Aborigen gowaça
Aborigen gowaça (latynça: Aborigines - ilki başdan) - gadymdan bäri ekilip gelýän ýerli gowaça. Ol ýerli ýagdaýa oňat uýgunlaşandyr. Orta Aziýada, şol sanda Türkmenistanda 19-njy asyryň ahyrlaryna çenli ekilip gelnen gowaça afrika-aziýa (G. herbaceum) görnüşine degişlidi. Onuň gozasy maýda (3,8 g) hem-de çala açylýardy. Süými irimçik we gysga (20 mm) hem-de az çakymlydy (25%). Şoňa görä-de, gowaçanyň bu görnüşi soňra aram süýümli, irimçik gozaly we has ýokary hasylly amerika gowaçasy (G. hirsutum) bilen çalşyryldy.