Agahan Durdyýew
Ömri
düzetTürkmen sowet edebiýatynda uly yz galdyran Agahan Durdyýew Tejen etrabynyň Ikinji Babadaýhan obasynda 1904-nji ýylda eneden bolýar. Olaryň maşgalasy garyp ýagdaýda güzeranyny zordan dolandyrypdyr. Ol bary-ýogy iki ýaşyna ýetende ata-enesinden mahrum bolýar. Agahana agasydyr, aýal dogany seretmeli bolýar. Şeýlelikde Agahan ýaşlykda zähmete bişişen ýigit bolup ýetişýär. Ol 11-12 ýaşlarynda obada molla gatnaýar, emma ol molla oňa känbir sapak bermeýär. Soňra Oktýabr sosialistik rewolyusiýasy ýeňip üstün çykandan soň, ýerlerde sowet mekdepleri açylýar. Agahan ilkinji gezek sowet mekdebinde okaýar. Soňra 1922-nji ýylda Maryda täze açylan pedtehnikumda okaýar. Ondan soň bolsa Daşkentdäki Orta Aziýa kommunistik uniwersitetine okuwa girýär. Ol şol ýeriniň žurnalistika bölümini tamamlap, Aşgabada gelýär we “Ýaş Kommunist” gazetinde hem “Tokmak” žurnalynda işläp başlaýar. 1942-nji ýylda Agahanyň saglyk ýagdaýy ýaramazlaşýar. Ol 1947-nji ýylda aradan çykýar.
Eserleri
düzet- Bal tutan barmagyny ýalar
- Bürgüt penjesinde bir gözel
- Bagtly gyzlar
- Meret
- Bally Molla
- Watana söýgi
- Bagtly ýigit
Bagtly ýigit