Abdallar
Abdallar - türkmenleriň çowdur taýpasyna degişli tire. Abdallar 19-njy asyra çenli özbaşdak taýpa bolup, soň çowdur birleşmesine girýär we türkmenleriň oguzlara degişli bolan çowdur taýpasynyň düzülmegine ýardam edýär. 19-njy asyryň başynda Abdallar takmynan 2000 öýli, 12 müň adamdan gowrak bolupdyr. Abdallaryň dili türkmenleriň çowdur diline degişlidir. Birnäçe rowaýatlara görä Abdallar Abdal babadan ýaýrap, Mazendaranyň daglyk regionlarynda ýaşaýarlar. Soň tä 19-njy asyra çenli Maňgyşlakda ýaşapdyrlar. Abdallar 19-njy asyrda galmyklaryň gysmagy hem-de ýaşaýyş agyr bolmagy zerarly çowdyrlar bilen Horezme göçýärler. Abdallar ilki bilen Daşhowzuň golaýynda Abdalýap diýen ýerde oturypdyrla. 20-nji asyryň başynda TSSR döwründäki Kalinin raýonynyň günorta-gündogaryndaky Buldumsazyň gündogarynda ornaşýarlar. Alymlar Abdallary gadymy halk bolan eftalitler bilen baglaşdyrýarlar. Muňa Abdallaryň çagalaryna geýdirýän "burç emjek" ady bilen belli bolan tahýalary hem şaýatlyk edýär. Eftalitleriň şazadalary dörtburçly we altyburçly tahýalary geýipdirler. Bulardan başga-da, Abdallaryň ady özbekleriň lokaý taýpasynda duşýar. Owgan dürränilerine hem Abdal diýlip aýdylypdyr. Abdallar ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgul bolupdyrlar.