Höküm sürdi: 31.08.1876 –27.04.1909

Özünden öň: Myrat V

Özünden soň Mehmet V

Çagalary: Mehmet Selim Ependi

Ahmet Nury Ependi

Mehmet Abdylkadyr Ependi

Mehmet Burhaneddin Ependi

Abdyrrahym Haýry Ependi

Ahmet Nureddin Ependi

Mehmet Bedreddin Ependi

Mehmet Abyt Ependi

Ýurdy: Osmanly hökümdarlygy

Kakasy: Abdulmejit

Ejesi: Tirimujgan soltan

Doguldy: 21.09.1842. Stambul

Öldi: 10.02.1918. (75 ýaşynda) Stambul

Dini: «Yslam

Doly ady: Abdulhamit hany Sani bin Abdulmejit han El-Muzaffer Daima

Abdulhamit II (Osmanly türk dilinde: عبد الحميد ثانی )

Osmanly hökümdarlygynyň (imperiýasynyň) 34-nji patyşasy we 113-nji Yslam halyfy. Taryhyň garaňky pursatlarynda tagta çykan Abdulhamit Günbatara garşy harba, Gündogara garşy Yslamçy politiklara üns beren, hökümdarlykda parlamenti guýçlendiren şahsyýet bolupdyr.

Ýaşlyk ýyllary

düzet

Ol Soltan Abdulmejidiň ogly bolupdyr. Heniz 10 ýaşyndaka ejesi Tirimujgan soltan dünýeden öteninde, terbiýesini Abdulmejidiň beýleki perzentsiz aýaly Piristu hatyn Ependi beripdir. Piristu hatyn Abdulhamidi öz çagasy ýaly seredip ýetişdirdi. Kalasynyň ölüminden soň ýerine geçen agasy Abdulaziz beýleki şeýhzadalar bilen birlikde Abdulhamidiň sapaklary bilenem meşgullandy. 1867-nji ýylda Ýewropa syýahat etmäge çykanda Abdulhamidi öz ýany bilen äkidipdir. Agasy Abdulaziziň 1876-njy ýylda tagtdan agdarylmagy we şübheli ýagdaýlarda ölümi, agasy Myrat V tagta geçeninde üç aý soň ruhy çökgün ýagdaýda [2] tagtdan indirilmegini, ondan soň Çyragan saraýynda tussag edilendigine şaýat boldy. 1876-njy ýylyň 31-nji Awgustynda patyşa diýlip yglan edildi we 7-nji Sentýabrda Eýýupda biline gylyç guşandy.[3]. Agasynyň ýerine tagta geçirleninden soň Mithat paşşany sadrazam edip belledi. Abdulhamit tagta çykanynda Osmanly hökümdarlygy depressiýa içindedi. 1871-nji ýylda Aly paşşanyň ölüminden soň saraý bilen Baby Aly aralygyndaky dawwa-jeňjeller tutaşdy, 1875-nji ýylda döwlet salgytlary ödelmän soň Muharrem kararnamasy bilen moratorýumy yglan etdi. Russiýanyň başyny başlan Panslawizm akymynyň tutaşmagy bilen Balkan ýa-a. döwletlerinde milletiň aýaga galmagy möwç aldy. Döwlet içinde ykrar edilmek ýalňyşy görüşler güýçlenipdir. Hatda patyşalygyň içinde jumhuriýetiň (ýeke-täk döwlet) yglan edilmegi hakyndaky pikirler hem barha güýçlenýärdi. Abdulhamit tagta geçmezden ozal Mithat paşşaga beren maslahaty ýerine ýetirleninde 1876-njy ýylyň 23-nji dekabrynda ilkinji Osmanly dolandyrlyşy bolan Kanuny esasyny yglan etdi[4]. Mejlisi Mebusan we Aýan Mejlisiniň agzalaryndan ybarat bolan ilkinji mejlis 1877-nji ýylyň 19-njy martynda açyldy. Şeýdip Meşrutiýet I ( Ýurduň parlament bilen dolandyrylmagy) döwri başlandy. Patyşa bilen mejlisiň gatnaşmagynda ýurdy birlikde dolandyrmaly edildi. Mejlis dolandyrylşa goşulsa-da ýene esasy jogapkär patyşady[5]. Abdulhamit Kanuny-Esasynyň 113-nji maddasy bilen özüne «Sürgün etme» syýasatyny ulanyp Mithat paşşany sürgüne ýollady.

