Abylhaýyr han (gazak)
Abylhaýyr han (1693-1748) - gazaklaryň Kiçi jüzüniň hany. Ol 18. asyryň 20 ýyllarynda jungarlara garşy göreşde ähli gazaklaryň opolçeniýesiniň başynda durupdyr. 1731 ýylda ol Kiçi jüzüň aksakgallary, begleri, soltanlary we Orta jüzüň käbir soltanlary bilen birlikde Russiýanyň raýatlygyna geçmeklik barada kasam edipdir. Munuň özi Gazagystanyň Russiýa meýletin birikmekliginiň başlangyjy bolupdyr.