Afrikada baknalyk düzgüniniň çykmagy

Afrikada baknalyk düzgüniniň çykmagy

MEÝILNAMA

1. Gananyň özbaşdaklyk gazanmagy. Onuň beýleki iňlis baknalygyna täsiri.

2. Gwineýanyň özbaşdaklyk gazanmagy.

3. Afrikanyň tebigaty, ilaty we ykdysady ösüşiniň umumy häsiýetnamasy

Afrika ilatynyň sany sany boýunça dünýä ilatynyň 10/1 bölegini tutýar. Territoriýasy 30,3 mln km2. Gury ýeriň 5/1% tutýar. Afrika Ýewropadan 14 km Gibraltar bogazy arkaly bölünýär. 1859-60 ýyllarda Suls kanaly gurulmazdan öň Aziýa bilen gury ýer arkaly birleşýärdi. Afrikanyň çägi Tunisden GAR-a çenli 8000 km, Senegoldan Somala çenli 7,5 müň km uzalyp gidýär. Afrikanyň esasy çägi ekwatorial giňişlikde ýerleşip, gün şöhlesiniň iň köp düşýän yssy klimatly ýeridir. Çäginiň birnäçe bölegi ekwatordan uzakda ýerleşip, gurak klimatly ýerdir. Onuň demirgazygynda 8 mln km2 çägi tutýan Sahara çöli ýerleşýär. Afrikanyň çäginiň 5/1 böegi daglyk ýerdir. Afrika şertli günbatar, gündogar, günorta, demirgazyk, merkezi we ekwatorial diýip bölünýär. Madakaskar adasy aýry aýdylýar. Afrikanyň ilaty soňky wagt çalt köpelip başlady. Öň haýal ösýärdi. Meselem: b.e.sepgidinde Afrikanyň ilaty bary-ýogy 16 mln adamdy.

XVII asyrda 55 mln ýetdi. XIX asyryň başlarynda 70 mln 1860 ýylda 275 mln ýetýär. Afrikanyň ilatynyň şeýle azalmagyna getiren sebäpleriň biride gulsöwdasydyr. Amerikan alymy Dýuganyň hasaplamagyna görä gul söwdasy wagty 100 mln adam öldürilýär, şondan köprägi hem alynyp gidilýär. Başgaça Afrika “Garaýagyzlaryň awlanylýan goragnasy” diýip at berilýär. Afrikanyň ilaty XX asyrda çalt köplese-de, işjeň demografiki syýasat diňe iki ýurtda alynyp barylýar. Ýagny Müsür bilen Tunis Afrikada ilatynyň sany 100 mlndan geçýän ýeke-täk ýurt Nigeriýa. Iki ýurtda 50 mln geçýär. Müsür bilen Etiopiýa GAR-da 40 mln. On döwletde 1mln gowrak ilat bar. ilatyň ortaça ýaş uzaklygy boýunça Afrika iň yzky orunlardadyr. Muňa esasan yssy, gurakçylyk, ýokanç keselleriň giň ýaýramagy, saglygy saklaýşyň gowşak bolmagy täsir edýär. häzirki wagtda ösen ýurtlarda ortaça ýaşyň uzynlygy 70 ýaşdan ýokary bolsa, Afrikada 50-55 ýaş. Muňa seretmezden ilatyň ortaça ýaş uzynlygy ýyl-ýyldan artýar. Meselem 1950-1955 ýyllarda ortaça ýaş 37,8, 1970-1975 ýyllarda 45,7 ýaş bolan bolsa, 1980-1985 ýyllarda 50 ýaşa ýetdi. Ilatyň esasy böegi oba hojalygy bilen meşgullanýar. Ýagny 65,5% oba hojalyk 34,5% bolsahojalygyň beýleki pudaklarynda zähmet çekýär.

Afrikanyň ilaty dili boýunça 5 dil toparyna bölünip, olaryň iň irisi nigero-kartogen dil toparydyr. Onda ilatyň 55,3% gepleýär. Ikinji dil toparyna afroaziýa dil maşgalasy bolup, ilatyň 34,8% gepleýär.