Balkanlardaky gapma-garşylyklar we içerki ýagdaýlar

düzet

Abdulhamit II Osmanly döwletiniň iň depressiýaly günlerini başyndan geçirýän günlerinde 1876-njy ýylyň 31-nji Awgustynda tagta çykdy. Abdulaziz döwründe (1861-1876) 1875-nji ýylda başlanan Gersegowinýa gozgalaňy we Bolgar pitneleri dowam edýärkä Myrat V döwründe Serbiýa we Garadag bilen bolan söweşler Balkan topraklarynda Uruş-söweş odunyň tutaşmagyna getiripdi. Bu bulagaýlygy döreden Russiýa Şark meselesini ýola goýmak üçin pursat gözleýärdi. Krym söweşi (1853-1856) döwründe Russiýa bilen Osmanlylaryň aralygyndaky söweşler hem möwjäpdi. 1860-njy ýyllarda Russiýanyň bar ünsi Kawkaziýa topraklaryna berdi. 1863-1864-nji ýyllarda hem Orta Aziýa we Türkmen-Türki hanlyklarynyň basylyp alynmagy Russiýanyň topraklarynyň giňemegine getirdi. 1866-1876-njy ýyllarda bolsa Birleşen Karolluklar (Beýik Britaniýa) we Fransiýanyň bar ünsi dünýä agalyk etmäge oýanyp başladylar. Şol ukydan täze oýanan Germaniýa hem 1871-nji ýylda birleşdi we soňra Italiýa hem muňa goşuldylar. Birleşen karollyk Krym söweşinde Osmanly döwletini goldaýan Palmerston (1855-1865) döwründe Gladstone (1868-1874) we (1880-1885) we (1892-1894) Osmanly döwletine garşylyk bildirdi[6]. Wengriýalylaryň Osmanly döwletine sygynmagy (1848) we Krym söweşi (1853-1856) döwründe Osmanly-Türkler gaty agyr günleri başyndan geçirýärdi. Soňra Abdulaziziň soňky ýyllarda Sadrazam Mahmyt Nedim paşşanyň daşky borçlarynyň ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly Tenlii faiz karary[7] Ýewropada güýçli garşylyga ýol açypdy we şonluk bilen Balkanlarda pitneleri basyp ýatyrmak üçin täze maliýe kömeginiň gerek bolmagynda galdy. Ýewropa birleşigi hem barha Osmanly hökümdarlygyny ýykmagyň kül-külündedi.

Serbiýa we Garadagystan (Çernogoriýa) bilen söweş (1876-1878) hem-de Tersane konferensiýasy

