Aaronisiň trihostomopsisi
Pottiler maşgalasy (Trichostomopsis aaronis (Lor.) Agnew et Townsend. 1867)Ýagdaýy. Derejesi IV. Seýrek görnüş. Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti. Türkmenistanyň florasynda maşgalanyň ýeke-täk urugy we urugyň ýeke-täk görnüşi. Gysgaça beýany. Bajaklary ýumşak, tutuksy- ýaşyl reňkli. Baldagy sadaja, oýukly şahalanan, esasan rizoidli, merkezi dessesi oňat ösen. Ýapraklary göni, dik, gury, egrelen, iň ýokarkylary has iriräk, spirala meňzeş towlanan. Iki öýli ösümlik. Sporogonlary ýok. Ýaýraýşy. Uly Balkan; Demirgazyk-Günbatar Köpetdag (Kürendag); Günorta- Günbatar Köpetdag (Aýydere); Merkezi Köpetdag (Sünçe, Rybaçýa, Germap dereleri); Badhyz (Ýeroýulanduz). Türkmenistandan daşarda — Sinaý ýarym adasy, Ysraýyl, Iordaniýa, Yrak, Owganystan. Bitýän ýerleri. Daşly eňňitler, çygly külke topurly ýerler, gaýalaryň tagçalary we jaýryklary, hek daşly çykyntgylar. Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy. Uly bolmadyk bajaklary (dykyz düýpjagazlary)bilen seýrek duşýar. Uly örtük emele getirmeýär. Esasy çäklendiriji sebäpler. Ösüş şertleriniň üýtgemegi (çyglylygyň ýetmezçiligi). Biologiýasynyň aýratynlyklary. Gysgalan goltuk şahajyklary, döwülýän ýaprajyklaryň uçlary we oturymly ösüş bedenjikleri arkaly wegetatiw köpelýär. Ýetişdirilişi. Ýetişdirilmedi. Gorag üçin görlen çäreler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999) girizildi. Ösýän ýerleriniň bir bölegi Bathyz, Köpetdag we Sünt-Hasardag döwlet goraghanalarynda goralýar. Gorag üçin zerur çäreler. Populýasiýasynyň ýagdaýyna gözegçilik etmeli. Barlaglar boýunça teklipler. Täze ösýän ýerlerini gözlemeli. Düzüji Z. Joraýewa