Dini boýunça esasan üç din giň ýaýrandyr.

1. Ýerli afrikan tradision dinler. Bu dinler Afrikanyň günbatarynda we merkezinde giň ýaýrandyr.

2. Yslam dini ýurduň demirgazygynda we günorta – gündogarynda giň ýaýrandyr.

3. Hristiançylyk – Etiopiýada we günorta Afrikada giň ýaýrap, ilatyň köp uýýany yslamdyr. Oňa ilatyň 2/1 bölegi uýýar, 5/1 bölegi hristiançylyga, 3/1 ýerli afrika dinlerine uýýarlar. Yslam Afrikada çalt ösýän dindir. Beýleki dinlerden yslama geçmek güýçlenýär.

Afrikada ýiti meseleleriň biri ýerleriň çölleşmek meselesidir. Ýýlda 20000 ga ýer çöllüge öwrülýär. Bu esasan baknadarlyk döwründe baknadarlaryň tebigata birtaraplaýyn çemeleşmegi netijesinde şeýle bolýar. Umuman Afrikanyň ilaty Aziýadan ýarym asyr soň syýasy taýdan oýandy. Aziýanyň birnäçe ýurtlary XX asyryň başynda syýasy taýdan oýanyp, özbaşdaklygyny alan bolsa, Afrika ikinji jahan urşundan soň syýasy taýdan oýandy.

Gana –resmi ady Gana respublikasy, ol Afrikanyň günbatarynda ýerleşip, 238305 km2 meýdany tutýar. Paýtagty Akkra Gana 10 welaýata bölünýär. Ilaty 19 mln 300 müň adam. Döwlet dili – iňlis dili, pul birligi – sedi. Döwlet gurluşy respublika, baştutany-perzident. Gana ösen dag-magdan senagaty bolan,agrar ýurtdur. BMG-nyň agzasy.

Häzirki Gananyň etniki toparlary yzygiderli migrasiýanyň netijesinde döredi. Olaryň käbiri (akanlar) demirgazykdan geldiler, beýlekileri (we,ga) gündogardan geldiler. XV asyrda akanlar ýerli ilaty gysyp çykaryp kenarýakalaryny özleri eýelediler. Akanlaryň irkidörän döwlet birleşmeleri söwda edipdirler we biri-biri bilen uruşlar alyp barypdyrlar. XVII asyrda aşantiler öz paýtagty Kumasiden ýöriş edip, döwlet bileleşikleriniň ählisini özüne tabyn edýär.

XV asyryň ahyrynda Gana gelen ilkinji ýewroopalylar portugallar bolup, olar bu ýerde galalar salypdyrlar.

Portugallar bu ýerden altyn, gul alyp gidipdirler. Altyn kenar – diýen at hem şundan galypdyr. Altyn kenaryň baýlyklary beýleki Ýewropa ýurtlaryny hem gyzyklandyrypdyr. Niderlandiýa, Şwesiýa, Daniýa, Russiýa, Beýik Britaniýa bu ýerden palma ýagy, pil çünki, maýmyn derisi ýaly zatlary demir gurallar bilen alyş-çalyş edipdirler. Iň köp girdeji gul söwdasyndan gelip, 1770-nji ýylda 6000, 1783-nji ýylda 10000 gul satylypdyr. XVII asyrda Altyn kenar ugrundaky bäsleşikde Beýik Britaniýa üstün çykýar. XIX asyrda kenar ýakasynda ornaşan iňlisler bilen içerki etraplarda agalyk edýän aşantileriň arasynda uruşlaryň bolmagyna getirdi. 1901-nji ýylda Aşantiniň çägi hem baknalyga öwrüldi.

