Abbas III

(ABBAS III sahypasyndan gönükdirildi)

ABBAS III (144) – Sefewi türkmenleriniň 11-nji we iň soňky şasydyr. Ol 1732-1736-njy ýyllarda resmi Eýranyň şasydyr. Resmi diýip nygtamagymyzyň sebäbi ol tagta geçen wagty sekizaýlyk çagady. Onuň şalyk etmeli döwründe iş ýüzünde Nedir şa ýurdy dolandyrdy. 1736-njy ýylda ony tagtdan aýryp, Nedir şa tagta geçdi.

Shah Abbas III
Şa, Sahib-i-Qiran, Sultan bar Salatin
Hökümdarlygy1732–1736
Tagta çykmagy7 sentýabr 1732
Özünden öňkiTahmasp II
MirasdüşeriNader Şa
Hökümdarlyk neberesiSefewi
KakasyTahmasp II

Sefewi türkmenleriniň döwletiniň soňky döwürlerinde Eýran ýene-de gowşap başlady. XYIII asyryň birinji çärýegi Eýranyň taryhynda iň bir agyr döwürleriň biri boldy. Bir tarapdan owganlar, bir tarapdan ruslar, ýene bir tarapdan osman türkmen döwleti Eýranyň garaşsyzlygyna howp salýar. Şeýle kynçylykly döwürde türkmenleriň owşar taýpasyndan bolan Nedir şa kese ýerlileri ýrandan kowup çykaryp, ýurtda täze bir türkmen döwletini-owşar türkmen döwletini döredýär.