düzet

Serbiýa 1815-nji ýylda özygtyýarlygyny alyp garaşsyz döwlet boldy. Bu özygtyýarlylyk Ruslar bilen baglanyşylan Akkerman şertnamasy (1826) we Edirne şertnamasy bilen ýola goýuldy. 1835-nji ýylda Serbiýanyň ykrarlylygy kabul edilýär. 1867-nji ýylda bolsa Günbatardaky ýurtlaryň bagysy bilen Türk birlikleriniň Serbiýadaky galalardan yza çekilmeginden soň Serbiýa doly esasda Garaşsyzlygyny gazanypdy. Garadagystan (Çernogoriýa) bolsa Işkodriýa (häzir Albaniýada bir şäher) bagly baýdak bolmak bilen birlikde Osmanly agalygyna garşy harby herekete geçmeklik üçin wladika atly dolandyryjylar bölegi özygtyýarly diýip hasap edýärdiler emma 1852-nji ýylda Ruslaryň goldawy bilen Garadagystan patyşalygy resmi ýagdaýda özygtyýarlylygyny gazandy. 1858-nji we 1862-nji ýyllarda Osmanly Garadagystan söweşleri, iň soňunda Garadagystanyň serhet çäkleriniň çyzylyp şertnama gazanylmagy bilen tamamlandy. Serbiýa bilen söweş ilki-ilkiler Osmanly goşunlarynyň ýeňmegi bilen gutarypdy. Syrplarynniş, Pirot we Sofiýa güýçlerini serpikdiren Türk goşunlary 1876-njy ýylyň Sentýabryň 1-ne Aleksinaç söweşinde Serbleri ýeňlişe sezewar etdi. Şol ýylyň Oktýabrynda Serbleriň tizdurylmagy bilen Osmanly goşunyna Belgrad ýolunyň açylmagy bilen Russiýa 48 sagadyň içinde ýaragly atyşyklaryň bes edilmegini Osmanly döwletine ultimatium berdi. Rus basgysyna boýun egmekligi saýlap alan Osmanly döwleti atyşmaklygy kesdi. 1877-nji ýylyň 15-nji Ýanwarynda Serb-Osman söweşi tamamlandy. Garadagystan bilen 1876-njy ýylyň Iýunyň 18-ne başlanan söweşde bolsa Osmanly goşuny ýeňlişe sezewar boldy. 18-nji Iýulda bolsa Niksiç söweşinde ýeňlişe ugran Osmanly goşuny yza çekilmäge mejbur boldy. Ýewropadaky bulagaýlygyň soňuna çykmak üçin 1876-njy ýylyň 23-nji dekabrynda Stambuldaky Tersane konferensiýasyna gatnaşyldy. Şol gün Ýurduň parlament bilen dolandyrylmagyny yglan etser hem onuň Günbatardaky ýurtlara peýdasy degmedi. Şol konferensiýada Serbiýa we Garadagystan üçin garaşsyzlyk Bolgariýa we Bosniýa-Gersogowinýa özygtyýarlylyk hakyndaky kararlary ara alyp maslahatlaşdylar. Osmanly Döwleti 1877-nji ýylyň 18-nji Ýanwarynda bu karary red edeninde Russiýa 1877-nji ýylyň 24-nji Aprelinde uruş yglan etdi. Ruslar bilen uruşyň başlanmagy bilen hem Serbiýa hem-de Garadagystan bilen söweşler ýene täzeden başlady. Osmanlylaryň köp harbylary Orsýete garşy gönükdürlipdi. Emma Serbiýa bilen Garadagystandaky az sanly goşun birlikleri ýeňlişe sezewar boldular. Serbiýalylar 1878-nji ýylda Niş, Pirot we Wranjeni eýelänlerinde Garadaglylar hem Nikşiç, Podgorika, Bar we Ülgüni eýeläp Adriýatik deňzine çykdylar. Osmanly döwleti 1878-nji ýylda gol çeken San-Stefan şertnamasy we Berlin şertnamasy bilen Garadagystana we Serbiýa garaşsyzlygyny berip bu topraklaryň olara degişlidigini kabul etdi. Söweş netijesinde gol çekilen Berlin şertnamasyna görä Garadag garaşsyzlygyny aldy. 1879-njy ýyldan başlap Garadag bilen diplomatik gatnaşyklaryny hem ýola goýdy. Şondan soň hökümdarlykda uruş bolmady[8]

