini gysyp çykarýardy. S.Makarmik zawodynyň orak maşyny (şotka) dünýäde iň öňdebaryjy enjam bolan üçin ol 10 müňlerçe çykarylýardy ýasapdy. Şeýlelikde Amerikan ösüp barýan ştatlaryň oba hojalygynyň häsiýetini aýratynlygy onda maşgala zähmetiniň hemmehanizasiýanyň agdyklyk etmeginden ybaratdy.

ABŞ-da şeýle hem işleýän ilatyň aglaba bölegi zähmetiň pul bilen görnüşlerinde hasaplanyşygyny işleýärdiler. Amerikan häsiýetli ýagdaýlaryndan soň ol hem ýaşlaryň, esasan gyzlaryň we aýallaryň fabriklere işe gitmedi.

ABŞ-da jemgyýet örän hereketjeňli-işleýänler bir ýerde kän durmaýardylar. Olar boýunça hünärleri synap görýärdiler. Şol üçin şol döwrüň taryhçylary şeýle ýazýardylar. Amerikan haýsy bosaga 1 işe baglanyp oturmaýar. Ol şu gün ýerleşýän bolsa (ekerançy) ertir ol çinownik (gulluk) soň söwdagär hususy banklaryň ähmiýetini ýokara galdyrdy. Fy bolsa orta we ownuk telekeçileriň we fermerleriň kredit (karz) almaklyk işini ýeňilleşdirdi. Hakykatdan Jeksn 1828-nji ýýlda täze Demokratik partiýany esaslandyrdy häzirki partiýa demokratlar ýagny 1841-nji ýyla çenli dolandylar. Şol ýýl häkimiýete prezident Ỳuliam Gari son geldi. Ol täze wigker partiýasyndandy – ýagnygeljekdäki milli respublikaçylar partiýasyndandy. Umuman şu 2 partiýalaýyn ulgamyň prezidentleri gezekli gezegine ABŞ-ry 1860-nji ýýla çenli dolandyrdylar 1854-nji ýýlda Çikagada Respub partiýa döredildi (häzire çenli) onuň nire Awraam Linkaly ol 1864-1865-nji ýylda prezident bolup esasan hem amerikan demokratiýanyň esasyny ösdürip, gara-gullary azat etmek, agrar meseläni çözmek ýaly işleri amala aşyrdy. Umuman ABŞ-da respublikalaryň dolandyrylyşygy 1885-nji ýýla çenli dowam etdi. Şol ýyl Aktamda ýene-de demokrat-prezident geldi.

Başga partiýalar Amerikan içerki partiýalar ownuk partiýa topar.

1861-1865-nji ýyllaryň raýat urşy.

düzet

XIX asyryň I ýarymynda günbatar ýerlerinde ornaşmaga hereketiň köpçülikleýin häsiýete geçmegi demirgazyk bilen günortanyň arasynda düşünişmezlik başlandy. Amerikan kongressi olaryň maksatlaryny çäklendirdi, ýagny her bir tarap öz bileleşigine her ştatdan deň mukdarda adam kabul etmelidi.1820-nji ýýlda Messuriýa ylalaşygy boýunça täze ýerlerde gulçuluk meselesi umumy milli meselä öwrüldi. Ýagny indi gulçulyk günorta erkinlik demirgazyga bölündi. Beýle ýagdaý günortalylarda gulçulygy giňeltmäge amatlydy. Demirgazygyň jemgyýetçiligi gullara öz gynançlaryny bildirýärde, emma olary gullardan azat etmek ugrunda çykyş edýänler gaty ujupsyzdy. Umuman günortakylar gulçulygy bütin ýurt boýunça kanunlaşdyrjak maksadyny kesgitläpdiler, olar hat-da kongressiň gulçulygy ol ýa-da beýleki ştatlarda girizmelimi ýa-da ýatyrmalymy diýen mesele seretmeklikden mahrum etmegi isleýärdi. Emma ol meseläni diňe ABŞ-nyň ýokary sudy çözüp bilýärdi. Şol bir wagtda Konzasda gulçulygyň tarapdarlary we oňa garşylaryň arasynda göreş gidýärdi. Missuriden we beýleki günorta ştatlardan göçüp gidýänler fermerleriň aglaba böleginiň garşylygyna duçar boldy. Hat-da uly çaknyşyklar bolup olar fermerleriň peýdasyna tamamlady. Bu döwürde syýasy sahnada ABŞ respublikan partiýasynyň täsiri güýçlenip olar öz daşyna günortanyň ähli nägile adamlaryny toplap başladylar.