1919-njy ýylda Angliýa Milletler ligasyndan ol ýere ygtyýarnama aldy. I-jahan urşundan soň Altyn kenaryň ilaty baknadarlyga garşy göreşdi. Ol göreşiň bir görnüşi baknadarlar bilen hyzmatdaşlyk çaklaýan ýerli serdarlara garşy göreşdi. Ikinji görnüşi daşary ýurtly telekeçilere garşy göreşdi. Ýagny olara kakao satmagy gadagan edýärdiler. 1874-nji ýýlda iňlis gubernatorynyň ýanynda döredilen Kanun çykaryjy maslahatda birinji jahan urşunyň ahyrynda bary-ýogy 6 sany atrihaly bardy. 1917-1919-njy ýyllarda Kanunçykaryjy maslahata birnäçe teklipler edýärler. Emma gubernator ol teklipleri kabul etmeýär. Netijede kanunçykaryjy maslahatda özgertmeler geçirmek ugrunda hereket başlanýar.

1920-nji ýylda Gubernator Atrihanadaky baknadarlyga garşy güýçleri birleşdirmek maksady bilen Altyn kenaryň, Nigeriýanyň, Gambiniň, Serra-leonyň gatnaşmagynda maslahat çagyrylyp, Günbatar Afrikanyň Milli kongresi döredilýär. Bu guramanyň maksatnamasynda iňlis gubernatorynyň häkimiýetiniň çaklanmagynda afrikan ilatynyň syýasy hukuklarynyň giňeldilmegini talap edilýär. Emma şeýle talap diňe bir iňlis hökümeti tarapyndan däl, eýsem ýerli iri ýer eýeleriniň hem garşylygyna getiripdir. Iňlis ministri atrihalylar entek ýurduň dolandyryşyna gatnaşmaga taýýar däl diýip çykyş edýär. Hat-da ýerli feodallaryň käbiri Kanun çykaryjy maslahatyň saýlawly düzülmegine garşy garşylyk görkezmäge ähli iri ýer eýelerini çagyrypdyr. Muňa seretmezden 1925-nji ýýlda iňlis hökümeti käbir eglişikler etmäge mejbur bolýar.

Şol ýylda täze konstitusiýa girizilip, kenar ýakasyndaky iri üç şäherden (Akkra, Keýp Koast, Sekondi) hersinden bir wekil Kanunçykaryjy maslahata saýlanmaga hukuk alýar.

20 ýyllaryň esasy wakalarynyň biride Açitoma şäherinde kollejiň açylmagydyr. Gana respublikasynyň ilkinji prezidenti Kwama Nkruma hem şu kollejde terbiýelenýär.

1929-1933-nji ýyllaryň çökgünliligi Altyn Kenaryň ykdysadyýetine agyr täsir edýär. baknadar hökümet täze salgytlary girizmäge synanyşýar. Emma bu düýpli garşylyga duçar bolýar. Akkra şäheriniň wekili Kanun çykaryjy maslahatda çykyş etmek bilen, gubernatoryň öňünde şeýle sorag goýýar: “Hökümet kanun çykaryjy maslahatda wekilleri artdyrmaga we ýurduň maliýe ýagdaýyny halkyň gözegçiligine bermäge taýýarmy?”. Şeýlelikde häkimiýetiň halka berilmegitalap edilýär. Emma iňlis hökümeti ony ret edýär.

iki jahan urşy aralygynda Altyn kenarda halk köpçüliginiň göreşine ýolbaşçylyk eder ýaly syýasy partiýa ýokdy.

Altyn kenar ikinji jahan urşy döwründe Angliýanyň tarapynda urşa çekildi. 70 müňden gowrak adam iňlis goşunynda uruş hereketlerine gatnaşyp, Etiopiýanyň, Birneony azat etmäge gatnaşdylar. Uruş bahanasy bilen salgytlar girizildi, kakao, palma önümleri, kauçuk, beýleki çig malyň daşary ýurda çykarylyşy artdy.

Uruş ýyllarynda Kanunçykaryjy maslahatyň afrikan wekilleri iňlis hökümetinden uruşdan soň Altyn kenarda nähili syýasatyň ýörediljekdigini, demokratik konstitusiýanyň girizilmegini, dolandyryjy toparyň atrihanlaşdyrylmagyny talap edýärler. 1943-nji ýylda konstitusiýanyň taslamasy iňlis ministrine berilende, bu taslama ret edilýär.