1877-1878-nji ýyllardaky Türk-Rus söweşleri

düzet

Russiýanyň Balkanlar bilen Osmanlylaryň arasyndaky agzalalyk syýasaty şowly bolup geçipdi. 1877-nji ýylyň 12-nji Aprelinde Russiýanyň Balkanlara beren tekliplerini Ybraýym Edhem paşşa hökümeti tarapyndan red edilmegi netijesinde Osmanly-Rus urşunyň turmagyna getirdi. Abdulhamidiň garşy bolmagyna seredilmezden Mithat Paşşa, Mahmyt Paşşa we Redif paşşa ýaly döwlet adamlarynyň maslahat bermegi bilen turan bu söweşde Rus goşunlary Balkan we Kawkaz çäklerinde Osmanly güýçlerini bir saparlykda ýeňlişe sezewar edip gündogarda Arzyrumy günbatarda bolsa Bolgariýanyň tutuş ýerleri bilen Frakiýanyň Stambul çäklerine çenli ýerlerini eýelediler. Mejlisi Mebusanda hökümetiň söweş politikalaryna ýönlendirilen hereketler üçin Abdulhamid 1878-nji ýylyň 18-nji Fewralynda baýramçylyk belledi. Şondan soň 30 ýyl boýunça mejlisi bir gezek hem ýygnaga çagyrmady. 93 harby 1878-nji ýylyň 3-nji Martynda Stambulyň çäginden uzakdaky Aýasofiýada karargäh guran Rus güýçleriniň San-Stefan şertnamasy bilen soňlandy. Şertnama görä Osmanly hökümdarlygyna garaşly ýerleri Dunaýdan Egeý deňzine Frakiýadan (Trakiýa) Arnawuta çenli uzanmaly serhet gurup garaşsyz Bolgariýa patyşalygy gurulmaly. Bosniýa we Gersogowinýa özaralarynda garaşsyzlygyny bermeli edildi, Serbiýa, Garadagystan we Ruminiýa hem garaşsyzlyk berilmeli edildi. Kars, Ardahan, Batum we Gündogarbaýazyt Russiýa berilmeli edilýär, Teselýa Gresiýa berilmeli, Krit we Ermenistanda maslahat geçirilmeli, Osmanly hökümdarlygy Russiýa 30 müň rubl söweş ýitgisini ödemeli edilýär. Şol agyr şertlerde Russiýanyň güýçlenmegine howatyr eden Ýewropa döwletleri garşy çykdylar. 1787-nji ýylyň 13-nji Iýulynda San-Stefan şertnamasynyň ýerini eýelän Berlin şertnamasyna gol çekildi. Täze şertnama bilen Russiýanyň ýurt eýeçiligi yzyna alyndy. Ruminýa we Karadagystana garaşsyzlygy berilende, Bolgariýa hem Germaniýa we Awstowengriýanyň kömegi bilen özygtyýarly patyşalyk boldy.

Bosniýa-Gersogowinýa we Ýenipazaryň (Täzebazar) Awstriýa tarapyndan basylyp alynmagy (1878)

düzet

Ýewropaly döwletleriň goşuluşmagy bilen 13-nji Iýulda Berlinde bir ýygnak geçirilýär. Ýygnaga goşulan Awstro-wengriýa delegassiýasy Kont Andrassy Osmanly hökümdarlygynyň gol astyndaky Bosniýa-Gersogowinýa kömek berilmändigi we şol netijäniň birahat edyändigi aýdylypdyr. Soň Birleşen Karolluk delegassiýasy Lord Salisbury Bosniýa-Gersogowinýanyň Awstriýa tarapyndan basylyp alynmagyny planlaşdyrypdyr. Bu teklip Russiýa delegassiýasy tarapyndan kabul edilmegi bilen Osmanly delegassiýasy Aleksandyr Karatodori paşşa teklibine garşy çykyp Şazada Bismark kongresiýasynyň düzülmeginiň netijesi Osmanlynyň tarapynda durmak däl-de, Ýewropanyň tarapynda durmakçydygyny aýdypdyr. Şol ýygnakdan soň Awstrowengriýanyň Bosniýa çozup girmegine rugsat berilipdir. Ýenipazar Osmanly hökümdarlygyna berilipdir. Soňra Osmanly Awstrowengriýa bilen söweşi başlatmaga taýýardygyny aýdanda Awstowengriýany çozuş kararyna goý bolsun etmändir. 29-njy Iýulda başlanan söweş hereketleri Bosniýa tarap edilen hereket 1787-nji ýylda tamamlanypdyr.

