Afrika ýurtlary orta asyrlarda
Adam esasan Afrikada dörän bolsa, Nil derýasynyň jülgesinde gadymy ýaşaýşyň mekanlary ýüze çyksa-da şu dünýä bölegi beýlekilerden ösüş derejesi boýunça yza galdy. Näme üçin şeýle boldyka ? – diýen sowal ýüze çykýar.
Köp ýyllaryň dowamynda alymlar onuň şeýle bolmagynyň sebäbini gözläpdirler. Dürli garaýyşlar peýda bolupdyr. Olaryň yza galmagynyň sebäbi bu ýerde ezişiň güýçli bolmagy bilen düşündirilýär. Şeýle hem bu ýerde howa yssy bolmagy, tokaýlarda agyr keselleriň ýüze çykmagy ( lgyzdyrma, uky keseli, dürli maýda möjekleriň çokmagy), ýeriniň ekarançylyk üçin amatsyz bolmagy, ýeri bejermegiň pes usullary, dökün ulanylmazlygy we ş.m. Ilatyň gür ýerleşmezligi dünýä bölegi aýry özbaşdak ýerleşmegi, dil we týpa bölünişikleri, dini şahslaryň güýji üstesine önüm öndürmeýän ilat toparynyň agdyklyk etmegi, ýygnaýjylyk we aw awlamak bilen meşgullanmaklary, artyk önümi öndürmeklige islegiň güýçli bolmazlygy içki söwdanyň ösmändigi.
Afrikanyň yza galmaklygynda biz bir adamyny ýa-da bir hadysany günäkärlemeli däldiris. Diýmek, tebigy klimat şertleri, tropiki tokaýlary, sawannalary, ýokary derejedäki ölümiň ölüm howply keselleriň bolmagy dowam edipdir. Emma adamlar soňabaka oňa-da öwrenişipdirler. Sebäbi uky keselinden, gyzdyrmadan, dürli-dürli mör-möjekleriň çokmagyndan ölýänler köp bolupdyr. Ilat ilki başda gür ýaşamandyr. Kontingent daşky dünýäden çetleşdirilen bolup ilat ýygnaýjylyk, aw awlamak, ekerançylyk, maldarçylyk bilen meşgullanypdyrlar. Önüm artykmaçlygy bolmandyr. 2-den yza galanlygyň bir sebäbi olaryň gelip çykyşyna bagly bolman, medeni derejesinede baglydy. Ýöne olar şol ýerde ýaşajak bolup hemme zada döz gelen bolsalarda, medeni durmuşyna täsiri ýetirpdir. Olar ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi başarmandyrlar, täze zähmet tejribeleri bolmandyr.
3-den köp etniki jemgyýetler çetleşdirilen bolup b.e. I müň ýyllyklaryna çenli daşky dünýäden çetde bolupdyrlar.
Ýewropalylaryň baknalyk çozuşlarynyň netijesinde Afrika uly zyýan ýetirpdir. Ýöne Afrika oba hojalyk ekinleri bolman mekgejöwen, hoz getirilip ekilýär. Köp halklar göçüp geldi.
Kanunalaýyk zat Afrikany ekwatorda ýerleşmegi tropiki tokaýlar, adamlaryň ýaşamagy üçin amatly ýerler iň köp bolmagyna getiripdirler. Araplar bu ýere tüwini getirip ekipdirler, bugdaý artykmaçlygy peýda bolup başlapdyr. Tropiki Afrikanyň taryhy tokaýlyk ýerleri Saharanyň günortasy we Sudan göçüp gonup ýörän halklaryň taryhy bilen bagly bolupdyr. Ortaýer deňzi, Arabystan we Hindistan gury ýer bilen söwdasynyň esasynda Afrika döwletleri bolup, Nubiýa we Efiopiýa döwletleri döräpdir.
Ýöne olar tropiki Afrikanyň taryhynda Meroe deňziniň işlenip başlanan ýeri diýip hasap edilýär. Onuň bütin dünýä ýäýran ýeride şu ýer bolmaly.
Gündogar Sudanda döwleti günbatar Sudana seredende giç ýüze çykypdyr. Sudanda altyn kän bolupdyr. Şol ýerden Saharanyň üsti bilen söwda kerwenleri geçipdirler. B.e. I müňýyllygynda Afrika Araplar aralaşyp musulman söwdagärleri gelip ýuwaş-ýuwaşdan şu ýerlere aralaşypdyrlar.