Absorbssiýa (latynça absorptio - ýuwdulma, absorbeo - ýuwudýaryn) - gaz garyndysyndaky maddalary suwuklygyň ýuwutmak, siňdirmek prossesi. Absorbassiýa prossessinde absorbentiň tutuş göwrümi gatnaşýar we Absorbssiýa şol häsiýeti bilen hem adsorbssiýadan tapawutlanýar. Absorbssiýanyň tizligi suwuklyga siňdirilýän (ýuwdulýan) komponentiň gaz garyndysyndaky konssentrassiýasynyň suwuklykdakydan agdyklyk etmegine baglydyr. Eger siňdirilýän komponentiň gaz garyndysyndaky konssentrassiýasy ergindäki den pes bolsa, onda siňdirilýän komponent suwuklykdan çykyp giýär, ýagny desobsiýa geçýär. Basyşy artdyrmak we temperaturany peseltmek bilen maddalaryň Absorbssiýasyny güýçlendirmek bolýar. Senagatda köp prosessler, meselem: azot, sodanyi ýody, bromy öndürmek, howa gidýän senagat gazlaryny zyýanly galyndylardan arassalamak, uglewodorod gazlaryny saýlamak ýaly prossesler Absorbssiýa esasynda amala aşýar.