Kipriň Birleşen karollyk tarapyndan basylyp alynmagy (1878)

düzet

XIX asyr Osmanly hökümdarlygynyň ýykylmagyna we dargamagyna getiren içki we daşarky ysgyndan gaçyryjy syýasat bolupdyr. 1877-1878-nji ýyllarda Rus Ruslaryň Stambul bilen Ýaşylköýe golaý gelmegi bilen Birleşen Karollyk hem herekete geçipdir. Akdeňizde (Orta Ýer deňiz) ekonomikanyň ösmegine saldamly goşandyny goşan Birleşen Karollyk Hindistana giden gysga ýol bolan Sues kanalayny Gündogar Akdeňizi göz astyna almak üçin Krit adasyny eýelemegiň gerekdigini bilýärdi. Sebäbi Birleşen Karollyk üçin Krit adasy Atlantik Okeanyndan Hind okeanyna çenli uzalan bu deňiz ýolynyň ugrunda Jebelitarik we Maltadan soň Akdeňizdäki üçünji duralgasy bolmalydy. Şonuň bilen birlikde Hindistan ýoluny ekenomik, syýasy we harby ugurlar bilen hereket etmekde Kipr adasy hem Birleşen Karollyk üçin örän amatly boljakdy. Birleşen karollygyň Aziýadaky iň ýakyn dosty bolan Russiýa hökümdarlygynyň 93 Harby netijesinde gol çekilen San-Stefan şertnamasy bilen Osmanly döwletiniň elindäki haklar iki sany uly güýç aradyndaky deňligi bozjakdy. Birleşen karollygyň tarapynda Russiýanyň San-Stefan şertnamasyna goşulmagy, harby güýçlerini ol hem çetde goýjak däldi. Bu garşylyklaryň soňunda San-Stefan şertnamasyndaky köpçüligiň Berlin kongressiýasynda toplanmagyna karar berilýär. Rus goşunlary Ýaşylköýe çenli gelipdiler. Ruslaryň Anadoly içlerine Gündogardan hem çozjakdyny çak eden Birleşen Karollyk Kars, Ardahan we Batumy basyp alan Ruslaryň, Anadolydaky gaýrymusulmanlary we Siriýa-Yrak welaýatlaryndaky ýaşaýjylary Osmanly hökümdarlygyna garşy küşgürdip boljakdygyny çak edipdir. Şeydip Osmanly döwletiniň soňunyň geljekdigini syndyryljakdygyny Birleşen Karollyk syzýardy.

1878-nji ýylda Kiprda Iňlis baýdagynyň dikilmegi

düzet

Kipr adasy Osmanly döwletine degişli bolup ony Angliýa basyp almak üçin örän aňsatdy. Ruslar hem basyp alan ýerlerinden çekiljekdigi aýdylýar. Soň Birleşen Karollyk hem Kiprden çekilipdir. Teklibi patyşa Abdulhamid II ýetiren Iňlis ilçisi Hariji Naziriniň ýüzüniň ugryna: "Eğer Osmanlı Hükûmeti bu antlaşmayı kabul etmezse kongrede (Berlin Kongresi) barış şartlarını değiştirmeye İngiliz murahhısları çalışmayacak ve İngiliz Devleti donanması kuvvetiyle cebren Kıbrıs'ı işgal edecektir" diýip açyk aýdypdyr. Soňra Patyşa Abdulhamit II "Hukuku şahaneme asla halel gelmemek şartı ile muahedenameyi tasdik ederim" diýip ýazylan hatyny metinläp tassyk edipdir. Bu ýagdaý belli bolanda Rus güýçleriniň Ýaşylköýe çenli we bir çozuşda bütin Stambuly alyp bilmejekdigi belli bolýar. Ýagdaý, Osmanly Hökümdarlygynyň I jahan urşuna girmegi bilen özgerdi. Söweşiň başlamagyna 1914-nji ýylyň 5-nji Noýabry Birleşen Karollyk hem Osmanly döwletine garşy uruş yglan edipdi. Kipr adasyndaky Türkler Osmanla göçürlipdir.

