Abdal türkmenleriniň Russiýanyň raýatlygyna geçmegi

Abdal Türkmenleriniň Russiýanyň raýatlygyna geçmegi - 19-njy asyryň başlarynda Maňgyşlakda agyr ykdysady-syýasy ýagdaý döreýär. Maňgyşlagyň türkmen ilaty Hywa hanlarynyň we gazak feodallarynyň üznüksiz çapawulçylyklaryna sezewar bolýar. Bu agyr ýagdaýdan çykmak üçin abdal türkmenleriniň aksakgallary Russiýanyň raýatlygyna geçmek niýeti bilen 1801-nji ýylda özleriniň 4 adamdan ybarat wekilini Peterburga ýollaýarlar. Maňgyşlak türkmenleriniň wekilleri 1802-nji ýylda Peterburga barýarlar we rus imperatory Aleksandr I tarapyndan kabul edilýär. Wekiller maňgyşlak türkmenleriniň Russiýanyň raýatlygyna kabul edilmegini rus patyşasyndan haýyş edýärler. Olar Maňgyşlagyň üstünden dürli taraplara geçýän söwda kerwenlerini goramak, Maňgyşlagyň türkmen ilatyny çapawullardan gorar ýaly rus berkitmesiniň bina edilmegini we Maňgyşlak ýarymadasynyň töwereginde Hazar deňzinden düwlen awlamaga rugsat berilmegini soraýarlar. Olaryň haýyşlary kanagatlandyrylýar. 1803-nji ýylyň 27-nji aprelinde Maňgyşlakda ýaşaýan türkmenleriň abdal taýpasynyň adyna ýazylan hat wekillere gowşurylypdyr. Bu hatda olaryň Russiýanyň raýatlygyna kabul edilýändigi aýdylýar. Bu waka Hazar deňziniň gündogar kenarlarynda ýaşaýan beýleki türkmen taýpalarynyň arasynda Russiýanyň raýatlygyna geçmek meýillerini güýçlendirýär.