Abissal düzlük
(Abissal çökündiler sahypasyndan gönükdirildi)
Abissal çöketlikler dünýä okeanlarynyň düýbüniň meýdanynyň 90 göterimine golaýyny tutýan çuňlukdaky çöketliklerdir. Beýle çöketlikler aglaba 3 km gowrak çuňlukda bolýar. Çöketlikler suwda gaýyp ýören görnüşde ýaşaýan örän ownuk organizmleriň (farominiferleriň, diatom suw otlarynyň we b.) skeletlerinden, gury ýerden we deňiz akymlary bilen getirilýän örän kiçijik mineral bölejiklerden we kosmos tozanyndan ybarat. Abissal çöketlikler birnäçe hili bolýar: 1) hekli-globigerinli gyrmança we onuň her hili görnüşleri; 2) kremnili-diatomly gyrmança we mikroskopik suw otlarynyň galyndylaryndan emele gelýän gyrmançalar; 3) radiolýar gyrmança. Bu gyrmança has ownuk jandarlaryň gabyklaryndan emele gelýär.