Tunisiň Fransiýa tarapyndan basylyp alynmagy (1881)

düzet

1878-nji ýylda Kipri eýelän Fransiýa Tunisdaky topraklaryna göz gyzdyrmaga başlady. Fransiýa günbatar Tunisiň Krumirleriň Jezire topraklaryna gurnan akgynlaryny we käbir ýerleriň talaplaryny bahana edip, Osmanly döwletine garaşly beglikler tarapyndan dolandyrylýan Tunise 1881-nji ýylyň 12-nji Maýynda Fransuz goşunlary döküldiler. Ýaragly goşun Tunis halkyny basdy. Osmanly hökümdarlygy protest bildirip muňa düýbünden garşy çykdy. Patyşanyň resmi permanlarynda Tunis Osmanly welaýaty diýlip kabul edilýärdi. Fransuz hemaýat rejimi Tunisiň garaşsyzlyk gazanmagyna çenli dowam etdi (1956). Tunisdaky Fransuz edarasy 78 ýyla çenli dowam etdi. Abdulhamit II 1881-nji ýylda Düýunu Umumiýe gurup döwletiň 252 million bolan bergisini 106 milliona getirdi.

Müsüriň (1882) we Somaliniň (1884) Birleşen Karollugy tarapyndan basylyp alynmagy

düzet

Öňler Osmanly hökümdarlygy Somaliniň bir bölegini dolandyrýardy we bu ýerdäki musulman halkyň haklaryny goraýardy. Emma Ruslar bilen bolan söweşlerden soňra Osmanly hökümdarlygynyň ýeňilmegi we güýçden gaçmagy Angliýa we Fransiýa ýaly ýurtlaryň güýçleriniň Afrikada koloniýa döretmegini has-da artdyrdy we şeýlelikde 1884-nji ýylda Iňlisler Somaliniň uly we esasy bölegini basyp aldy. Hebeş welaýaty Italiýa tarapyndan basylyp alyndy (1885). Makedoniýadaky tolgunşyk. Ermenistanyň aýaga galmagy we gozgalaňlary (1891-1895). Berlin şertnamasy Gündogar Anadolydaky Ermenileriň Rus häkimýetine girmegine garşylyk görkezmek maksady bilen Osmanly hökümdarlygynda ýerleşen Ermenleriň ýagdaýlarynyň gowlanmagyny talap etdi. Abdulhamit II hem reformalary gijikdirmek arkaly Kürtleriň Ermeni gozgalaňyna garşy ýaraglandyrylmagy bilen Ermeniler has hem möwjediler. 1887-nji ýylda Maraşa garaşly Zeýtunda 1891-nji ýylda Sirte ýakyn Sasonda Ermeni pitneçileri köpelip çozuş etdiler. 1895-nji ýyldaky bolup geçen ýurtdaky Ermeni içki dawalary Kämil Paşşa hökümeti tarapyndan Anadolyda Ermeni bosgunlary basylyp ýatyryldy. IV Goşun serkerdesi Muşir Zeki paşşa Ermeni gozgalaňyny basyp ýatyrmakda orun berildi. Gündogarda Kürtler tarapyndan ýaraglandyrylan milisiýa birlikleri döredildi. 1895-nji ýylyň ýazynda bütin Anadoly çäklerinde bolup geçen ganly söweşler we serpikdirmeler Ýewropanyň öjükmegine getirdi. Gresiýa bilen söweş (1897) Osmanly-Ýunan (grek) söweşi (1897) Krit adasynyň garaşsyzlygyny almagy (1898). Kuweýtiň özbaşdaklygyny gazanmagy (1899). Ýemen pitnesi (1905) Osmanlyda ikinji Parlament (1908). Bolgariýanyň garaşsyzlygyny yglan etmegi (1908) Awstriýanyň, Bosniýa-Gersogowinýanyň talaplary (1908) şu möhüm senelerde bolup geçdi.