Altyn kenaryň garaşsyzlygy ugrunda işjeň göreşijileriň biri Kwamo Nkrumadyr. Ol özüniň “Baknalyk ýurtlaryň işçilerine, daýhanlaryna, intellegensiýasyna ýüzlenmesinde” baknadarlyga garşy köpçülikleýin göreşe çagyrdy.

1946-njy ýylda iňlis baknadar hökümeti täze konstitusiýany girizmäge mejbur bolýar. Täze kanuna laýyklykda Kanun çykaryjy maslahatyň 30 agzasynyň 12-si gubernator tarapyndan iňlislerden bellenilipdir, 18-si bolsa çylşyrymly ýol bilen saýlanypdyr. Bu hem närazylygy çüýçlendirýär. Halk çykyşlarynda baknadarlyk düzgüniniň üýtgedilmegine däl-de, eýsem ýok edilmegini talap edipdirler.

1947-nji ýylda “Altyn kenaryň birleşen konwenti” diýen syýasy gurama döredilip, ol mümkin bolan gysga wagtda garaşsyzlygyň berilmegini talap edipdir. 1949-njy ýylda Altyn kenaryň tarapynda ilkinji gezek syýasy partiýa bolan Halk partiýa döredilip K.Nkruma ýolbaşçylyk edipdir. Bu partiýa diňe garaşsyzlygy däl, milli ezişiň ähli görnüşleriniň, baknadarlygyň ýok edilmegini talap edýär.

1949-njy ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 8-de ähliumumy gozgalaň başlanýar. Iňlis goşuny tarapyndan basylyp ýatyrylýar. K.Nkrama tussag edilýär. 1951-nji ýylda birnäçe düzedişler girizilip esasy kanun kabul edilýär. 1951-nji ýylda Kanun çykaryjy maslahata saýlawlar geçirilip, oňa ähli partiýalaryň gatnaşmaga hukuk berilýär. Saýlawda Halk partiýa ýeňiş gazanýar. Iňlis hökümeti K.Nkrumany azat etmäge mejbur bolýar we onuň ýolbaşçylygynda hökümet düzülýär. Bu uly ýeňişdi. Taryhda ilkinji gezek ýerli atrihaklardan hökümet ýolbaşçysy saýlanýar. Emma bu hökümet iňlis gubernatoryna hasabat bermelidi.

K.Nkruma doly garaşsyzlygy talap edýär. 1953-nji ýylda K.Nkrumanyň teklibi boýunça Kanunçykaryjy maslahat iňlis parlamentinden Altyn Kenaryň özygtyýarlynyň jar edilmegini talap edýär. Halk köpçüligi bu çözgüdi goldaýar. Emma iňlis baknadarlary bilen ylalaşyjy syýasat alyp barýan toparlar oňa garşy çykypdyrlar. Hat-da ýurdy böleklere bölmek howpuny hem döredipdirler. 1956-njy ýylyň saýlawlarynda ýene Halk partiýa ýeňiş gazanypdyr.

Iňlis hökümeti Togonyň günbatar bölegini Altyn kenara birleşdirmek bilen Gana ady bilen özbaşdak bermäge mejbur bolýar. Netijede 1957-nji ýylyň Nowruz aýynyň 6-da Gananyň garaşsyzlygy jar edilýär. Ýurduň taryhynda täze döwür başlanýar. Milli ykdysadyýeti, medeniýeti ösdürmäge başlanylýar. Halkara we syýasy ýagdaýýny pugtalandyrmakda aýgytly ädim ätdi. Angliýa tarapyndan boýnuna dakylan 1957-nji ýylyň esasy kanunyna laýyklykda Ganada monarhiýa düzgüni çaklanýardy. Kanuna laýyklykda ýurduň baştutany iňlis karoly onuň Ganadaky wekili iňlis general gubernatorydy.

1960-njy ýýlda Gana respublika diýip jar edilýär. K.Nkruma onuň prezidenti bolýar. Gana Britan milletler arkalaşygynyň düzüminde galdy. Emma respublikan düzgüniň girizilmegi dominonlyk derejesiniň tamamlanýandygyny aňladýar. Iňlis gubernatory ýurdy taşlap gidýär. 1961-nji ýylda ýurduň harby güýçlerine ýolbaşçylyk iňlisleriň elinden alynýar. K.Nkruma baş Serkerdebaşy boldy. Şol ýyl ýurtda ilkinji uniwersitet açylyp, milli kadrlar taýýarlanyp başlaýar.