Respublikalara Abraham Linkoln ýolbaşçylyk edýärdi. Ol 1861-nji ýýlda prezidentlige saýlanypdy. Ol dogrudanam hukugy “halk”prezidentidi. Ol garyp maşgaladan bolup ýaşlykda agyr zähmeti gören emma okamaga bolan höwesi netijesinde aklawçy bolup ýetişen adamdy. Linkolin özüniň dogruçyllygy, kyn syýasy jedellerde ýeňmegi bilen tanalýardy. Raýat urşunyň baş synagy bolup Kanzas dawasy we Jon Braunyň Wergeniýa ýörişi boldy. Braun gulçulygy umuman ýigrenýärdi. Oňa garşy ol Konzasda göreşip, Werginiýada bolsa gullaryň gozgalaňyny turuzmagy maksat edinipdi. Şonuň üçin ol 1859-nji ýylyň garaşsyzlyk aýýnda 22 sany meýletinçi bilen 100 müňden gowrak ýarag saklaýan harby goşun ambaryny basyp alýar. Emma bu gozgalaň tiz wagtda basylyp ýatyrylýar, sebäbi ony goldaýanlar hem onçakly kän däldi.

ABŞ-da raýat urşy ýurtda 2 sany jemgyýetçilik ulgamynyň arasyndaky gapma-garşylygynyň ýetişmegi sebäpli başlandy. Esasy mesele hem gulçylykdy onuň plantatorlar üçin ykdysady we durmuş bähbitleri bardy. Şonuň üçin hem günortadan käbir toparlara umuman Birleşen Ştatlary bölüp aýyryp şol ýerde gulçulygy saklamagy niýet edinýärdiler. Şol sebäpden hem 1832-nji ýýlda Günorta Karolenanyň iri ýer eýeleri özygtyýarlyk taglymatyny esas edinip öz ştatlarynda federal kanunlaryň güýçsizdigini we özüni ABŞ-ň düzüminden çykýandygyny yglan etdi. Emma Prezident Jekson bu synanyşygyň öňüni aldy. Ol kenarýakasyna harby gämileri iberdi. Şeýle hem Demirgazygyň dolandyryjy toparlary Günortadan bölünip aýrylmagyny islemeýärdiler, sebäbi birleşen ştatlarda erkin ştatlar üçin howp döreýärdi. Emma bölünişik we uruş gutulgysyzdy, emma Linkolnyň tarapdarlary hem gul eýeleri hem onuň basyny.

Esasan hem 1860-njy ýýlda Linkolnyň prezident saýlanmagynda üstünlik gazanmagy, gul eýelerindäki häkimiýetiň gazananlarynyň syýasytarapdan ýetirilendigini aňladýardy. 1861-nji ýýlyň gyşynda 11 sany Günorta ştatlaryň konfederansiýasy döredildi. Gurbansoltan aýýnyň 13-de günortalylar harby hereketlere başlaýarlar. Olar Ģarlston galasyna buhta aňsatlyk bilen basyp aldylar we ol ýerdäki amerikan baýdagyny aýyrdylar. Şeýlelikde 4 ýýla çeken raýatlyk urşy iň gandöküşikli we weýrançylykly uruş başlandy. ABŞ-da beýle uruş bolmandy. Demirgazykda uly senagat kuwwatlylygy we adam resurslary jemlenen hem bolsa, günorta has agzybir güýçli we harby tälimlidi. Ondan hem başga olar tiz we batyrgaý hereket etse onda ýeňiş gazanylmagyna duş-di. Günortanyň ruhy we psihologik ýagdaýy barada amerikan ýazyjysy Margaret Mitçell “Şemal bilen äkidililenler romanynda” beýan edýär. 1861-nji ýýlda demirgazygyň haýallygy we biperwaýlylygy olaryň diňe ýeňilmegine getirýärdi. Olar san taýdan agdyklyk etsede goşun serkerdeleriniň buyruklary harby taýdan nädogrydy. Diňe 1862-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 22 –deerkin ştatlaryň gulçulygy ýatyrmak barada kabul eden karary ilatyň köp böleginiň uruş meýdanyndan gitmegine getirdi. Ikinji kanun 1863-nji Türkmenbaşy aýynyň 1-I gullaryň azatlygy baradady. Şeýle ýagdaý gullaryň hem köpçülikleýin federal goşun tarapyna geçmegini üpjün etdi. Indi günorta uly boş galan lager ýalydy. Onuň senagat önümlerini daşary ýurtlara çykarmaga mümkinçiligi ýokdy ýa-da ol ýerlerden azyk we medisina dermanlaryny getirmek kynlaşýardy. Emma häli harby güýç gowşanokdy.