31-nji Mart Aýaga galynşyk we Abdulhamidiň tagtdan indirilmegi

düzet

12-nji Aprelden 13-nji Aprele geçilen gijede Taksim Kyşlasyndaky Awçy Taburyna bagly esgerler serkerdelerine garşy aýaga galyp özlerine baştutanlyk eden din adamlarynyň baran Haýaty Mebusanyň öňunde ýygnandylar we ýurduň şerigata görä dolandyrylmagyny islediler. Hüseýin Hilmi paşşa aýaga galanlary bilen düşünşmekligi saýlap aldy we hökümet ýolbaşçylary bir-birden işlerini goý bolsun edip taşladylar. Şol gün Ittihat we Terakki agzalary janpenalarynyň ýokduklary üçin mejlise gitmediler. Käbirleri Stambuldan gaçyp, galany şäherde gizlendi. Aýaga galanlar Ittihatçy subaýlary gören ýerlerinde atyp öldürýärdiler. Hökümet boşaşyberende Abdulhamit II täzeden hökümdarlyk güýjini ele aldy. Emma aýaga galanlaryň başladanlarynyň kimdigini bilip bilmedi. Ittihat we Terakki asyl güýç merkezi bolan Selanikdaky 3 goşunyny herekete geçirdi. Şeýdip pitnäni basyp ýatyrmak bilen Herekete geçiji Goşun döredildi. Pitneçiler 23-nji Aprelden 24-nji Aprele geçilýän gije Stambula girmäge başlan Herekete geçiji goşuna garşy durup bilmän boýun boldylar. Pitnäniň basyp ýatyrylmagy bilen ýurtda berk tutma düzgünleri yglan edildi we pitneçileriň baştutanlary günäkärlenip ölüm jezasy berildi. Emma Mejlisi Umumy milli adynyň astynda toplanan Heýeti Mebusan we Heýeti Aýanyň 27-nji Aprelde Abdulhamit II tagtdan indirilmegi we ýerine Mehmet V geçmegi bilen karar tapdy. Aýratynam Abdulhamit II Stambulda galmagy hem gorkuly bolup Selanikde oturmagy amatly görüldi. Diwanyharby Abdulhamit II günäkärlejek bolan wagty täze gurulan Hüseýin Hilmi paşşa hökümeti muny kabul etmedi. 3 ý Selanikdaky Alatini köşgünde öý tussaglygynda saklanandan soňra 1912-nji ýylda Stambuldaky begler begi Saraýyna getirildi. 1918-nji ýylyň 10-njy Fewralynda Stambulda wepat boldy. Mazary atasy üçin Diwanýolynda bina edilen Soltan Mahmyt II türbesinde depin edildi.

Abdulhamit II maşgalasy

düzet

Aýallary: 1. Näzikeda baş hatyn

2. Bedri Pelek baş hatyn

3. Safy Näz Nur-efzun ikinji hatyn

4. Bidar ikinji hatyn

5. Dilpesent üçünji hatyn

6. Mezide Messan üçünji hatyn

7. Emsaly Nur 3-nji hatyn

8. Aşe Desti Zer Muşfika (Gaýyhan) dördünji hatyn

Ogullary:

1. Mehmet Selim Ependi . Bedri Pelek hatyndan bolan ogly.

2. Ahmet Nury Ependi

3. Mehmet Abdylkadyr Ependi

4. Mehmet Burhanetdin Ependi

5. Abdyrahym Haýry Ependi . Peýweste hanymdan bolan ogly.

6. Ahmet Nureddin Ependi

7. Mehmet Bedreddin Ependi

8. Mehmet Abyt Ependi . Salyha Najiýe hanymdan bolan ogly.

Gyzlary:

1. Refiýa soltan

2. Äşe Soltan. Äşe Desti Zer Muşfika (Gaýyhan hanymyň gyzy)

3. Şadiýe soltan

4. Naile soltan

5. Patma soltan

6. Zekiýýe soltan

7. Ulwiýe soltan

8. Hatyja soltan. Patma Pesent hanymyň gyzy

9. Aliýe soltan (1900 ý heniz bäbekgä öldi)

10. Jemile soltan (1900 ý heniz bäbekgä öldi)

11. Saliha soltan