Gana daşary syýasatda bitaraplygy saklady. Birnäçe döwletler bilen ilçi gatnaşyklary ýola goýdy. 1963-nji ýylda atrikan döwletleriniň Addis-Abeba maslahatynda Afrikan birligi guramasy döredilýär. Baknadarlygy ýok etmek ugrunda afrika halklaryny göreşe çagyrmak maksady bilen Gana Afrikanyň garaşsyz döwletleriniň (IV.1958ý) we Afrika halklarynyň (XII.1958ý) maslahatlaryny çagyrdy. Muňa jogap edip ABŞ, Angliýa Ganada syýasy dildüwşük gurady. 1966-njy ýylyň Baýdak aýynyň 24-de K.Nkruma hökümetden çetleşdirilýär. Onuň ýerine hökümete Milli azat ediş maslahatyny döreden polisiýa we goşun serkerdeleri gelýär.

1972-nji ýýlda Türkmenbaşy aýynyň 13-de serkerdeler topary döwlet agdarlyşygyny gurady. 1979-njy ýylyň Oguz aýýnda harby howa güýçleriniň leýtenanty Jerri Rolingsiň ýolbaşçylygynda döwlet agdarylyşygy geçirilip, hökümet düzülýär. Şol ýylyň Ruhnama aýýnda raýat hökümeti düzülip Hilly Zimanka geldi.

1981-nji ýýlyň Bitaraplyk aýynda ýene-de Rolings hökümete geldi. 1982-1983-nji ýyllarda gurakçylyk bolup, azyk önümleri az öndürildi.

1992-1996-njy ýyllaryň saýlawlary boýunça ýene prezidentlige ýene Jerri Rolings geçýär.

Gwineýa respublikasy –Paýtagty Kanakri çägi 245857 km2 ilaty 7 mln 600 müň adam. Döwlet dili – fransuz dili. Pul birligi- gwineýa franky. Dini musulmançylyk – 854. döwlet gurluşy – respublika, baştutany prezident 8 welaýata bölünýär.

X-XI asyrda Gwineýanyň köp bölegi Altyn kenaryň düzümine girýärdi. XII asyrda Gana imperiýasy dargady. XIII asyrda onuň ornuna malinha halklary tarapyndan döredilen Mali imperiýasy döredi. Bu ýerde yslam dini giň ýaýrady. XVI asyra çenli Mali öz kuwwatyny çaklady. XVII asyrda fulbe döwleti döredi. XIX asyryň ortalarynda fransuzlar bilen fulba serdarlarynyň arasynda göreş başlandy. 1895-nji ýylda Gwineýa Fransuz, Günbatar Afrikasynyň düzümine girizildi. 1904-nji ýylda onuň serhedi dikeldildi. Ol 8 welaýatdan ybarat boldy: Sendan, Mawritaniýa, Gwineýa, Pil çünki kenarlary, Nigera, Dogomeý, Ýokary Wolta.

Birinji jahan urşy döwri Fransuz GünbatarAfrikasy Fransiýanyň azyk üpjün edijisi boldy. Iki jahan urşy aralygynda FGA-sy fransuzlar tarapyndan talanyldy, halky arzan işçi güýji hökmünde talanyldy.

1940-njy ýylyň Gorkut aýynda Fransiýanyň Germaniýa tarapyndan eýelenmegi bilen FGA-sy Wişileriň eline geçdi. Germaniýa bu ýerden pagta, kauçuk we kakao alyp gidýär.

1943-1945-nji ýyllarda FGA-sy iňlis amerikan gözegçiligi astyna düşdi. Ikinji jahan urşundan soň FGA-da milli azat edijilik hereket has-da güýçlenýär. 1946-njy ýylyň Garaşsyzlyk aýynda afrikaly wekilleriň maslahaty boldy.

