Open main menu

Abulapbas bin Hanuzal Merwezi

(912-913-nji ýylda aradan çykan)

Ol Yslam dininiň sopuçylyk ugrunyň wekili bolup, pygamberiň hadyslaryny gowy bilipdir. Arap dilinde goşgy ýazyp, özüniň köp sanly şygyrlaryny Mamuna bagyşlapdyr. Mamun özüniň Abbasy halyflygyny Maryda başlapdyr we bu şäherde, umuman, Horasanda özüne goldaw tapypdyr. Onuň Mamunyň Mara gelmegi mynasybetli, arap dilinde ýazan kasydasyndan bir parça:

- Eý başyny Kiçi Ýedigen ýyldyzlaryna ýetiren, Pähim-paýhas sahawatyny dünýä ýaýradan, Halyflyga laýyksyňyz, Siz, göze göreç kimin, Gözleriň ýüze gerekligi kimin, Siz hem Perwerdigäriň dinine gereksiňiz.