Abu Aly
Abdulhamit I. Abdulhamid (arapça: عبد الحميد اول, Abdulhamidi ewwel) Agasy Mustapa III ölüminden soñ 49 ýaşynda patyşa bolan Soltan Abulhamit I tagta geçdi. Ata-babalarynyñ gazanan topraklarynyñ içinde Krym etraplary elden gideninden soñ Tagty Osmaniýe jalis diýlip Abdulhamide ýüzlenilipdir. Soñra ýene bir Galanyñ Ruslar tarapyndan basylyp alynmagy we galadaky 25 müñe golaý musulmanyñ gylyçdan geçirilmegi, hökümdary otursa-tursa puşmanlykda goýupdyr. Şol ahmyr bilenem dünýeden ötüpdir. Taryhy Çeşmelere görä uzyn boýly, bugdaý reñk sypaty bolan Abdulhamit I gep düşündirişi örän ýumşak bolupdyr. Häsiýeti babatynda hem şeýle bolupdyr. Özüniñ hökümdarlyk lybasy bilen şäherde gezer eken. Ýetmezçilik ýa kynçylyk ýüze çykaýsa sadrazamlaryny halkyñ meselesini çözmek üçin ugradar eken. Şazada wagtlary Husni Hat ady bilen meşhur bolan Owadan ýazgylary bilen Kurany Kerimi ýazmagy, ok we ýaý ulanmaga ökde bolupdyr. Onuñ Muhammet pygamber hakynda ýazan goşgusy hem bardyr: Jenabym! Eý Allanyñ Resuly! Tut elimden! Senden başga kimim bar? Hiç kimsäde sygynmaryn! Sen bütin kaýynata hidaýat nurusyñ. Sen Jomartlygyñ syrysyñ, Eý iñ haýyrly ynamdarym.
Ony öwmek ömür boýy meniñ işim bolsun. Ony söýen Arş eýesiniñ gatynda ol meniñ ynamdarym.
Iñ gözel salawat we salamlar baky oña, Çäksiz we sansyz salamlar bile.
We şerep eýesi, jomartlyk deñizi, sahabat erbaby bütin aly we sahabyna bolsun[2]...
Abdulhamit I ylyma we senete düşünjeli garandygyna göz ýetirse bolýar. Ybraýym Muteferrika metbugatynyñ Mahmyt I döwründe ýapylmagyndan soñra Türkçe kitap neşir edýän onuñ döwründe täzeden açylypdyr. Aýratynam Medine şäherinde bir medrese gurdurypdyr, golýazma eserlerden ybarat uly kitaphana gurdurypdyr, kitaplar ugradypdyr. Köpler Osmanly patyşalary ýaly taryh kitaplary okamaga ýykgyn eder ekenler. Osmanly hökümdarlarynyñ arasynda iñ köp gowy eserleri çykaranlaryñ biri hem Abdulhamit I dir. Atasy Fatih Soltan Mehmediñ döwründe Unkapanyndaky Şebsefa Hatyn metjidiniñ gapdalynda ýerleşen Sport klubynyñ gapysyndaky gulpy aýyrdyp täzeden şüweleñ geçirmäge buýruk beren hem Abdulhamit I dir. Ol sport klupda göreş tutulýar eken. Hökümdarlyk döwründe şäherde yzygiderli ýangynlar çykar eken. 1782-nji ýylyñ Awgustynda dörän uly Stambul ýangynynda ody öçürmäge hut özi kömek edipdir[3] Abdulhamit I Sport bilen meşgullanmasa-da sport oýunlaryny gowy görendigini özüniñ kätibiniñ ýazan Ruznamasynda okasa bolýar. Baran ýerlerinde Enderunyñ hormatlanýan adamlaryny ok atma ýaryşmasyna goşýar eken. Gylyç we Naýza oýunlary tälim etdirýär eken. Jirit oýnadyp Pälwan göreşleri we jeñbaz oýunlary gurnar eken. Üstünlik gazananlary, sportçylary sylaglaýar eken. Lewent Gyşlagynda top atylyş ýaryşyny hem geçirdipdir. Topkapy Saraýynda ozanlara-sazandalara saz çaldyryp, aýdymçylara aýdym aýtdyryp gijelerine aýdym-saz şüweleñini gurdurýar eken. Kä günler agşamlyk wagtlary Garagöz (Karagöz) tansyny gurnap özi hem şatlanyp sereder eken. Onuñ edebi mirasy Topkapy saraý muzeýinde söýgi goşgulary saklanýar. Bu hatlaryñ birinde aşygyna ýalbaryp ýazan hatyna Filip Mansel ýaly keseki ýurtlaryñ taryhçylaryny haýrana goýupdyr[4] Ruhyşahym, señ Hamidiñ saña gurban bolsun. Jenaby Halyk älem mahlukatynyñ Halygydyr. Bir ýalbaranym üçin azap eýlemez. Jenabym, saña bent bolan guluñdyryn men, isle meni zarba eýle, isle meni öldür. Saña boýundyryn. Bu gije gel nyýazymdyr, billähi sebäbi illetum we belki möwtum (hassalyk belki-de ölmegime sebäp) bolsun. Aýagyñ astyna ýüzümi gözümi sürtüp ýalbarýaryn. Özümi tutup bilemok, billähil azym[5].