1863-nji ýýlda ýzynda günortalylar federal goşunlara garşy ahyrky we uly zarbany urdular. Demirgazygyň adam sany, ýaragy ýeterlik bolan soň yza çekilenokdy. Soň hem negrler goşunyň 12%-ni düzyärdi. Demirgazykdaka ähli senagat kärhanalarynyň öndüren önümleri, oba hojalyk önümleri olarda ýetmezçilik döredenokdy. Şonuň üçin hem Demirgazygyň goşunlaryna yzly-yzyna güýçli zarbalar urdy. Netijede 1865-nji ýýlyň Gurbansoltan aýýnyň 9-y 175 müň adamdan ybarat günortalylaryň goşuny boýun egmeli boldy. Şeýlelikde iki tarapdan 600 müňden gowrak adam ýitgisine duçar edilen raýat urşy tamamlandy. Şeýle hem 1865-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 14-I A.Linkolnyň janyna kast edildi. Ol şol gün teatrda aktýor Rus tarapyndan atyldy. Ol gul eýeleriniň arydy.

Günortanyň täzeden dikeldilmegi. Araçäk giňeltmeleri.

düzet

Raýat urşunyň netijesinde günortany dikeltmek işleri başlandy. Ol 1865-1877-nji ýyllar aralygyny öz içine alýar. Ilki bilen gaýtalanmaz ýaly gulçulyk ýurtda doly gadagan edildi. Ony 1865-nji ýýlyň Bitaraplyk aýynda ştatlaryň ¾ bölegi, senat makullady.

Linkoldan soňky prezident Enrýu Jonson bilen kongressiň arasynda dürli garaýyşlaryň emele gelmegi olaryň arasyndaky gapma-garşylygy ýitileşdirdi. Ol 1865-nji ýylyň Magtymguly aýynda günäş geçmek hakynda kanun çykardy. Onda iri ýer eýeleriniň hukuklary dikeldilýärdi. Indi uruş ýyllarynda elinden alnan ýerler plantatorlara gaýtaryp berildi. Olar bolsa öz gezeginde gara ilaty öňki hojaýynlaryna işlemäge mejbur edýärler.

1865-nji ýylyň Bitaraplyk aýýnda ABŞ-nyň kongresine saýlawlar geçirildi. Onda täzeden dikeldiş işlerini dowam etdirmek ýaly möhüm meseleler gün tertibinde durýardy.

1866-njy ýylyň Gorkut aýynda kongress ABŞ-nyň konstitusiýasyna M-nji düzediş girizdi. Şoňa laýyklykda konfederasiýanyň ýolbaşçylary döwletiň gullugyndan mahrum edilýärdi, garalara aklar bilen deňhukuklylyk berilýärdi. Respublikalar saýlawlaryň 2/3 sesini toplap kongressde düýpli täzeden dikeldiş işlerine girişdi. 1867-nji ýýlda Günortada harby ýagdaý girizildi we ştatlaryň öňki konstitusiýalary aýryldy.

Umuman günortany dikeltmek işi. Ol ýerde durmuşy demokratlaşdyrmagy aňladýardy. Onuň geçirilmegi bilen 1880-nji ýylda negrleriň sowatly böleginiň 30% bar. Negrler täzeden dikeldiş döwründe özleriniň syýasy hukuklaryndan peýdalanyp saýlawly wezipelere bellenýärler, şol sanda kongresse.

Şeýlelikde täzeden dikeltmek işi öz wezipesini doly ýerine ýetirdi.