Abraziw gural
Abraziw gural - metaly, derini, agajy, aýnany, dag jynslaryny we bulary mehaniki işläp bejermek üçin abraziw materiallardan ýasalan gural. Esasan, iki görnüşde, ýagny gaty Abraziw gurallara (ýylmaýyjy tegelekler, segmetler, çalgydaşlar) hem-de çeýe Abraziw gurallara (lentalar, diskler we b.) bölünýär. Abraziw gurallar metalyň, aýnanyň, daşyň, agajyň, deriniň we beýleki emeli materiýallaryň üstlerini işlemekde hem-de dag jynslarynyň gazylyp alynýan ýerlerindäki burawlaýyş işlerinde ulanylýar. Esasy häsiýeti kesiji gurallary ýiteltmekden ybaratdyr. Kesijilik ukybyny gowulandyrmak üçin Abraziw gurallary almazlar, almaz galamlar, abraziw tegelekler, gaty splawlar we polat diskler bilen çalýarlar. Çalma prosesinde kesijilik ukybyny artdyrmak bilen Abraziw gurala dogry görnüş (forma) berilýär. Öz görnüşleri, daşky ölçegleri, olary ýasamakda ulanylýan abraziw materiallaryň gatylygy, tebigy gurluşy boýunça özara tapawutlanýarlar. Abraziw gurallaryň keramik berkidijisi abraziw işleriň köpüsinde, magnezial we silikat berkidijisi bolsa gatadylan polady ýylmamakda, owadanlamakda we ş. m. ulanylýar.
Abraziw gurallar 19-njy asyryň ikinji ýarymyndan başlap (ýylmaýjy stanoklaryň döräninden bäri), senagat usuly arkaly öndürlip başlandy. Abraziw guraly ýasamakda elektrokorund (normal, ak, monokorund be başgalar), kremniý karbidi (ýaşyl we gara), sintetik hem tabygy almazlar ulanylýar. Standart Abraziw gurallaryň görnüşi 12 müňe ýetýär. Elektrokorunddan we kremniý karbidinden ýasalaýan ýylmaýjy tegelekleriň diametri 3-den 1100 mm çenli, galyňlygy bolsa 0,5-200 mm bolýar. almaz dänelerinden (bakelit, metal we keramik baglanyşyklarda) ýasalýan ýylmaýjy tegelekleriň diametri 6-dan 300 mm çenli we iş halkasynyň galyňlygy 1,5-5 mm çenli, ini 3-den 20 mm çenli bolýar. Ýylmaýjy derijigiň düşegi mata ýa-da kagyz bolup, onuň elektrokorunddani kremniý karbidinden, aýnadan we kremniden ýasalaýan kesiji däneleri bolýar. Ýylmaýjy derijik el bilen ýa-da mehanizirlenen usulda ýylmaýyş işlerinde ulanylýar.