Onda afrikan halkynyň agyr ýagdaýý baradaky mesele ilkinji gezek seredildi. Maslahatda Afrikanyň demokratik bileleşigi atly guramaçy döredi. Ol baknadarlyga garşy göreşýärdi. Bu gurama 1949-1950-nji ýyllarda fransuzlar tarapyndan yzarlanyp, öz işini üýtgetdi. 1957-nji ýylda “Afrikanyň garaşsyzlyk partiýasy” atly gurama döräp, ol diňe Gwineýa däl bütin Afrika özbaşdaklyk berilmegini talap edýär.

1958-nji ýylda Fransiýanyň ähli koloniýalarynda garaşsyzlyk ugrunda çykyşlar başlanýar. 1958-nji ýylyň Fransiýanyň 13 baknalygynda geňeş geçirilýär. Ilatyň garamagyna bir mesele goýulýar. Ol hem ýurduň özbaşdaklygyna ýa-da indiki dörediljek fransuz hyzmatdaşlygy atly birnäçe ýurdy özüne birleşdirýän Fransiýanyň ýolbaşçylygyndaky döwletleriň soýuzyna ses bermelidi. Fransiýa eger haýsy ýurduň halky özbaşdaklyga ses berse, onuň bilen hiç-hili gatnaşyk etmejekdigini aýdyp görkezýär. 1958-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 28-de ähli fransuz 13 baknasynda geňeş geçirilýär. Onda diňe Gwineýanyň halky Senu Tureniň ýolbaşçylygynda özbaşdaklyga ses berýär.

1958-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 20-de özbaşdaklygyny jar edýär. ilkinji prezidenti Seku Turen bolýar. Fransiýa beýleki 12 ýurduň hyzmatdaşlykda galanyna begenip, Gwineýany pes derejä getirmek üçin ähli fransuzlara Gwineýadan tiz çykmaga çagyrýar. Fransuzlar ähli döwlet arhiw dokumentlerini stanoklaryň işleýşi baradaky çyzgylary hem alyp gaýdýarlar. Gwineýa garşy ykdysady gabaw guraýar. Emma Gwineýanyň bu kyn döwri uzaga çekmedi. Ony SSSR goldady. Gwineýa beýleki Afrika baknalaryna görelde boldy.1960-njy ýylda Gwineýa birnäçe Günbatar döwletler bilen gatnaşygy ýola goýdy.

1965-nji ýýlda Fransiýa bilen ilçi gatnaşyklaryny ýola goýdy we ony döwlet agdarylyşygyna synanşykda aýyplady. 1977-nji ýylyň Alp Arslan aýynda Gwineýanyň şäherlerinde bidüzgünçilikler bolýar. Welaýat ýolbaşçylarynyň birnäçesi öldürilýär. 1976-njy ýylda Fransiýa bilen diplomatik gatnaşyklar dikeldildi.

1984-nji ýýlda Gurbansoltan aýynda polkownik Lansano Konteniň ýolbaşçylygynda harby gullukçylaryň topary gandöküşiksiz agdarlyşyk etdi.

1991-nji ýýlda täze konstitusiýa kabul edildi. 1993-nji ýylda ýurduň taryhynda ilkinji gezek köppartiýalylyk saýlaw boldy.

Lansano Konte prezident saýlanyldy. 1995-nji ýylyň saýlawynda ýene-de L/Konteniň “Birlik we ösüş” partiýasy ýeňiş gazanýar. 1996-njy ýylda Konte prezident tarapyndan bellenilýän premýer – ministr wezipesini girizdi.

1956-njy ýylda Sudan, Morokko, Tunis garaşsyzlygyny aldy. Indi Afrikada baknalyk düzgünini saklamak mümkin däldi. 1960-njy ýylda 17 döwlet garaşsyzlygyny alyp, taryha “Afrika ýyly” diýip girdi. Gysga wagtda Afrikanyň 50-ä golaý döwleti özbaşdak boldy. 1974-nji ýylda Angola, Mozambik, 1990-njy ýýlda Nambiýa döwletleri milli azatlygyny gazandylar.